Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň NATO-nyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda eden çykyşy. Waşington, 1999-njy ýylyň 26-njy apreli.


scotch egg
scotch egg
scotch egg
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb

Hormatly jenap başlyk!

Hanymlar we jenaplar!

Tüýs ýürekden döwletleriň we ýurtlaryň hökümetleriniň baştutanlaryny – agzalary we hyzmatdaşlary, Demirgazyk-Atlantika bileleşigiň ýolbaşçylaryny NATO-nyň (Demirgazyk-Atlantika şertnamasynyň guramasy) 50 ýyllyk ýubileýi bilen gutlaýaryn.

Biz NATO-nyň parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmakda ýerine ýetirýän wezipesiniň gadyr-gymmatyny bilýäris, ony umumy ýewropa howpsuzlygynyň möhüm guraly diýip, hasap edýäris.

Dünýä sosialistik sistemasynyň dargap, Warşawadaky şertnamanyň bozulmagyndan soň, XXI-nji asyryň bosagasynda düýbünden başga ýagdaý emele gelýär. Demokratiýa we erkinlik, adamyň hukuklarynyň goralmagy dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň we halklarynyň ýokary maksadyna öwrülýär. Ägirt tebigy energetiki baýlyklara, Ýewropa bilen Aziýanyň sepindäki ajaýyp geostrategik oruna eýe bolan Azerbaýjan Respublikasy bazar ykdysadiýetli demokratik döwleti gurmaklygyň we dünýä bileleşige hakyky integrasiýa ugrundaky ýol bilen barýar. Milli maksatlaryň we ideallaryň birligi bolsa Azerbaýjan bilen ABŞ-nyň we ýewropaly hyzmatdaşlaryň arasyndaky giň hyzmatdaşlygyň ösüşiniň berk we mizemez esasy boldy.

Şonuň bilen birlikde totalitar edara ediş usullaryň dargamagynyň netijesinde millionlarça adamlary ölüme sezewar edip, weýrançylyklary döredýän, parahatçylygy we planetanyň dürli sebitlerindäki durnuklylygy howp astyna salýan ýaragly çaknyşyklar, separatizm, etnik arassalamalar emele geldi.

Soňky on ýylyň dowamynda azerbaýjan halky şol hadysalara duçar bolup, olaryň ählisini başdan geçirip gelýär.

Azerbaýjana esassyz territorial talaplaryny bildirýän goňşy Ermenistanyň harby agressiýasynyň netijesinde azerbaýjan ýerleriniň ýigrimi prosente golaýy basyp alyndy, biziň raýatlarymyzyň bir milliondan gowragy öz territoriýasynda etnik arassalama sezewar bolup, gaçgak boldy.

Biz Ermenistan bilen aramyzda bolan dawany tiz wagtyň içinde parahatlyk bilen çözmekde ähli güýjimizi goýup, OBSÝe-niň (Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy) Minskdäki toparynyň we oňa bilelikde başlyklyk edýän Russiýanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň işine uly umyt baglaýarys. Dawadaky taraplarynyň birini ýarag bilen bikanun üpjün edip, sebitde ýaraglanyşygy haýdatmagyň ýoluny açmak ugrundaky synanyşyklary düýbünden ýol berilmesiz diýip hasap edýäris.

Biz öňki sowet giňişligindäki we Ýugoslawiýadaky bar bolan ähli dawalaryň tiz wagtyň içinde parahatlyk bilen çözilmeginiň, Kosowodaky etnik arassalamalaryň bes edilip, ýerli ilatyň özüne mähriban bolan ýerlerine gaýdyp gelmeginiň tarapdary bolup çykyş edýäris. Dünýä bileleşigi agressiw etnik ýigrenjiligiň we separatizmiň närazylyk aňlatmalaryna adekwat jogap bermelidir.

Biz NATO bilen “Parahatçylygyň hormatyna hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris we öz tarapymyzdan Azerbaýjan bilen Demirgazyk-Atlantika bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmaklyga dürli ýol bilen ýardam ederis. Biz NATO-nyň Waşingtonda geçýän maslahatda teklip eden täze strategik baş ýörelgesini makullaýarys.

Polşanyň, Wengriýanyň we Çehiýanyň prezidentlerini döwletleriniň NATO girmekligi mynasybetli gutlaýaryn. Täze döwletleriň NATO kabul edilmegi, şübhesiz, bütin ýewropa-atlantika giňişlikde, şol sanda kawkaz sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmeklige ýardam eder.

Parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek we adamzadyň beýik maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça asylly wezipäni amala aşyrmakda NATO soňraky üstünlikleri arzuw edýärin.

Üns berenligiňiz üçin minnetdarlygymy bildirýärin.