Halk deputaty Geýdar Aliýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň sessiýasynda eden çykyşy - 1991-nji ýylyň 29-njy awgusty

Hormatly saýlanan adamlar! Ýurdymyzda syýasy we ykdysady krizis, döwlet häkimiýetiň krizisy birden güýjedi. Reaksion güýçleriň demokratiýa garşy hüjüm etmegi, jenaýatçy toparlar tarapyndan amala aşyrylan döwlet agdarylyşyk synanyşygy şowsuzlyk bilen tamamlandy. Biz eýýäm sowet imperiýasynyň, Kommunistik partiýanyň dargamagynyň şaýady bolduk. Bu döwürde biziň respublikamyzyň, azerbaýjan halkyň ýagdaýy has-da agyr we çylşyrymly. Bu reaksion syýasatyň esasy sebäbi – respublikada höküm sürýän Azerbaýjan kommunistik partiýasy hem-de onuň gödek we düzedip bolmajak ýalňyşlarydyr. (Zaldan närazylyk bildirýän sesler gelýär). Her bir deputatyň sessiýada söz sözlemäge hukugy bardyr. Bu syýasatyň netijesinde respublikanyň kommunistik ýolbaşçylary, hakykatda, 19-22 awgustda ýurdumyzda amala aşyrylan döwlet agdarylyşygy, Adatdan daşary ýagdaý boýunça döwlet komitetiniň işini makullap, azerbaýjan halkyny örän ýaramaz ýagdaýda goýdy. Ermeni milletçileri şol bada bu ýagdaýdan peýdalanyp, harby operasiýalaryny we respublikamyza garşy syýasy wagyzyny güýçledirdi.

Şu wagt, respublikamyzyň durmuşynyň juda agyr döwründe, biz çykalga ýollary tapmalydyrys. Şol çykalga ýollary tapmak ugrunda her kes yhlas etmelidir. Emma biz ol çykalgany haýsy serişdeler arkaly tapyp biljekdigimizi anyklamaly.

Soňky günler, şol sanda şu gün bu münberden halky birleşmeklige, milli ylalaşyga çagyrýan ýüzlenmeler eşidilýär. Gynansak-da, bu çagyryşlar gijä galdy. Emma biz bu günler her edip, hesip edip, milli birligi gazanmalydyrys. Onuň üçin bu milli birligiň emele gelmegi haýsy platformanyň esasynda mümkin boljakdygy, haýsy platformanyň esasynda ony gazanyp boljakdygy dürs anyklanylmalydyr. Birligi gazanmak üçin gyssagly ýagdaýda şu aşakdaky şertleri ýerine ýetirmeli. Bu teklipleri saýlawyň öň ýanyndaky çykyşlarymda, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň fewral we mart aýlaryndaky sessiýalarynda, şu ýylyň 19-nji iýulynda Kommunistik partiýanyň hatarlaryndan çykmagym bilen bagly ýüzlenmämde, onsoňam, 24-nji awgustda Azerbaýjanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna iýberen hatymda orta atypdym. Gaýtalasym gelenok, emma käbir teklipleri belläp geçesim gelýär.

Birinjisi. Gyssagly ýagdaýda Bakudaky adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmaly. Şu gün Aýaz Mutalibow: - adatdan daşary ýagdaý nämä gerek diýdi. Ýatyrmaly. Örän gowy, emma kimiň eradaty bilen Bakudaky ol ýagdaý ýarym ýyldan bäri saklanyp gelýär? Kimiň burugy bilen 1990-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Azerbaýjanyň Ýokary Soweti tarapyndan çykarylan karar durmuşa geçirilmedi? Bakuda adatdan daşary ýagdaýyň ýarym ýylyň dowamynda saklanmagy respublika näçä düşendigini we oňa nähili derejede zyýan çekdirilendigini anyklamaly.

Ikinjisi. Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň döwlet agdarylyşyga bolan garaýşy barada dürli gürrüň bar, daşary ýurt we soýuzdaş habarlar edaralary tarapyndan maglumatlar ýaýradylýar. Bu mesele hem anyklanylmalydyr. Daşary ýurtda kimiň näme diýeni bize mälim däl, emma, 21-nji awgustda Aýaz Mutalibowyň Azerbaýjan telewideniýesi arkaly azerbaýjan halkyna rus we azerbaýjan dillerinde okalan ýüzlenmesinde, adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiň işi makullanyp, Azerbaýjan Respublikasyna degişli käbir meseleleriň Adatdan daşary ýagdaý boýunça döwlet komitetiniň amala aşyrýan işleriniň kömegi bilen çözüljekdigine ynam bildirilendigi bize mälim. Şol sanda Nagornyý Karabahyň meselesiniň çözülmegi hem-de ýaragly garakçy ermeni toparlaryň ýaragsyzlandyrylmagy adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiň amala aşyrýan işleri bilen baglydyr. Muny açyk aýtmaly. Eger şonuň ýaly ýalňyşlyk goýberilen bolsa, onda açyk aýtmaly, halk hakykaty bilmelidir. Bu gün bir zat diýip, ertir bolsa, başga zatlar aýytmaly däl, bu ýagdaý hiç haçan halkda ynam döretmeýär.

