Azerbaýjan Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň başlygy Geýdar Alirza oglu Aliýewiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisi tarapyndan geçirilen mejlisde eden çykyşy - 1993-nji ýylyň 15-nji iýuny


Hormatly deputatlar, hormatly Prezident!

Maňa uly ynam bildirendikleri üçin, Milli Mejlisiniň agzalaryna we Azerbaýjanyň Ýokary Sowetine minnetdarlygymy bildirýärin we ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, bu agyr ýüki çekmäge çalyşjakdygyma we bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmäge synanyşjakdygyma sizi ynandyrýaryn. Azerbaýjan Respublikasynyň şu günki ýagdaýynyň agyr we çylşyrymlydygyna, doly jogapkärçilik bilen düşünýänligimi belläsim gelýär. Işe başlamak bilen, öz jogapkärdigime düşünýärin we şulardan ugur alyp, ähli gujur-gaýratymy gaýgyrmaryn. Men bu ýerde uzak çykyş etmekçi däl. Emma käbir zatlary aýtmaga borçlydyryn. Ýokary Sowetiniň başlygy bolup, azerbaýjan halkynyň taryhy üstünligi bolan, Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygyny goramak, berkitmek we ösdürmekligi öz esasy wezipelerimiň biri diýip, hasap edýärin. Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygy, 1918-nji ýylda döredilen birinji Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň düzgünlerine we dünýäde bolup geçýän prosesleriň häzirki zaman talaplaryna esaslanyp, üpjün edilmelidir. Men hemişe şonuň ugrunda işlärin we galan ömrümi, diňe Azerbaýjan Respublikasynyň, garaşsyz döwlet hökmünde ösüşine bagyşlajakdygyma, goý hiç kim şübhelenmesin. Şonuň bilen birlikde, meniň pikirimçe, her näme bolsa-da, Azerbaýjan Respublikasy öz garaşsyzlygyny hiç wagt ýitirmez, hiç döwletiň düzümine girmez we başga döwletiň ygtyýarynda bolmaz diýip, aýdasym gelýär. Öňki Sowet Soýuzy dikeldilip, Azerbaýjan Respublikasynyň hem oňa girmekliginiň mümkinligi hakynda her hili gürrüň bar. Olaryň barysy gury hyýaldyr. Men bu pikirleriň ählisini ret edip, Azerbaýjanyň ähli raýatlaryny hem bu pikirleri ret etmeklige çagyrýaryn.

Respublikanyň öňünde uly we çylşyrymly wezipeler dur. Garaşsyzlygyň, özygtyýarlylygyň üpjün edilmegi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistanyň tarapyndan basyp alynan ýerlerini gaýtarmaly. Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bütewiligi üpjün edilmeli, uruş ýatyrylyp, parahatçylyk amala aşyrylmaly. Azerbaýjan Respublikasynyň raýatlary parahatçylyk we abadançylyk ýagdaýynda ýaşap, öz dowletini, öz islegine görä gurmalydyr. Şonuň üçin bu mesele wajyp meseleleriň biri bolyp durýar. Bu meseleler soň hem Ýokary Sowetiniň ünsüniň merkezinde bolmalydyr. Men sizi, ählisiniň şolar ýaly bolmalydygyna ynandyrýaryn.

Düýn yglan edilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň we Türkiýeniň inisiatiwasy bilen gol çekilen resminama, biziň ýuwaş-ýuwaşdan uruş ýagdaýyndan çykmagymyzyň ugrunda birinji ädimdir. Mümkin, Azerbaýjan Respublikasy öz ähli ýerleriniň eýesi bolmagy we biziň halkymyzyň uruş ýagdaýyndan çykmagy üçin, gelejekde, bu ugurda has degerli çäreler görülmelidir.

