Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň «Şahdeňiz» ýatakdan Türkiýe döwletine tebigy gazy eltme baradaky azerbaýjan-türk resminamalaryna gol çekme dabarasynda eden beýannamasy - 2001-njy ýylyň 12-nji marty

Hormatly Prezident!

Eziz dostlar!

Gadyrly metbugat wekilleri!

Meniň Türkiýe döwletine resmi saparymyň birihji tapgyry tamamlanýar. Men ýaňadan öz eziz dostuma, doganyma Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Ahmet Nejet Sezere meni Türkiýe döwletine çagyranlygy üçin, şeyle hem myhmansöýüjilikli kabul edilenligim üçin öz çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bu resmisapar uly ähmiýetlilige eýedir, sebäbi biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary, sebitimize degişli meseleleri we dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary gözden geçirdik. Ýene bir gezek garaýyşlarymyzyň umumylygyny tassyklap, gelejekde türk-azerbaýjan hyzmatdaşlykda bilelikde hereket etjekdigimizi äşgär etdik. Bu ýagdaý meni örän begendirýär. Sebäbi, Azerbaýjan üçin Türkiýe, onda demokratiýa höküm sürýän güýçli we uly ösen döwlet bolup durýar. Ýaş Azerbaýjan üçin Türkiýe elmydama nusga bolupdy, häzir hem görelde bolup durýar.

Hormatly Prezident eýýäm size bu ýerde geçiren gepleşiklerimiz we ara alnyp maslahatlaşylan meseleler barada habar berdi. Men siziň wagtyňyzy alyp, ony gaýtalasym gelmeýär. Emma diňe, bu meseleleriň ählisi babatda biziň birmeňzeş pikirimiziň bardygyny belläsim gelýär. Aýratyn-da, bu gün men täzeden, ýurtlaryň ikisinde-de, hem Azerbaýjanda, hem Türkiýede Baku-Tbilisi-Jeýhan esasy eksport turbageçirijiniň gurluşygynyň başlanmagyna deň garaýandyklaryny duýdum. 1994-nji ýylda başlanan bu işi biziň bilelikde tamamlajakdygymyza sizi ynandyryp bilerin. Ýakyn ýyllarda azerbaýjan nebiti Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly Türkiýe döwletine we Ýerorta deňizine akyp barar. Soňky döwür biziň Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzda möhüm meseleler peýda boldy. Olaryň biri - Azerbaýjanyň barlag geçirip tapan tebigy gazyň uly känlerini Türkiýe bilen bilelikde peýdalanmak baradaky mesele.

Biz «Şahdeňiz» ýatakdaky uly gaz gorlarynyň barlagyny geçirdik. Ondan habarly bolup, biz öňünden Türkiýe döwleti bilen, onuň hökümeti bilen gepleşikler geçirip, alynjak gazyň uly bölegi Türkiýe döwletine transportirlener diýen ylalaşyga geldik. Bu gün men ol ylalaşygyň iş ýüzine geçirilendigini uly hoşallyk bilen belleýärin. Hökümetara ylalaşygyna hem-de Azerbaýjanda çykaryljak tebigy gazyň aluw-satuw şertnamasyna gol çekildi. Bu örän möhüm, sebäbi, turbageçiriji Gruziýanyň üsti bilen geçirilmeli. Bizde ozal gurnalan Bakudan Gruziýa barýan turbageçiriji bar. Biz ony dikeltmeli. Şonuň üçin biz gazyň nirä eksportirlenjekdigini bilmeli. Ikinjiden, biz 6 milliard kubometr gazyň beriljekdigi barada hem şertnama baglaşdyk. Emma gelejekde Türkiýe döwletine ýylda 15 ýa-da 20 milliard kubometr gazy satmaga mümkinçiligimiz bar.

Meniň hormatly dostum, biler bolsaňyz, dokuzynjy Prezident Suleýman Demirel Türkiýe döwletiniň 50 milliard kubometr gaza mätäçlik çekýänligi barada gürrüň berip, - Azerbaýjan näçe mukdarda gaz çykarsa hem biz ony satyn alarys- diýdi. Şu wagt biz hormatly Prezident Ahmet Nejet Sezer bilen bu işiň düýbini tutdyk. Bu iş şowly bolar diýip hasap edýärin. Biz häzir bar bolan turbageçirijini ulanyp, gazy Türkiýe döwletiniň serhedine çenli ýetireris. Gazy öz wagtynda ulanmak üçin Türkiýede zerur bolan deslapky işleri ýerine ýetirilmeli.

Emma gelejekde, gazyň köp mukdaryny Türkiýe döwletine transportirlemek üçin täze uly turbageçirijini döretmek niýetimiz bar. Şohuň üçin biziň öňümizde örän uly täze gözýetimler, mümkinçilikler açylýar. Bu ýagdaý bolsa, türk-azerbaýjan dostlugynyň we ykdysady hyzmatdaşlynyň ösmegini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde bizi strategiki nukdaýnazardan hem has ysnyşykly baglar. Biz Türkiýe bilen strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgesi esasyndaky aragatnaşygy ýola goýduk. Biz gelejekde hem bu gatnaşyklary ösdürmek meýilimiz bar.

Men bu gün geçirilen duşuşykdan we gol çekilen şertnamalardan has çuňňur hoşal bolandygymy bildiresim gelýär.

Hormatly Prezident, Size ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin.