Welcome to Heydar Aliyevs Heritage Research Center

Geýdar Aliýewiň, 1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda bolan pajyga bagyşlanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Moskwa şäherindäki Hemişelik wekilhanasynda geçirilen ýygnakda eden çykyşy.


Hormatly ýoldaşlar, hanymlar we jenaplar!

Size mälim bolşy ýaly, men uzak ýyllaryň dowamynda Azerbaýjanyň partiýa guramasyna baştutanlyk etdim, SSKP MK-nyň (Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komiteti) Syýasy býurosynyň agzalygyna saýlandym, SSSR-iň Ministrler Sowetiniň Başlygynyň orunbasary bolup işledim. Giň infarkty geçirip, kesel sebäpli pensiýa çykanyma iki ýyldan gowrak wagt boldy. 1982-nji ýylyň dekabyrynda men Azerbaýjandan gitdim. Şu gün Azerbaýjan SSR-iň (Sowet Sosialistik Respublika) Moskwadaky Hemişelik wekilhanasynyň bosagasyndan birinji gezek ätleýärin. Azerbaýjanda bolan heläkçilik meniň bu ýere gelmegime sebäp boldy. Bu habary düýn irden eşidip, elbetde, men bu hadysa biperwaý garap bilmedim. Bu ýere, ozaly bilen, azerbaýjan topragynyň Moskwadaky uly bolmadyk adasy bolan Hemişelik wekilhanasynda, ähli azerbaýjan halkyna, uly pidalara sebäp bolan pajyga mynasybetli öz gynanjymy bildirmek üçin geldim. Ikinjiden, şu meselä bolan öz garaýyşymy bildiresim gelýär. Azerbaýjanyň Moskwadaky Hemişelik wekili Zohrab Ibragimowdan, meniň sözlerimi, agyr hasrat we çuň gynanjymy, azerbaýjan halkyna ýetirmekligini haýyş edýärin. Nebsim agyrsa-da, şu wagt başga mümkinçiligim ýok.

Azerbaýjanda bolup geçen wakalar hakda aýdanyňda bolsa, men olary hukuga garşy, bikanun, demokratiýa gabat gelmeýän, bütünleý gumanizmiň we biziň ýurdumyzda hukuk dowletini gurmaklygyň esaslaryna garşy gelýän diýip, hasap edýärin. Azerbaýjanda emele gelen ýagdaýyň belli bir sebäpleri bar. Onuň jikme-jigini çintgelemekçi däl, oňa kän wagt gerek bolar. Nagornyý Karabahda we onuň töwereginde bolup geçen wakalar sebäpli emele gelen Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky milletara konflikt iki ýyl dowam edýär. Iki ýyl diýeniň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň baştutanlarynyň, ýurduň syýasy partiýa ýolbaşçylarynyň ýokarky düzüminiň bu meseläni çözmekleri üçin, içki uruşy, milletara dawalary ýatyryp, milletine garamazdan, her bir adamyň, biziň hemmämiziň SSR-yň (Sowet Sosialistik Respublikalarynyň) federatiw Soýuzynda erkin ýaşamaklygynyň şertlerini döretmek üçin ýeterlik möhletdir.

Emma, bu iki ýylyň dowamynda şol ugurda ýeterlik çäre görülmändir diýip, hasap edýärin. Nagornyý Karabahdaky kynçylyklar emele gelen badyna, ozaly bilen, ýurduň syýasy partiýa ýolbaşçylarynyň ýokarky düzümi tarapyndan zerur bolan çäreler görülen bolsa, bu günki gün biz, dartgynlylygyň güýjemekliginiň we şu iki ýylyň dowamynda taraplaryň ikisinde hem bolan ýitgileriň köpelmeginiň şeýle hem adamlaryň gurban bolmagyna getiren, 1990-njy ýylyň ýanwar  aýynyň 19-dan 20-sine geçýän gijesinde amala aşyrylan harby herekediň şaýady bolmazdyk.

Elbetde, muňa, ozaly bilen, Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary bolup, indi bolsa wezipesinden boşadylan Wezirow günäkärdir. Ol bu belent wezipede işlän döwründe, Azerbaýjandaky ýagdaýy stabilleşdirmek ugrunda hiç zat etmeýär. Tersine, öz ýalňyş hereketleri, ýaramaz iş usuly we syýasatda başarjaňlygyny nädogry peýdalanmak bilen özüni halkyň garşysyna goýup, hiç hili abraý gazanyp bilmän, halk bilen arasyny bozýar. Halk gahar-gazaba münýär. Bakuda we Azerbaýjanyň başga şähärlerinde we etraplarynda, birnäçe aýyň dowamynda bolup geçýän mitinglarda Azerbaýjanyň partiýa ýolbaşçylarynyň wezipeden boşadylmagy talap edilýär. Esasan, gürrüň Wezirowyň wezipeden boşadylmagy hakynda gidýär. Bu meseläniň, şu wagta çenli nä sebäpden çözülmedigi düşnüksiz, emma düýn Baku şäherine goşun salynyp, weýran edilmeginden soň, hakykaty aýdanyňda, Wezirow  Azerbaýjandan gaçyp gidýär. Bu uly ýalňyşlyk. Hatalaryň iň ulysy bolsa, öz wagtynda, bu wezipä şular ýaly ýaramsyz adamyň, Azerbaýjanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary wezipesine bellenmegidir. Emma başga sebäpler hem bar.