Şeýlelikde, Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet garaşsyzlygy - iň möhüm meseledir. Garaşsyz Azerbaýjanda demokratiýany ösdürmeli. Dürli ýol bilen, syýasy plýuralizmi höweslendirmeli. Azerbaýjan Respublikasynyň esasy kanuny bolan, Konstitysiýanyň düzgüniniň bozulmagyna ýol berilmeli däl. Döwleti gurma bilen jemgyýeti formirleme, diňe demokratik ýörelgelere esaslanmaly. Syýasat bilen ykdysadiýetiň başynda, azatlyk, garaşsyzlyk, adamyň erkinligi we hukuklaryny goramak esaslary, şeýle hem erkin bazar ykdysadiýet esaslary durmalydyr. Ýagny, biziň respublikamyz, bir ýyl mundan ozal başlan ýolundan ýöremelidir. Ol dogry we ynamly ýol, biziň respublikamyz bolsa, şol ýoldan ynamly ýöremelidir. Siz meniň, hemişe şol ýola wepaly boljakdygyma ynanyp bilersiňiz.

4-nji iýunda Gänjäde bolup geçen wakalar, biziň respublikamyzyň şu günki kyn ýagdaýynyň esasy sebapleriniň biridir. Bu wakalar elhenç, sebäbi gan dökülip, jenaýat edildi. Bularyň hemmesi derňelip, haýsy tarapdandygyna garamazdan, kanuny bozup, jenaýata gatnaşan adamlaryň ählisi kanunyň öňünde jogap bermelidir. Bu işiň üstünde deputat derňew komissiýasy işleýär. Biz bolsa, tiz wagtyň içindde, bu kyn ýagdaýy düzetmelidiris. Düýn Prezident Abulfaz Elçibeý bilen gürrüňdeş bolduk, şeýle hem men Gänjäde ýanym bilen giden adamlar bilen, ýüzbe-ýüz bolup, gepleşikler geçirdim. Şonuň üçin, biziň tagallalarymyzyň hemmesi, emele gelen kyn ýagdaýy düzedip, çaknyşygy ýatyrmaga kömek eder diýip, pikir edýärin. Emma men öň hem aýdypdym we ýene-de aýdýaryn: nähili ýagdaýlar bolanda-da, men ýarag ulanmaklygyň tarapdary bolyp bilmerin. Bu çaknyşyk, diňe parahatlyk ýoly bilen, ylalaşyk, düşünişme we gepleşikler arkaly çözülmelidir. Biziň halkymyzyň parasatlylygy, abraýly adamlaryň, azerbaýjan intelligensiýasynyň we azerbaýjan ýaşulylarynyň, köpçülik bolup, edýän tagallalary we biziň alyp barýan işimiz, ony gürrüňsiz, üpjün eder diýip, pikir edýärin.

Azerbaýjanda demokratik, garaşsyz respublikany gurup, siwilizleşen jemgyýeti gurmak ugrunda, biz dünýä ýaýran, umumy ynsaniýet gymmatlyklaryndan peýdalanmalydyrys. Biz Azerbaýjanyň, ençeme ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda ilkinji gezek garaşsyzlygyny gazanyp, bütin dünýä öz taryhy üstünliklerini, milli däplerini görkezip bilmegi ugrunda çalyşmalydyrys. Azerbaýjan halkynyň, şu nukdaýnazardan seredeniňde, örän uly taryhy we häzirki zaman potensialy bardyr diýip, pikir edýärin. Eger bularyň ählisinden netijeli peýdalanylsa, onda Azerbaýjan hem garaşsyz, demokratik döwlet bolar, biziň jemgyýetimiz hem, demokratik, hukuk we umumy ynsaniýet gymmatlyklarynyň esasynda gurulan jemgyýet bolar. Şonuň üçin, biziň ylymymyz, medeniýetimiz, taryhy däplerimiz we biziň dini esasymyz bolan Yslam hem, bularyň ählisi bilelikde, uly esasy emele getirýär. Biziň wezipämiz bolsa, bularyň ählisinden netijeli peýdalanmakdyr.

Azerbaýjandaky dartgynlyk diňe bir karabah meselesi, ýagny Ermenistanyň Azerbaýjana garşy agressiýasy bilen bagly däl. Gänjädäki wakalar ýaňy bolup geçdi. Nebsimiz agyrsa-da, dartgynlygyň döremeginiň sebäpleriniň biri, Azerbaýjanda uzak ýyllaryň dowamynda ýaşan halklaryň we etnik toparlaryň arasyndaky aragatnaşygyň, belli bir derejede erbetleşmekligidir. Azerbaýjan onýyllyklaryň, ýüzýyllyklaryň dowamynda, bu ýerde ýaşaýan adamlaryň Watany bolupdy, mundan beýläk hem Watany bolup galmalydyr. Azerbaýjan Respublikasynyň çäginde ýaşaýan ähli raýatlar, milletine, dinine we syýasy degişliligine garamazdan, deň hukuklardan peýdalanmalydyr. Eger biz, şu düşünjelere esaslanyp, olary durmuşa geçirmegi başarsak, onda biz, Azerbaýjan Respublikasynda ýaşaýan ähli halklaryň we milletleriň doly birleşmegini üpjün edip bileris. Bu biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Biz ony gazanarys diýip, pikir edýärin.