Üçünjisi. Halkyň içinde birligi döretmek üçin Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasy haýal etmän häkimiýetden çekilmeli. Ol Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň düzüm bölegi. Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasy dargady. Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň saklanylmagy we bu meseläniň gurultaýda çözülmegi baradaky pikir Kommunistik partiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklyga gönükdirilen niýetleri görkezýär. Munuň bilen ylalaşmak asla mümkin däl. Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň ähli düzümleri ýok edilmeli, emlägi millileşdirilmeli. Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň we onuň çap ediji edaralarynyň işi bes edilip, Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komiteti bilen harby huntanyň arasynda hyzmatdaşlygyň bolanlygy ýa-da bolmanlygy anyklanylmaly. Onuň üçin parlament iş topary döredilmeli. Adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiň höküm süren 3 günüň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň we partiýanyň çap edidji edaralary bu komitetiň resminamalaryny rus we azerbaýjan dillerinde çap etdiler. Azerbaýjan telewideniýesi bolsa, ol resminamalaryň ählisini azerbaýjan diline terjime edip, olary halka ýetirdi.

Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň görkezmesi bilen Adatdan daşary ýagdaý boýunça döwlet komitetiniň adyna, Azerbaýjandan Moskwa şäherine müňlerçe gutlag telegrammalar iýberildi. Munuň özi bar bolan hyzmatdaşlygy görkezýär. Kommunistik partiýanyň garaýşyna eýerip hereket edýän ýolbaşçylar işden gitmeklige arza bermeli. Bu gün Kommunistik partiýanyň adyna tankyt bilen ýüzlenip, uzak ýyllaryň dowamynda kommunistik partiýa gulluk edip, onuň hatarynda bolup we ýolbaşçy wezipäni eýeläp, partiýanyň meýilnamasyny ýerine ýetirendigimi äşgär edesim gelýär. Men şol döwürde eden gullugym we goýberen ýalňyşlarym üçin jogapkärdigime akyl ýetirýärin.

Dördünjisi. 20-nji ýanwarda bolan pajygadan bäri bir ýarym ýyldan gowrak wagt geçdi. Bu gün şu ýerde her hili gürrüňler edilýär. Deputatlaryň bir topary bir pikirde, menden öň çykyş eden deputat Ragimow başga pikirde. Men Ýokary Sowetiniň Başlygyna Elmira Kafarowa we Azerbaýjanyň Prezidenti Aýaz Mutalibowa sorag berýärin: näme üçin bu meselä syýasy baha berilmedi? Men Tamerlan Karaýewiň beren kepilnamasy bilen ylalaşyp bilmerin, çünki, bu meseläniň, hem syýasy, hem ýuridik taraplary bar. Bu meselä derrew syýasy baha berseň hem bolardy. Ýuridik tarapy we käbir adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi barada aýdanymyzda, ony, gürrüňsiz, derňew arkaly hem anyklasa bolardy. Syýasy bahanyň berilmänligi üçin beýleki çäreleriň durmuşa geçirilmegi mümkin däl. (Şol pursatda zalda galmagal turýar, Elmira Kafarowa syýasy bahanyň berilenligini habar edýär)

Geýdar Aliýew: Eger berilen bolsa, onda bu harby çozuşyň günäkäri kim? Bu günki gün Ýazow we Krýuçkow diýip aýdýarlar. Hawa ol şonuň ýalydyr. Emma bularyň hataryna Bakatiny, Girenkony, Gorbaçýowy we Primakowy hem goşmaly, soň näme...? Bolmalysy hem şol. Azerbaýjan ýolbaşçylaryndan kim günäkär? Hawa, bularyň atlary hem bize mälim: Wezirow, Kafarowa, Mutalibow we Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň başga agzalary. Hawa, başga-da günäkärler bar bolsa, ony hem anyklamaly. Şol bir wagtyň özünde, eger başga güýçler – demokratik güýçler, Halk fronty hem günäkär bolsa, olaryň işine hem syýasy baha berilmeli. Bular anyklanýança respublikada durnuklylygyň gazanylmagy mümkin däl. Emma, eger muňa syýasy baha berilen bolsa, onda men Aýaz Mutalibowdan aýtmagyny haýyş edýärin: näme üçin, Gorbaçýow 3 ministri bellemek barada 9 respublikanyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşanda, Aýaz Mutalibow Bakatinyň Döwlet howpsuzlygy komitetiniň başlygy wezipesine bellenilmegine garşy çykmady? Eger garşy bolan bolsa, onda näme üçin öz çykyşynda aýtmady? Nä sebäpden 20-nji ýanwardaky pajyganyň bolmagyna günäkär adamlaryň biri bolan Wezirow Halk deputatlaryň gurultaýyny taýýarlamak boýunça iş toparyň Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan agzalygyna saýlanyldy. Kim onuň şol ýere saýlanylmagyny teklip etdi? Eger ony Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylary eden bolsa, onda olar azerbaýjan halkynyň öňünde günäkärdir. Men muny açyk gönümellik bilen aýdasym gelýär.

Bu meseleleriň ählisi anyklanýança – gürrüňsiz, men hem çykyş eden deputatlar bilen ylalaşýaryn – Azerbaýjanda prezidet saýlawlaryny geçirmeli däl. Azerbaýjanyň Ýokary Sowetiniň deputatlarynyň aglabasy kommunistlerden, Kommunistik partiýanyň ýolbaşçy edaralarynda işlän adamlardan we deputatlar tarapyndan parlamente saýlananlardan düzülenligi üçin köp ýagdaýlaryň bolup geçmegine Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasy hem günäkärdir. Men Azerbaýjan Respublikasynyň parlamenti dargadylyp, taze saýlawlar geçirilmeli diýip hasap edýärin.

Meniň şular ýaly batly çykyş edenimden soň, ýörite taýýarlanan adamlaryň maňa garşy çykyş etjekdiklerine şübhäm ýok. Men bular ýaly myjabat atmalara öwrenişikli. Onuň üçin aladalanmaýaryn. Onuň ýaly ýörüte taýýarlanan çykyşlar meniň erk-islegimi we erjelligimi peseldip bilmez. Men öz ynsabymyň öňünde jagapkär bolup çykyş etdim.