Häzir bolsa, ýanwar  aýynyň 19-dan 20-sine geçýän gijesinde bolan we şu güne çenli dowam edip gelýän pajyganyň üstünde durasym gelýär. Atiýaçda Azerbaýjandaky ýagdaýy syýasy ýol bilen çözmeklige mümkinçilikler bardy diýip, hasap edýärin. Azerbaýjanyň ýolbaşçylary, şeýle hem döwletiň syýasy ýolbaşçylarynyň ýokarky düzümi bolsa ol mümkinçiliklerden peýdalanmaýar. Serhedi bozmaklyga synanyşmanyň öňüni almaklyga mümkinçilik bardy. Sebäbi, 3 aý mundan ozal, adamlar özleriniň serhet zolagyna degişli talaplaryny bildirdiler ahyryn. Emma hiç kim olar bilen duşuşyp, düşündiriş işini geçirip, degişli çäreleri görmek islemedi.

Adamlary rahatlandyrmak ugrundaky mümkinçilikler heniz hem tükenmedi diýip, gaýtalaýaryn. Eger 2-3 aý mundan ozal, Azerbaýjanyň partiýa ýolbaşçylaryny berkitme babatyndaky mesele çözülen bolsa, onda ol ýagdaý emele gelmän, goşun salmaklygyň hem zerurlygy bolmazdy. Her niçik-de bolsa, ähli ýagdaýlara garamazdan, meseläniň syýasy ýol, halk bilen gepleşik arkaly çözülmeginiň mümkinçilikleri bolan diýip, hasap edýärin. Emma olardan peýdalanylman, ýanwar  aýynyň 19-dan 20-sine geçýän gijesinde Baku şäherine Sowet Goşunyň, SSSR-yň IIM-niň (Içeri Işler Ministrligi) goşunynyň birikmeleri salynýar. Indi biz, ol wakanyň netijesinde, nähili heläkçilikleriň bolandygyny gowy bilýäris. Bu karara gelen adamlaryň hereketini, syýasat taýdan ýalňyş diýip, hasap edýärin. Gödek syýasy ýalňyşlyga ýol berilipdir. Asla olar, respublikadaky hakyky ýagdaýy, azerbaýjan halkynyň psihologiýasyny bilmändirler. Adamlaryň dürli gatlaklary bilen ýeterlik aragatnaşykda bolmandyrlar. Bu hadysa şular ýaly heläkçilige öwrüler diýip, huşlaryna-da gelmeýär.

Ony öňünden görüp, zerur bolan çäreler görülmelidi, haýsy zadyň has möhüm we has zerur bolanlygynyň hasaby çykarylmalydy. Harby gullukçylaryň arasynda hem wepat bolanlaryň sany az däl diýen habarlaram ýetýärdi. Ýurduň syýasy ýolbaşçylarynyň ýokarky düzüminiň  kabul eden ýalňyş karary bilen, şeýle atlandyrylýan Azerbaýjandaky pitnäni ýatyrmak üçin iýberilen rus ýigidiň ýazygy näme, diýen sorag ýüze çykýar.

Azerbaýjana daşyndan uly goşun kontingenti salynýar. Ýogsa-da, Azerbaýjanda näçe goşun bardygyny men oňat bilýärin. Ol ýerde onsuz-da, 4-nji goşun, Kaspi harby-deňiz flotiliýasy, desant goşun diwiziýasy, howa hüjüminden goranyş goşuny, IIM-niň (Içeri Işler Ministrligi) içerki goşuny ýaly ýeterlik möçberdäki goşunlar dislosirlenýärdi. Näme maksat bilen ol ýere goşmaça goşun salmaly bolýar? Gerek bolan halatynda, ol ýerde bar bolan goşunlardan hem peýdalanylsa bolardy. Bu karary kabul eden Azerbaýjanyň ýolbaşçylary, ozaly bilen hem, Azerbaýjandan gaçyp giden Wezirow onuň jogapkärçiligini çekmelidir. Ýurduň syýasy ýolbaşçylarynyň ýokarky düzümine ýalan maglumat berenler hem jogapkärçiligi çekmelidir. Öz wagtynda, Ýurduň syýasy ýolbaşçylarynyň ýokarky düzüminde ýeterlik we obýektiw maglumat bolmandyr diýip, hasap edýärin. Döwletiň ýolbaşçylary ýalňyşgyrylyp, onuň netijesinde bolsa, şeýle karar kadul edilýär.

Heläkçilige gatnaşanlaryň ählisi jezasyny çekmelidir.