Geçen ýyla nazar salsaň, daşary syýasatynyň çäginde köp iş edilipdir. Emma heniz, edilmeli işler kändir. Azerbaýjan Respublikasy, demokratik döwlet hökmünde, ähli döwletler bilen deň hukukly gatnaşyklary gurmalydyr diýip, pikir edýärin. Islendik döwleniň içerki gurluşyna, içerki syýasatynyň gönükdirlen ugryna garamazdan, biz, kadaly gatnaşyklary ýola goýmalydyrys. Ilki bilen, biziň ýakyn goňşylarymyz bilen medeni, ykdysady döwlet gatnaşyklaryny ýola goýmalydyrys. Bu nukdaýnazardan seredeniňde, gürrüňsiz, Türkiýe Respublikasy bilen bolan gatnaşyklar respublikanyň ilaty tarapyndan goldow tapýar. Eýran Yslam Respublikasy bilen aramyzdaky bolan gatnaşyklar hem has-da gowulandyrylmaly we ösdürilmelidir. Russiýa beýik döwlet, biziň demirgazykdaky goňşymyz. Gürrüňsiz, Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar, mundan beýläk, has gowy, giň we has-da netijeli bolup, garaşsyzlyk ýörelgelerine esaslanmalydyr. Öňki Sowet Soýuzyň düzüminde bolan, Ukraýina, Belorussiýa, Gruziýa, Orta Aziýa döwletleri, Gazahstan we Pribaltika respublikalary ýaly ähli döwletler bilen, has ysnyşykly, iki taraplaýyn gatnaşyklary gurmalydyrys. Bu bize gaty gerek zat. Sebäbi, bu döwletler bilen ençeme ýyllar, ýüzýyllyklar boýy öran ýakyn ykdysady, medeni we adamkärçilikli gatnaşyklar dowam edip gelýär. Azerbaýjan Respublikasynyň düzülip, ösmegine, hut şular ýaly syýasatyň kömek etjekdigine, men şübhelenmeýärin.

Azerbaýjan Respublikasy eýýäm, bütindünýä derejesine çykdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň soňky döwürde, Azerbaýjan Respublikasyna bolan garaýşy biziň ählimizi begendirýär, aramyzdaky gatnaşyklar bolsa, has-da çuňlaşyp, ösdürilmelidir diýip, pikir edýärin. Biz ýewropa ýurtlaryň hemmesi bilen, hususan-da Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bilen aramyzdaky bolan gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmalydyrys. Ähli musulman, arap we türki dillerinde gürleýän ýurtlar bilen aramyzdaky gatnaşyklarymyz, has çalt depginde amala aşyrylmalydyr. Sözüň gysgasy, men diňe, daşarky syýasata degişli garaýşymy bildiresim gelýär. Ýokary Sowetiniň başlygy hörmünde, şu ugurda işlärin we biziň prezidentimiziň, Ýokary Sowetiň we hökümetiň işleriniň rowaçlanmagy ugrunda çalyşaryn.

