Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň 1994-nji ýylyň 6-njy dekabyrynda Budapeştde geçen SBSÝe-niň agzalary bolan dowletleriň baştutanlarynyň we hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygynda eden çykyşy.


scotch egg
scotch egg
scotch egg
scotch egg
scotch egg
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb

Hormatly jenap başlyk!

Hormatly dowlet baştutanlary!

Hanymlar we jenaplar!

Bildirilen myhmansöýüjilik üçin we biziň işlemegimiz sebäpli Budapeşt şäherinde döredilen örän gowy şertler üçin Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Arpad Gensa we Wengriýanyň hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildiresim gelýär.

Azerbaýjan halky Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahata uly ähmiýet berip, häzirki duşuşykdan köp zatlara garaşýar. 1975-nji ýylda Helsinkide SBSÝe-niň (Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahat) Jemleýji kararyna gol çekme, dünýä prosesleriň gidişine uzak möhletli pozitiw täsirini ýetirip, soňky ýyllaryň dowamynda bolup geçen düýpli özgerişleriň alamatlarynyň biri bolýar. Dünýäniň syýasy kartasy üýtgeýär, täze garaşsyz döwletler - SBSÝe-niň agzalary şol sanda hem meniň ýurdum - garaşsyz Azerbaýjan emele gelýär.

Häzirki zaman şertlerinde SBSÝe-niň wezipesi we ähmiýeti has-da artýar. Täze Ýewropa, araçäksiz we täsir ediş çäkleri bolmadyk Ýewropa, kämilleşdirilen SBSÝe gerekdir. SBSÝe-niň işiniň güýçlendirilmeginiň, onuň demokratizmleşdirme proseslerine we adam hukuklarynyň goralmagyna degerli goldaw bermäge, ýaş we heniz berkemedik döwletleriň erkinligine we garaşsyzlygyna zelel ýetirmäge ukyply agressiw hereketleriň ýa-da maksatlaryň gaýduwsyzlyk bilen öňüni almaga şeyle hem biziň kontinentimiziň gyzgyn nokatlarynda durnuklylygy dikeltmekde ýardam bermäge we sowuk uruşyň tamamlanmagyndan soň Ýewropanyň howpsuzlygynyň täze binagärçiliginiň esaslarynyň biri bolmaga ukyply, netijeli gurala öwrülmeginiň zerur mätäçligi bardyr.

Azerbaýjan Respublikasy öz garaşsyzlygyny yglan edip, bazar ykdysadiýetli, köp partiýadan ybarat bolan sistemaly, adamyň hukuklaryny we şahsyýetiň erkinligini üpjün edýän kanunly demokratik döwleti gurmaklygyň üýtgewsiz ýoly bilen barýar. Geçiş döwüriň obýektiw kynçylyklaryna, biziň onda söweşmäge mejbur bolan uruşyň netijelerine garamazdan, biz eýýäm ol ýoluň ep-esli bölegini geçip, öňümizde goýan maksatlarymyza ýetjekdigimize doly ynanýarys.

Azerbaýjan NATO-nyň (Demirgazyk-Atlantika şertnamasynyň guramasy) "Parahatçylygyň hormatyna hyzmatdaşlyk" maksatnamasyna goşulyp, gyşarnyksyz, ýaragsyzlanmak we ýaraglandyrma gözegçilik etmek babatyndaky, hususan hem Ýewropada adaty ýaragly güýçler hakyndaky şertnama boýunça, halkara-hukuk borçlarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen ugur bilen barýar.

Şeýle hem biz deň hukukly hyzmatdaş hökmünde dünýä bileleşigine ykdysady integrasiýanyň gidişini çaltlaşdyrmak üçin elimizde baryny edip, öz goňşylarymyz bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlary bilen hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürýäris.

Şu ýylyň 20-nji sentýabyrynda dünýäniň birnäçe iri kompaniýalary bilen Hazar deňiziniň azerbaýjan sektoryndaky nebit ýataklaryny bilelikde peýdalanmak boýunça gol çekilen şertnama, onuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu uly inwestision taslama gatnaşýanlaryň birnäçesi SBSÝe-niň düzümine girýän ABŞ, Rusiýa, Angliýa, Türkiýe, Norwegiýa ýaly döwletleriň wekilleridigini, aýratyn belläsim gelýär. Bu ylalaşyk bolsa, konsorsiuma gatnaşýan ýurtlaryň we halklaryň yakynlaşmagyna, umuman Ýewropada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy berkitmeklige ýardam eder diýip umyt edýärin.

