Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň türki dilinde gürleýän döwletleriň baştutanlarynyň IV-nji duşuşygynda eden çykyşy - Daşkent, 1996-njy ýylyň 21-nji oktýabyry


Hormatly döwlet baştutanlary!

Hanymlar we jenaplar!

Bildirilenmyhmansöýüjilik we biziň duşuşygymgzyň ýokary derejede gurnalmagy üçin, Özbegistan RespublikasynyňPrezidenti Islam Karimowa tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Daşkentde geçýän maslahatynyň beýik gatnaşyjylaryna, meniň hormatly doganlarym - Türkiýe Respublikasynyň prezidenti Suleýman Demirele, Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewe, Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidenti Askar Akaýewa, Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Niýazowa, Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Islam Karimowa salam berip, size hem-de siziň halklaryňyza bagt we parahat durmuşyny arzuw edýärin.

1992-nji ýylda Ankarada düýbi tutulan maslahatymyzyň däbi dowam edip, biziň doganlygymyz we hyzmatdaşlygymyz berkeýär we üstünlikli ösýär.

Türki dilinde gürleýän döwletleriňbaştutanlarynyň maslahatlarynyň zerurlygyny we netijeliligini durmuşyň özi tassyklady. Şonuň üçin men doganlyk Türkiýe döwletine we onuň prezidenti bolan biziň dostumyz Suleýman Demirele başyny başlap, biziň maslahatymyzyň taglymlaryny amala aşyrmak ugrunda eden tagallalary üçin aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin.

Geçiş döwrüniň belli kynçylyklaryna garamazdan, biziň ýurtlarymyz we halklarymyz agyr synaglardan üstünlikli geçip, taryhy ähmiýete eýe bolan netijeleri gazandylar diýip, arkaýyn aýtsak bolar. Biziň ýurtlarymyzyň döwlet garaşsyzlygyny berkitmek, demokratik hukuk döwletini döretmek, syýasy we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak we bazar ykdysadiýet esaslaryny girizmek, bularyň ählisi biziň geçen ýolumyzyň hakyky netijeleridir.

Umumy taryhy we medeni kökleri we däp-dessurlary, şeýle hem ýeketäk medeni, dil we din esasy bolan biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän möhüm faktor - ol biziň maksatlarymyzyň we wezipelerimiziň meňzeşligi we çözýän müşgillerimiziň deňdeşligidir.

Ankaradaky birinji duşuşygymyzdan bäri geçen döwürde türki dilinde gürleýän döwletleriň iki taraplaýyn gatnaşyklary dowam edip, köp sanly ýokary derejedäki resmisaparlar, duşuşyklar we halkara maslahatlarda geçen gepleşikler amala aşyryldy. Türki dilinde gürleýän döwletleriň baştutanlarynyň arasynda yhlasly aragatnaşyk, dostlukly we ynamly gatnaşyklar ornaşdy.

Şol duşuşyklaryň we gepleşikleriň baryşynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine, ruhy we medeni gatnaşyklarymyzyň giňemegine we biziňýurtlarymyzyň garaşsyzlygynyňberkidilmegineýardam berýän, möhüm döwletara ylalaşyklara gol çekildi. Biziň şahsy dostlugymyz we ýygy-ýygydan geçýän duşuşyklar has agyr meseleriniň bilelikde çözülmegine ýardam berýär. Şonuň üçinbiziň maslahatymyz gutarnykly düzüldi we berkedi, halkara statusyna eýe boldy we gelejegi bardyr diýmäge deliller ýeterlikdir.

Biziň ýurtlarymyzyň möhüm geosyýasat ýagdaýy we örän uly tebigy baýlyklary, şeýle hem biziň halklarymyzyň akyl ýetirişi we işeňňirligi, garaşsyzlygy we özygtyýarlygy webiz tarapdan amala aşyrylýan demokratik we ykdysady özgertmeler biziň sebitimizi dünýäde iň gülläp ösen sebitleriň birine öwürmäge mümkinçilik berer.

Gadyrly dostlar!

