TERJIMEHAL


Aliýew Geýdar Alirza oglu – Azerbaýjan halkynyň milli lidery 

 Aliýew Geýdar Alirza oglu 1923-nji ýylyň 10-njy maýynda Nahçywan diýilen azerbaýjan şäherinde eneden bolýar. 1939-njy ýylda Nahçywandaky pedagogik tehnikumy tamamlap, Azerbaýjan industrial institutynyň (häzir Azerbaýjan Döwlet Nebitçilik Akademiýasy) arhitektura fakultetinde okap başlaýar. Başlan uruş okuwyny tamamlamaga mümkinçilik bermeýär. 

1941-nji ýyldan başlap, Geýdar Aliýew Nahçywan ASSR-ň Içeri işler halk komissariatynda we Nahçywan ASSR-ň Halk komissarlar geňeşinde bölüm müdiri bolup işleýär, emma 1944-nji ýylda, işlemek üçin, döwlet howpsuzlygy organlaryna iýberilýär. Şol döwürden başlap, howpsuzlyk organlarynyň sistemasynda işlän Geýdar Aliýew, 1964-nji ýyldan başlap, başlygyň orunbasary wezipesini, emma 1967-nji ýylda bolsa, Azerbaýjan SSR-ň Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Döwlet Howpsuzlygy Komitetiniň başlygynyň wezipesini eýeleýär, oňa general-maýor harby derejesi berilýar. Şol ýyllarda ol Leningratda (häzir Sankt- Peterburg) ýörite ýokary  bilimini alýar, emma 1957-nji ýylda bolsa, Azerbaýjan Döwlet Uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlapdyr. 

1969-njy ýylyň iýulynda Azerbaýjanyň Komunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň plenumynda Azerbaýjanyň Komunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary wezipesine saýlanyp, Geýdar Aliýew respublikanyň ýolbaşçysy bolýar. 1982-nji ýylyň dekabyrynda Geýdar Aliýew Sowet Soýuzynyň Komunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolup saýlanýar, SSSR-ň Ministrler Sowetiniň başlygynyň birinji orunbasary wezipesine bellenip, SSSR-ň ýolbaşçylarynyň biri bolýar. Geýdar Aliýew ýigrimi ýylyň dowamynda SSSR-ň Ýokary Sowetiniň deputaty bolýar, şeýle hem bäş ýyl SSSR-ň Ýokary Sowetiniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeläpdir. 

1987-nji ýylyň oktýabyrynda Geýdar Aliýew Sowet Soýuzynyň Komunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosy tarapyndan we baş sekretary Mihaýil Gorbaçýowyň hut öz tarapyndan geçirilýän syýasata garşy närazylyk bildirip, eýeleýän wezipelerini taşlap, otstawka gidýär. 

1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bakuda sowet goşunlary tarapyndan edilen ganly pajyganyň ertesi Geýdar Aliýew Azerbaýjanyň Moskwadaky wekilhanasynda şol hadisa boýunça çykyş edip, azerbaýjan halkyna garşy jenaýatyň ýerine ýetirijilerine we guramaçylaryna jeza berilmegini talap edýär. 1991-nji ýylyň iýul aýynda Nagornyý Karabahda emele gelen ýiti konfliktli ýagdaý boýunça SSSR-ň ýolbaşçylarynyň alyp barýan ikiýüzli syýasatyna garşy närazylyk bildirip, Geýdar Aliýew Sowet Soýuzynyň Komunistik Partiýasynyň hatarlaryndan çykýar. 1990-njy ýylyň iýul aýynda Geýdar Aliýew Azerbaýjana dolanyp gelip, başda Bakuda, soňra bolsa, Nahçywanda ýaşaýar, şol ýylyň özünde hem Azerbaýjanyň Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlanýar. 1991-den 1993-nji ýyla çenli döwürde ol Nahçywan Awtonom Respublikasynyň Ýorary Mejlisiniň başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerini eýeleýär. 1992-nji ýylda Nahçywanda geçirilen “Ýeni Azerbaýjan” partiýanyň guramaçylyk gurultaýynda Geýdar Aliýew partiýanyň başlyklygyna saýlanýar. 