Şu wagt bolsa, iň möhüm zat, Gänjädäki wakalary we olaryň netijesinde, emele gelen dartgynlygy ýok etmekdir. Bu ýerde, Milli Mejlis tarapyndan geçirilýän mejlisde, şu münberden, Azerbaýjanyň ähli raýatlaryna, doganlarymyza, uýalarymyza, çagalarymyza ýüzlenip, biziň respublikamyzyň, şu wagt, örän kyn ýagdaýdadygyny habar edýärin. Ýene-de gaýtalaýaryn, öňümizde duran iň uly kynçylyk, ol biziň basyp alynan ýerlerimizi gaýtarmak we Azerbaýjanyň özygtyýarlygyny we territorial bütewiligini üpjün etmekdir. Şonuň üçin, hemme içerki agzalalyklar we içerki jedeller goýulmalydyr. Men, bütin azerbaýjan halkyna ýüzlenýärin we Gänjä şäheriniň ilatyna ýüzlenýärin, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň deputaty Suret Guseýnowa we onuň ýaragdaş ýoldaşlaryna ýüzlenýärin we olaryň ählisini parasatlylyga we adamkärçilikli gatnaşykda bolmaklyga çagyrýaryn. Häzir biziň respublikamyz, hemme zatdan beter, hut şoňa mätäçlik çekýär. Olar we bütin azerbaýjan halky, indi biziň bile bolmalydygymyzy bilmelidir. Azerbaýjanyň bu agyr ýagdaýyndaky döwürde, bize uly howp abanýar. Bu döwürde hemme güýçler birleşmelidir, ähli syýasy partiýalar, ähli syýasy düzümler, ähli syýasy we jemgyýetçilik guramalar we ähli adamlar - ählisi birleşmelidir. Hemmeler öýke-kineleri ýatdan çykarmalydyr. Biziň hemmämiz birleşip, Azerbaýjany bu agyr ýagdaýdan çykarmalydyrys. Gänjä şäheriniň ilaty we oňa goňşy bolup ýerleşýän etraplaryň adamlary, meniň sesimi eşidip, ony goldarlar diýip, pikir edýärin. Suret Guseýnow hem meniň sesimi eşidip, özüni parasatly alyp barsa, biz doly ýagdaýda bu belanyň soňuna çykarys. Men siziň ähliňizi şonuň ugrunda hereket etmäge, birleşmäge çagyrýaryn. Ownuk öýke-kineleriň we gybatlaryň goýulmagyny haýyş edýärin, olaryň wagty geler. Kimde biri bilen baglanyşykly müşgiller bar bolsa, soň çözsün. Häzir, onuň wagty däl.

Şol mynasybetli, ýene bir meselä degesim gelýär. Eger Geýdar Aliýew Azerbaýjanda ýaňadan haýsy-da bolsa, bir wezipäni eýelese, kimdir-birinden ar alyp başlar, öz wagtynda oňa garşy bolanlara, ýa-da oňa erbet garanlara, ol hem erbet garar diýen, käbir toparlarda, men hakda gürrüň gidýär. Men siziň we bütin azerbaýjan halkynyň öňünde, meniň häsiýetimde, asla ar alma duýgysy ýok diýip, doly jogapkärçilik bilen habar edýärin. Ony diňe käbir adamlar, ýasamalyk bilen toslapdyr, özi hem meni, diňe bir garalamak bilen çäklenmän, bizi aýra salmakçy bolýandyklary hem görünip dur. Men hiç haçan, ar alma duýgusyna çümüp, ilden çetleşip galmajakdygyma size söz berýärin. Eger kimdir biri, haçan hem bolsa, maňa nädogry garan bolsa, men bireýýäm olary bagyşladym diýip, ynanyp bilersiňiz. Men hiç haçan, özümi olar ýaly duýgylaryň derejesindäki peslige düşürmedim, ony hiç haçan hem etmerin. Onuň sebäbi bolsa, şu wagt, siziň maňa şeýle ynam bildirenligiňiziň netijesinde, meniň şular ýaly wezipäni eýelänligim däldir. Ýok. Meniň, adaty raýat hökmünde, hiç haçan we hiç kim bilen duşman bolmak, ar almak ýa-da kimdir birine erbetlik etmek niýetim ýokdy, gelejekde hem bolmaz. Emma wezipäniň çäklerinde, şübhesiz, biziň her birimiz tertip-düzgüni berjaý etmäge borçlydyr, biziň her birimiz kanuna tabyn bolmalydyr, hemmeler kanuna eýermelidir we kanunyň başda durmaklygyny üpjün etmelidir, men hem elbetde, bu ýolda, öz garaýyşlarymdan dönmerin.

Ýokary Soweti we Azerbaýjanyň Prezidenti Abulfaz Elçibeý bilen hemmämiz bilelikde, bu ýagdaýdan çykalga tapyp bileris diýip, pikir edýärin. Şol sebäpli, men siziň ähliňizi jebislige, bütewilige çagyrýaryn.

Sag boluň!