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Alty ýyl mundan ozal Nagornyý Karabah bölegini zorlap alma maksady bilen biziň respublikamyza garşy agressiýa edilenligi, maslahata gatnaşýanlara mälimdir. Ermenistan Respublikasy, ermeni separatçylary Nagornyý Karabahda biziň döwletimiziň territorial bütewiligine garşy işjeň harby hereketleri ýaýbaňlandyrdy. Şuşi şäheriň we Azerbaýjanyň Laçyn etrabynyň basyp alynmagyndan soň, hakykatyny aýdanyňda Nagornyý Karabah basyp alynýar. Nagornyý Karabahdaky 50 müňden gowrak azerbaýjanlylaryň ýaşaýan onlarça ilatly nokatlary weýran edilip ýakyldy. Nagornyý - karabah plasdarmy peýdalanyp, ermeni ýaragly goşun bölümleri Nagornyý Karabahyň çäkleriniň daşynda ýerleşýän we meýdan babatynda ondan dört esse uly bolan, başga alty sany Kälbajar, Agdam, Fizulin, Jebraýil, Zangilan we Gubadlin diýen azerbaýjan etraplaryny basyp alýarlar.

Agressiýanyň netijesinde, Azerbaýjanyň ýerleriniň ýigrimi prosentden gowragy basyp alyndy. Meniň watandaşlarymyň 20 müňden gowragy wepat boldy, 100 müňe golaýy ýaralanyp, maýyp boldy, 6 müňi ýesir düşdi, şeýle hem azerbaýjanlylaryň milliondan gowragy, respublikanyň ilatynyň on bäş prosentine golaýy, öz mähriban ýerlerinden kowulyp, häzir bolsa, çadyrly şäherçelerde ýaşap, iň zerur zatlar babatynda mätäçlik çekýärler. Basyp alynan azerbaýjan ýerlerinde ýerleşýän 700 sany şäher we obalar weýran edildi, ähli ýaşaýyş jaýlar, mekdepler we keselhanalar ýakylyp talandy, şeýle hem gadymy medeniýet ýadygärlikleri ýok edildi.

Azerbaýjan halky SBSÝe-niň 1992-nji ýylyň ýazynda kabul eden, düzümine dawadaky taraplar bolan Ermenistan we Azerbaýjan bilen bir hatarda dünýäniň dokuz sany abraýly ýurtlary girýän, dawany çözme boýunça Minskdäki toparyň döredilmegi hakyndaky kararyny uly umyt bilen kabul etdi. Biz hem, geçen döwürde uly işleri amala aşyran bu toparyň işini, çuňňur minnetdarlyk bilen kabul edýäris.

SBSÝe-niň goldow bermeginde, edýän tagallalary bilen, baryp, eýýäm ýedi aýlyk möhletde atyşygyň bes edilmegi berjaý edilip, gan döküşige ýol berilmeýän, Russiýa Federasiýasynyň dellalçylyk işini bellemek gerek diýip, hasap edýärin. Emma her bir atyşygyň bes edilmegi, heniz parahatlyk däl. Taraplaryň bähbitlerini we halkara hukuk kadalary göz öňünde tutýan syýasy ylalaşyga gol çekilmese, mäkäm we adalatly parahatçylyk bolup bilmez. Atyşygyň bes edilmeginden peýdalanyp, biz intensiw ýagdaýda, ylalaşmany we şol resminamanyň kabul edilmegini gazanmakda tagalla edýäris.

Bu prosesde Azerbaýjan Respublikasynyň diňe parahatlyk söýüji we degerli pozisiýasyny tutýanlygyna ynandyrasym gelýär. Agressiýanyň agyr, hasratly netijelerine garamazdan, biz ermeni tarapa adalatlyk we ynsanperwerligiň, SBSÝe-niň ýörelgeleriniň we BMG-nyň (Birleşen milletler gyramasy) Howpsuzlyk Maslahatynyň kararlarynyň esasyndaky parahatçylygy teklip edýäris. Biz Nagornyý Karabahyň ermeni ilatyna howpsuzlyk kepillerini bermäge taýýar we dawanyň zolagynda SBSÝe-niň parahatlygy saklamak boýunça güýçleriniň ýerleşdirilmegi bilen ylalaşýarys. Şeýle hem biz ermeni milli azlygyň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin Azerbaýjan döwletiniň düzüminde Nagornyý Karabahyň statusyny ara alyp maslahatlaşmaga we Azerbaýjanyň nagornyý-karabah sebiti bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky transport kommunikasiýalaryň kadaly işlemegini üpjün etmäge taýýar. Emma biziň üçin mizemez kadalar we esaslar bar, - olar serhediň berkligi, Azerbaýjanyň territorial bütewiligi, ermeni ýaragly bölümleriň ähli basyp alynan ýerlerden çykarylmagy we gaçgaklaryň mähriban ojaklaryna gaýdyp barmagydyr.

