Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Bakuda geçen taryhy Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça Halkara maslahatynda sözlän sözi - 1998-nji ýylyň 8-nji sentýabyry

Hormatly döwlet we wekiliýet baştutanlary!

Hanymlar we jenaplar!

Gatnaw we aragatnaşyk ýollary adamzat siwilizasiýasynyň taryhynda, ýaşaýyşyň syýasat, ykdysadiýet we medeniyet ýaly ähli ugurlaryna täsirini ýetirip, el mydama uly ähmiýete eýe bolupdy. Onuň aýdyň mysallarynyň we nyşanlarynyň biri bolsa, ençeme ýurtlaryň we halklaryň müňýyllyk taryhyny, Hytaýyň gadymy medeniýetini, ýewropalylaryň beýik geografik açyşlaryny, orta asyrlardaky musulman Renessansy şeýle hem başga-da köp zatlary özüne siňdiren global we ajaýyp hadysa bolan Beýik ýüpek ýoludyr.

Azerbayjan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly köprüniň wezipesini ýerine ýetirip, gadymdan Beýik ýüpek ýolunyň ähmiýetli bölegi bolupdy. Kawkazyň ýurtlary, şeýle hem Hazar we Gara deňizleriň basseýnlerinde ýerleşýän ýurtlar ösen söwdanyň, medeni taýdan özara baýlaşmaklygyň we özge dine bolan çydamlylygyň zolagy bolup, Beýik ýüpek ýolunyň özboluşly bölekleriniň biri bolup durýardylar.

Beýik ýüpek ýolu adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup, ýokary göteriliş we peselme döwürleri başdan geçirýär. Uruşlaryň, ideologik we geopolitik çaknyşyklaryň we bölüji çäkleriň eýamynyň başlanmagy bilen, ol owadan rowaýata öwrülip, biziň durmuşymyzdan ýitip gidýär.

Emma “sowuk uruş” tamamlanandan soň, halklar garaşsyzlygyny gazanyp, umumy adamzat gymmatlyklary, demokratik kadalary we integrasiýa babatdaky ýagdaýlar dünýä syýasatynda agdyklyk edip başlan soň, Beýik ýüpek ýolybaradaky pikir taryhyň hut öz gidişiniň netijesinde zerur mesele bolýar.

1993-nji ýylyň maý aýynda Brýussel şäherinde milli hem döwletara gatnaw we söwda komunikasiýalarynyň ösdürmekliginiň baş ýörelgesini ara alyp, maslahatlaşmaga bagyşlanyp geçirilen Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ýörite duşuşygynyň zerurdygyny duýup, onuň başyny başlaýjysy bolupçykyş eden Ýewropa Bileleşigiň geljegi nazarda tutýan kararyna laýyk baha bermelidiris.

Şol duşuşykda Ýewropa – Kawkaz – Aziýa (TRASEKA) gatnaw geçelgesi boýunça döredilen  maksatnama Ýewraziýa giňişliginde amala aşyrylan iň täsirli we ykdysady taýdan netijeli taslamalaryň biri boldy.

Maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň we Ýewropa Bileleşigiň iş toparynyň işjeň goldawynyň netijesinde geçen bäş ýylyň içinde kommunikasion desgalary gurma we modernizirleme, talaba laýyk kanunlary we düzgünleri işläp düzme, kadrlary taýýarlama, şeýle hem gümrük we tarif syýasatlaryny kämilleşdirme boýunça işleriň uly möçberi amala aşyryldy.

1996-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Saragt şäherinde Azerbaýjan, Gruziýa, Türkmenistan we Özbegistanyň, soňra olara goşulan başga-da ýurtlaryň arasynda tranzit ýük daşamany ýola goýma baradaky Şertnama gol çekme şol maksatnamany ösdürmekde möhüm waka boldy. Bu Şertnamanyň netijesinde tarifler elli göterim peseldildi, gümrük düzgünleri ýeňilleşdirildi, ýük daşamanyňhowpsuzlygy we abatlygy üpjün edildi.Bularyň netijesinde transkawkaz geçelgesi arkaly amala aşyrylýan Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky haryt çalyşygynyň mukdary soňky ýyllaryň içinde takmynan on esse köpeldi.

TRASEKA maksatnamasynyň üstünlikli iş ýüzüne geçirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň has ýokarky derejesi bolan maslahatymyzda oňa bagyşlanyp geçirilýän Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça maksatnamanyň kabul edilmegine esas boldy.

TRASEKA-nyň iş topary tarapyndan taýýarlanan “Ýewropa – Kawkaz – Aziýa geçelgesini ösdürmek boýunça halkara ýük daşama baradaky esasy köptaraply şertnama”, onuň tehniki goşmaçalary we Bakuda kabul edilen deklarasiýa, bularyň ählisi ykdysady, syýasy we taryhy ähmiýete eýedir.

Olaryň kabul edilmegi söwdany ösdürmäge, tebigy baýlyklary özleşdirmäge we daşamaga şeýle hem Ýewropa, Gara deňizi, Kawkaz, Hazar deňizi we Aziýa ýaly sebitlerde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam berer.

Taryhy Beýik ýüpek ýolunyň dikeldilip, oňa täze ýurtlaryň we sebitleriň çekilmegi biziň halklarymyzyň ýakynlaşyp, özara baylaşmagyna, garaşsyz döwletlerimiziň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny berkidip, olarda demokratik we bazar özgertmeleriň amala aşyrylmagyna güýçli itergi bolar, şeýle hem biziň hemmämize parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam berer.

Beýik ýüpek ýoly geçmişden başlap gaýdýar, emma ol gelejege alyp barýan ýoldur. Eger-de biz ondan bilelikde, hyzmatdaşlyk gurap, birek-biregi sylap we goldap ýöresek, bu ýol biziň halklarymyzyň eşretli durmuşda gülläp ösmegine getirer.

Üns berenligiňiz üçin minnetdarlygymy bildirýärin.