Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Bi-Bi-Si radiosynyň habarçysyna beren interwýusy - 1999-njy ýylyň 20-nji maýy

Sorag: Jenap Prezident, meniň gutlagymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Özem goşa gutlagy. Sebäbi, Siz ykbalyň täze synagyndan üstünlikli geçdiňiz. Ikinjisi bolsa, Size Türkiýede Mustafa Kemal Atatürk adyndaky Halkara dünýä sylagy garaşýar. Siz haçan bu sylagy kabul edip bilerisiňiz?

Jogap: Sag bolyň. Gutlagyňyz üçin minnetdar.

Men Türkiýe döwletine şu gün ugraýaryn. Türk maksatnamasyna görä, olarda kabul edilen kanuna laýyklykda, Mustafa Kemal Atatürk adyndaky Halkara dünýä sylagy 19-njy maýda gowşurylýar, sebäbi, 19-njy maý – Mustafa Kemal Atatürküň Samsundan eden ýörüşiniň güni, göreşiň başlan güni. Ol baýramdyr. Emma men şol güne ýetişmedim. Ähtimal, belli bir gün bellenip, sylag maňa gowşurylar. Esasy zat – sylaga mynasyp bolmakdyr, emma onyň haçan alynjakdygy beýle bir möhüm däl.

Sorag: Jenap Prezident, Amerikada Siz Robert Koçarýan bilen duşuşdyňyz. Ol duşuşykdan soň, Ermenistanyň prezidenti biziň Waşingtondaky habarçymyza şol duşuşykdan soň Prezident Geýdar Aliýewa has gowy düşünýänligi sebäpli ol duşuşyklaryň, umuman, netijeli geçendikleri barada habar berdi. Siz ol duşuşykdan nähili netije çykardyňyz?

Jogap: Men hem bu duşuşygyň möhüm we netijelidigini tassyklaýaryn. Men hem şol pikiriň tarapdary.

1994-nji ýylda men Robert Koçarýan bilen birnäçe gezek duşuşdym, onuň Ermenistanyň prezidentligine saýlanmagyndan soň hem biziň Moskwada iki duşuşygymyz boldy. Emma Waşingtondaky duşuşyk has netijeli boldy. Ähtimal, onuň meni has oňat tananlygy üçin men hem ony has gowy tanadym. Ýagny, meniň tanamaklyga mümkinçiligim bar, bu ýagdaý bolsa, biziň gepleşiklerde belli bir derejede öňe ýörejekdigimize umyt döredýär.

Sorag: Jenap Prezident, Siziň Bakudan gitmegiňizden soň Azerbaýjandaky häkimiýet babatynda belli bir derejede boşluk duýulýar. Ýagny, Siz ýurduň çäginiň daşynda bolmagyňyza hem garamazdan, elbetde, hemme meselelere garaýandygyňyza men doly ynanýaryn, emma biziň diňleýjilerimiz we adamlaryň köpüsi, Bakudaky hünärmenler, Prezidentiň Konstitusiýa laýyklykda öz borçlarynyň belli bir bölegini biriniň üstüne ýüklemegi Azerbaýjandaky syýasy ýagdaýyň gowylanmagyna we onuň netijeli ösmegine ýardam berjekdigini duýup, şol barada gürrüň edýärler.

Jogap: Siziň adýanlaryňyz, dogrysy bilmedim, Siziňkimi ýa-da Siziň diňleýjilerňiziňkimi, ýalňyşdyr. Azerbaýjanda häkimiýet babatynda hiç hili boşluk ýok. Häkimiýet bütinleý ýerinde.

Men Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi işler sebäpli gitdim. Bir hepdeden gowrak wagt men şol işler bilen meşgul boldum. Ondan soň, hirurgik operasiýa mahalynda meniň Baku we Azerbaýjan bilen bary-ýogy bir gün aragatnaşygym bolmady. Galan wagt bolsa, men hemişe öz işini ýerine ýetirýän adamlar bilen telefon arkaly aragatnaşykda boldum. Olar zerur bolan meseleler boýunça meniň bilen maslahatlaşýardy, men hem olara gerek bolan görkezmeler berýärdim.

1993-nji ýyldan,  meniň Azerbaýjana ýolbaşçylyk etmäge başlanymdan bäri men hiç haçan şular ýaly uzak wagt ýurtdan daşda bolmanlygmy hem belläp bilerin. Emma, şonuň bilen birlikde, bu ýagdaý meniň we biziň ýurdumyz üçin synag boldy. Diýmek, men ýurdumyzyň çäginden daşda bolup bilýärin, hatda has uzak wagtlap bolup bilmegim hem mümkin. Biziň häkimiýetimiz eýýäm bütinleý döredildi. Her adam öz işi bilen meşgullanýar, öz işini ýerine ýetirýär, şoňa görä-de men şu aý boýunça Azerbaýjanda hiç bir ugurda gowşaklyga ýol berilmedi diýip aýdyp bilerin.

Men her gün Milli Mejlis, premýer-ministr, Prezidentiň apparatynyň başlygy we ministrleriň köpüsi bilen, şeýle hem Baku şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýeti bilen telefon arkaly aragatnaşyk saklaýaryn. Olar maňa hasabat berip, her gezek işleriň gowy gidýänligi barada habar berýärler. Netijede, olaryň hasabatlary we başga çeşmelerden maňa gelýän maglumatlar boýunça, bu ýagdaý hut biziň iň uly üstünligimiz diýip hasap edýärin. Ýagny, Azerbaýjanda eýýäm durnuklylyk, berk jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy ýola goýuldy we ony bozup ýa-da üýtgedip bolmaýar. Meniň kesellemegim diňe meniň üçin däl, şol bir wagtyň özünde biziň umumy döwlet işimizde hem belli bir synag döwri bolup geçdi. Biz bu synagdan hem abraý bilen çykýarys.

Habarçy: Örän gowy. Jenap Prezident, Size öz minnetdarlygymy bildirýärin.

Geýdar Aliýew: Sag boluň. Men hem Size minnetdar.

“Bakinskiý raboçiý” gazeti, 1999-njy ýylyň 25-nji maýy