Şu günki günde, hut agressoryň BMG-nyň (Birleşen milletler gyramasy) Howpsuzlyk Maslahatynyň kararlarynyň ýerine ýetirmekligini islemeýänligi, syýasy ylalaşygyň üstünligini bozýar.

Şeýle hem köp zat, Minskdäki toparyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ýok edilip, olaryň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky tagallalarynyň birikdirilmegine baglydyr.

Biz SBSÝe-niň başlygynyň ermeni - azerbaýjan dawasyny çözmeklige gönükdirilen, parahatçylygy saklamak boýunça halkara güýçleri guramak ugrundaky tagallalaryny makullaýarys. Men başlygyň çagyryşyna seslenen ähli döwletlere minnetdarlygymy bildirip, olaryň ählisini, bu pähimli we asylly işde oňa ýardam etmeklige çagyrýaryn.

Meni Ermenistan Respublikasynyň prezidenti, jenap Lewon Ter-Petrosýanyň, Hram derýasyndaky Ermenistan bilen Gruziýany baglaýan köprüniň partlamasy boýunça eden beýannamasy, çakdanaşa geň galdyrdy. Men Azerbaýjan Respublikasynyň bu hadysa gatnaşanlygynda aýyplanmagyny ret edip, bu beýannamany, düýbünden delilsiz, hiç hili esaslary bolmadyk diýip, hasap edýärin. Aýratyn ynjalykdan gaçyrýan zat bolsa, söweş hereketleriň zolagyndan ýüzlerçe kilometr daşlykda ýerleşýän üçünji döwletiň ýerinde bolup geçen hadysany, atyşygy bes etmegiň düzgünleriniň Azerbaýjanyň tarapyndan gödek bozulmagy diýip, toslanyp, kesgitlenilmegidir.

Azerbaýjana hiç hili gatnaşygy bolmadyk bu hadysa, ýagdaýyň agyrlaşmagy, dartgynlylygyň güýçlendirilmegi üçin ulanylýar diýen, pikir döreýär. Şol sebäpli men, jenap Lewon Ter-Petrosýany, parahatçylygy gazanmak ugrundaky başlanan işiň gidişini we şu ýerde, Budapeştde geçýän maslahatdaky amatly ýagdaýy bozup biljek, haýsy hem bolsa, oýlanyşyksyz edilen hereketlerden saklanmalydygyny, öňünden duýdurýaryn. Öz tarapymdan men, biziň döwletimiziň atyşygy bes etmeklige höweslidigini we ermeni - azerbaýjan dawany parahatlyk ýoly bilen çözmekde ähli gujur-gaýratyny goýmaga taýýardygyny, täzeden bildirýärin. Jenap Lewon Ter-Petrosýany, parahatçylyk ugrundaky işjeň hyzmatdaşlyga çagyrýaryn.

Budapeştde geçýän duşuşygyň, dawany çözmekde öňe gitmekligi gazanmaga, ajaýyp mümkinçiligi bar. Men SBSÝe-niň agzalary bolan döwletleriň baştutanlaryna ýüzlenip, şu işe işjeň gatnaşmaklaryny we alty ýyl dowam edip, meniň halkyma gam-gussa bilen jebir getirýän uruşyň odyny öçürmek bilen, biziň ählimiziň, dabaraly ýagdaýda gol çeken, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Jemleýji kararynyň düýpli, berk esaslaryny durmuşa geçirmekde ýardam etmeklerini haýyş edýärin.

Üns berenligiňiz üçin minnetdarlygymy bildirýärin.

"Bakinskiý raboçiý" gazeti, 1994-nji ýylyň 10-njy dekabyry.