Biziň hyzmatdaşlygymyz öz miwelerini berip başlady diýip, bu gün arkaýyn aýtsa bolar. Biz eýäm, ýurtlarymyzy öz aralarynda pugta baglaşdyrjak we biziň öňümizde Ýwropa, Aziýa, Ýakyn we Uzak Gündogara we bütin dünýä tarap ýollary amaga mümkinçiligi bar bolan komunikasion ulgamlary gurmak boýunça taslamalary iş ýüzinde ýerine ýetirmäge başladyk. Ýewropa Bileleşigiň kömegi bilen amala aşyrylyp, Ýewropa bilen Aziýany baglan Ýüpek ýolunyň nusgasy bolan TRASEKA hut şolar ýaly taslamadyr. Merkezi Aziýa bilen Ýewropany iň gysga we ygtybarly ýol bilen baglajak transkawkaz geçelgesini ulanmak boýunça Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň aralaryndaky dört taraplaýyn saragt ylalaşygy hem şol maksada gulluk edýär. Gazagystanyň hem bu ylalaşyga goşulmagyny makullaýaryn.

Biz ABŞ-niň, Rusiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýeniň, Eýranyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Norwegiýanyň, Ýaponiýanyň, Saud Arabystanyň we başga-da ýurtlaryň iri nebit kompaniýalary bilen bilelikde Hazar deňiziniň azerbaýjan sektorynda nebiti we gazy çykarmak boýunça uly taslamalary amala aşyrýarys.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňiziniň gazak we türkmen sektorlarynda Gazagystan we Türkmenistan tarapyndan hem şolar ýaly taslamalar amala aşyrylýar. Şol sebäpli, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Azerbaýjandan dünýä bazaryna nebiti we gazy eksport etmek üçin turba geçiriji gurmak baradaky mesele ýüze çykýar. Bu örän möhüm meseläni üstünlikli çözmek üçin, biziň ýurtlarymyz has ýakyn hyzmatdaşlyk edip bilerdiler diýip, hasap edýärin. Turba geçirjini çekmek üçin has ýerlikli we howpsyz görnüş: Merkezi Aziýa-Hazar deňizi-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Gara deňiz-Ýerorta deňiz marşruty bolup bilerdi diýip hasap edýärin.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde ýola goýulan milli medeniýetlerimizi we ruhy mirasymyzy ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk kanagatlanma duýgusyny döredýär. Biziň edebiýatymyzyň we taryhymyzyň beýik akyldarlarynyň we klassiklarynyň döredijiligi, "Däde Gorgud", "Manas", "Alpamyş" ýaly müňýyllyk taryha eýe bolan eposlary biziň umumy medeni gazananlarymyzdyr.Olar biziň halklarymyzyň ýokary ruhanalygynyň we ahlagynyň esasy bolup, bizi ýagşylygyň we adamkärçiligiň däplerinde ösdüren umumy köklerimizdir. Mençuňňur hormatlamak bilen,Almatyda beýik gazak akyldary we şahyry Abaýyň 150 ýyllygyna bagyşlanyp, geçirilen baýramçylyk dabaralara, şeýle hem Bişkekde beýik gyrgyz "Manas" eposynyň müňýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyklara gatnaşdym.Biziň medeniýet we ylmy edaralarymyz mundan beýläk hem öz gatnaşyklaryny berkidip, bilelikde biziň ruhy medeniýetimizi öwrenerler we wagyz ederler diýip, pikir edýärin.

Biziň Daşkentdäki duşuşygymyz özbek halkynyň beýik ogly Amir Teýmuryň 660 ýyllygy bilen gabat gelenligi örän begendirýär. Türki dilinde gürleýän döwletleriň prezidentleriniň onuň ýadygärligine bagyşlanyp geçirilýän ýubileý dabaralara gatnaşmaklary ähmiýetli taryhy wakadyr, biziň umumy mukaddes zatlarymyza bolan çuňňur hormatdyr we biziň berkeýän agzybirligimiziň şaýadydyr.

Mälim bolşy ýaly, ÝuNESKO-nyň karary bilen, bütin dünýäde Gündogaryň görnükli magaryfçysy, azerbaýjan şahyry Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýi giňden bellenýär. Ankarada, Tähranda, Bagdatda we Kerbelada, Moskwada, ÝuNESKO-nyň Pariždaky ştab-kwartirasynda ýubileý dabaralary geçirildi. Şu ýylyň noýabyr aýynyň 6-dan 9-na çenli Bakuda ähli türki dilinde gürleýän halklaryň beýik ogly Fizuliniň ýadygärligine bagyşlanyp, jemleýji baýramçylyk dabaralary geçiriler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly dostlar siziň hemmäňizi Azerbaýjanda geçiriljek ýubileý dabarala çagyrýaryn.

