Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Azerbaýjanyň milli baýramy bolan Nowruz baýramynyň toý dabarasynda eden çykyşy - 2003 ýylyň 21-njimarty.

Gadyrly uýalar we doganlar!

Sizi azerbaýjan halkynyň eziz baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy, Baharbaýramy sebäpli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize jan saglyk we bagt, biziň halkymyza bolsa, parahatlyk we asudalyk arzuw edýärin!

Gadyrly dostlar, birnäçe aý mundan ozal biz Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygynyň 11 ýyllygyny belledik. 11 ýylyň dowamynda biziň halkymyz öz ykbalynyň eýesi bolup, öz watanynda, ýurdunda erkin, özbaşdak ýaşap gelýär. Azerbaýjanda demokratik döwleti gurma yzygiderli amala aşyrylýar. Azerbaýjanyň ykdysadyýeti ösýär, biziň halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy gün-günden gowulanýar.

Biz Azerbaýjanda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy ýola goýduk, ol hem ýurduň her künjeginde, her sebitinde höküm sürýär. Biziň halkymyz asuda, erkin ýaşap, öz işleri bilen meşgul. Hut şular sebäpli azerbaýjan halky öz däp-dessurlaryny we ýörelgelerini, milli ruhy gymmatlyklaryny dikeldip, öz milli baýramlaryny ýokary derejede belläp gelýär.

Nowruz baýramy Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygynyň biziň halkymyza getiren peşgeşleriniň biridir. Geçmişde biz bubaýramy mydama belleýärdik. Bellesegem, öz öýümizde, maşgalamyzyň arasynda belleýärdik. Indi bolsa, ol hakyky ahlihalk baýramy boldy. Bu günler biziň halkymyz, biziň milletimiz Azerbaýjanyň ähli künjegindebeýik ruhybelentlik bilen Nowruz baýramyny belleýär. Bularyň ählisi Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygynyň biziň halkymyza getiren peşgeşidigini ýene-de bir gezek nygtap geçýärin. Biziň halkymyz gelejekde hem öz däp-dessurlarynyň we ýörelgeleriniň gadyryny bilip, olary aýap saklar we ösdürer. Sebäbi olar biziň halkymyzyň milli ruhy gymmatlyklary bolup, halkymyzyň aýratynlyklaryny görkezýär.

Aýdyşym ýaly biziň halkymyz asuda ýaşaýyşda arkaýyn ýaşaýar. Emma şu günler bu baýramy çadyrly şäherjiklerde geçirýän watandaşlarymyz bar. Eýýäm näçe ýyldan bäri olar kyn şertlerde ýaşaýarlar. Ýöne olar uly umyt bilen ýaşamagyny dowam edip, uly hyjuwlylyk we sabyrlylyk görkezýärler. Şol sabyrlylyk üçin bolsa, men şu baýram gününde ähli bosgunlara, mejbury göçüp gelenlere, çadyrly şäherjiklerde ýaşaýan biziň watandaşlarymyza aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.

Men şu baýram gününde watandaşlarymyzy, çadyrly şäherjiklerde ýaşaýanbiziň raýatlarymyzy aýratyn gutlap, olara we biziň ähli halkymyza bu döwrüň uzak dowam etmejekdigini äşgär edýärin. Azerbaýjan döwleti ermeni-azerbaýjan dawany parahatlyk bilen çözmek ugrundayzygiderli durnukly işi amala aşyrýar, biz hem onuň netijesinde öz ýerlerimiziň boşadylmagyny gazanyp, Azerbaýjanyň territorial bütewiligini dikelderis, mähriban ýerlerinden kowulan biziň watandaşlarymyz bolsa, öz ýerlerine, eziz ojaklaryna gaýdyp gelerler diýip, umyt edýärin.

Indi sekiz ýyldan bäri Azerbaýjanda atyşygy bes etme düzgüni höküm sürýär. Emma uruş heniz gutaranok. Biziň gahryman esgerlerimiz, Goşunymyz azerbaýjan ýerlerini gorap, Azerbaýjanyň ýerlerini boşatmaga elmydama taýyndyrlar. Men şu baýram güni azerbaýjan esgerlerini, okoplardaky ogullarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara şöhratly işlerinde üstünlik arzuw edýärin.

Gadyrly dostlar, bu biziň ülkämiziň baýramydyr, bu baýram halk baýramydyr. Biziň halkymyz şu baýramyň gadyr-gymmatyny bilip, bu günler keýpi köklükde bagtyýar ýaşaýandygy üçin men örän begenýärin. Ýene-de bir gezek baýramňyz bilen gutlap, siziň her biriňize jan saglyk we işleriňizde üstünlik arzuw edýärin. Sag boluň.

"Bakinskiý raboçiý" gazeti, 2003-nji ýylyň 25-nji marty.