1993-nji ýylyň maýyndan iýun aýyna çenli döwürde hökümet krizisynyň juda ýitelmegi netijesinde ýurtda graždanlyk urşy we garaşsyzlygyň ýitirilmeginiň howpy dörän mahaly, azerbaýjan halky Geýdar Aliýewi häkimiýetiň başynda goýmaklygy talap edýär. 

Şol wagt Azerbaýjanyň ýolbaşçylary Geýdar Aliýewi resmi ýagdaýda Baku çagyrmaklyga mejbur bolýarlar. 1993-nji ýylyň 15-nji iýunynda Geýdar Aliýew Azerbaýjanyň Ýokary Sowetiniň başlygy wezipesine saýlanýar, emma 24-nji iýulynda bolsa, Milli Mejlisiň karary boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň wekilçiligini ýerine ýetirip başlaýar. 1993-nji ýylyň 3-nji oktýabyrynda umumyhalk ses bermesiniň netijesinde Geýdar Aliýew Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentligine saýlanýar. 1998-nji ýylyň 11-nji oktýabyrynda halkyň ýokary aktiwlik şertlerinde geçirilen saýlawlarda 76,1% sesi toplap, ol täzeden Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentligine saýlanýar. 2003-nji ýylyň 15-nji oktýabyryndaky prezident saýlawlarynda öz kandidaturasynyň görkezilmegine razyçylygyny beren Geýdar Aliýew, saglygy sebäpli oňa gatnaşmaklykdan boýun gaçyrýar. Geýdar Aliýew birnäçe halkara premiýalaryna, dürli ýurtlaryň uniwersitetleriniň hormatly doktary we başga-da dürli ýokary hormatly atlara mynasyp bolýar. Ol dört sapar Lenin ordeni, Gyzyl Ýyldyz ordeni we köp sanly medallar bilen sylaglanýar, iki sapar Sosialistik Zähmetiň Gahrymany adyna mynasyp bolýar, birnäçe daşary ýurtlaryň ordenleri we medallary bilen sylaglanýar. 

Azerbaýjanyň soňky otuz ýyldan has köpräk döwüri öz içine alýan taryhy ykbaly Geýdar Aliýewiň ady bilen aýrylyşmaz arabaglanyşykdadyr. Şol ýyllaryň dowamynda halkyň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysadyýet we medeniýet taýdan galkynmagy, hut onuň ady bilen baglydyr. 

Şol döwürdäki ýolbaşçylygynyň dowamynda Geýdar Aliýew ösmegi ugrunda hemişe jan eden, baý medeniýetine, ägirt taryhy geçmişine buýsanan, geljek nesilleri hakda aladalanan mähriban ülkesiniň döwlet hökmünde zamananyň agyr we ýowuz synaglaryndan geçmäge kömek etýär. 

Görnükli syýasy we döwlet işgäri, halkyň gürrüňsiz lidery bolup, ol entek dirikä adamlaryň arasyndaky diri rowaýat bolupdy, şonuň üçin Geýdar Aliýewiň üýtgeşikligi hemişe ünsi özüne çekerdi, dünýä azerbaýjanlaryň bu milli lideriniň täsin galdyrýan ynjalyksyz syýasy işleri respublikanyňkyda boluşy ýaly dünýä metbugatynda hem beýan edilýärdi. 

1993-nji ýylyň iýun aýynda, azerbaýjan halky milli döwlet gurluşyna bozulma howpunyň abanýandygyna göz ýetiren mahaly, iň agyr günleriň gelen wagty, erjellik bilen bar bolan häkimiýetiň çalşylmagyny talap etdi we şol döwürden başlap, täzeden öz ykbalyny Geýdar Aliýewe ynandy. Geýdar Aliýew öz halkynyň ejir çekýänini görüp, onuň çagyryşyny kabul edip, Azerbaýjanyň uly syýasatyna gaýdyp gelýär. Halk Geýdar Aliýewiň gaýdyp gelmegini umyt we şatlyk bilen garş alýar, şol gün bolsa, Milli azatlyk güni hökmünde garaşsyz Azerbaýjanyň taryhyna girýär.