Siziň alyhezretleriňiz!

Dünýädäki geosyýasat ýagdaýyny üýtgeden wakalar XX-nji asyryň soňky ýarymynyň nyşany boldy. Totalitar režimleriň ýykylmagy, täze ýurtlaryň öz döwlet garaşsyzlygyny almagy we dünýäde demokratik gymmatlyklaryň ýaýramagy - bularyň ählisi çuňňur kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Şoňa garamazdan, dünýädäki howpsuzlyk artmaýar. Separatizmiň, agressiw milletparazlygyň, halkara terrorizmiň we bolan döwlet serhetleri üýtgetmek maksady bilen güýç ulanma synanyşmalaryň ýüze çykmagy gönümel halkara durnuklylygy, şol sanda hem biziň sebitimizdäki durnuklylygy howp astyna salýar.Bu ýagdaý bolsa, halkara hukuk kadalaryny, territorial bütewiliginiň esaslaryny we biziň ýurtlarymyzyň dünýade ykrar edilen özygtyýarlygynyň we serhetleriniň bozulmazlygynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini bilelikde berk goramaklygy talap edýär.

Ermenistan Respublikasynyň garaşsyz Azerbaýjan Respublikasyna garşy agressiýasy indi sekiz ýyl bäri dowam edip gelýär. Onuň netijesinde biziň ýerlerimiziň 20 göterimi basyp alynýar, raýatlarymyzyň milliondan gowragy bosgun bolup, agyr şertlerde çadyrly şäherjiklerde ýaşaýar.

1994-nji ýylyň maý aýynda atyşyk bes edilip, gan döküşik saklanýar. Emma, OBSÝe-niň Minskdäki toparyň çäklerinde we gönümel gepleşikleriň barşynda edilen tagallalarymyza garamazdan, henizem ýaraşyk şertnamasyna gol çekilmedi. Wagşyçylykly weýran edilen we talanan azerbaýjan şäherdir obalary agressoryň ygtyýarynda bolmagyny dowam edýär.

Biz öz tarapymyzdan parahatçylygyň ugrunda elimizde baryny edýäris. Azerbaýjan döwletiniň düzüminde Nagornyý Karabahyň ermenilerine awtonomiýanyň iň ýokary statusyny bermäge taýýardygymyzy birnäçe gezek mälim etdim.

Şonuň bilen birlikde, biz ermeni tarapyň Nagornyý Karabaha garaşsyzlyk berilmegi ýa-da onuň Ermenistana goşulmagy baradaky talaplary bilen asla razylaşmarys. Biz Azerbaýjanyň milli bähbitleriniň çäklendirilmegine ýol berip bilmeris. Ýogsa-da, bular ýaly synanyşmalar bar bolan ähli halkara kadalara we esaslara gabat gelmeýär. Şu günki dünýäde kanunlaşdyrylan ýer basyp alma ýol berilmesizdir. Nirede bolsa-da hiç ýurt onuň bilen razylaşmaly däldir.

Biz mundan beýläk hem, ermeni azerbaýjan dawanyň parahatlyk ýol bilen çözülip, ermeni harby bölümleriniň ähli basyp alynan azerbaýjan ýerlerinden çykarylmagynyň, şeýle hem azerbaýjan bosgynlarynyň öz mähriban ýerlerine dolanyp gelmeginiň we Azerbaýjanyň territorial bütewiligini dikeldilmeginiň ugurynda çalyşarys.

Sözümiň ahyrynda, biziň Daşkentde geçýän duşuşygymyz türki dilinde gürleýän döwletleriň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň işinde we biziň sebitimizde durnuklylygy we parahatçylygy üpjün etmekde möhüm döwür boljagyna ynanýandygymy bildirmäge rugsat ediň. Men Islam Karimowyň biziň maslahatymyzyň hemişe hereket edýän sekritariatyny döretmek baradaky teklibini bütinleý gollaýaryn.

Üns berenligiňiz üçin minnetdarlygymy bildirýärin.

"Bakinskiý raboçiý" gazeti, 1996-njy ýylyň 24-njioktýabyry.