Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Azerbajanyň çäklerine giň gerimlihüjüm etmegi bilen baglanşykly eden beýannamasy - Moskwa, 1994-nji ýylyň 15-nji apreli


Adatdan daşary ýagdaýlar meni şu beýannama bilen size ýüzlenmäge mejbur etdi.

1994-nji ýylyň 10-njy aprelinden başlap, Ermenistan Respublikasynyň ýaragly güýçleri Geranboý we Terter etraplara garşy, 11-nji aprelinden bolsa, Azerbaýjan Respublikasynyň Agderin we Agdam etraplaryna garşytäze giň gerimli hüjüm etmäge girişdi.Bu günler ownuk azerbaýjan bölümleriErmenistan Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň san boýunça agdyklyk edýän bölümleriniň dyngysyz çozuşlaryny serpikdirmek ugrundagan döküşikli goranma söweşleri alyp barýar. Ermenistanyň çäklerinden 3000 golaý adam sanly, onlarça bronetehnika we agyr artilleriýasy bolan, şol sandaAzerbaýjanyň görkezilen etraplarynyň ilatly nokatlaryny oka tutmakda ulanylýan “Grad” ustanowkalary bolan harby kontingentçaknyşygyň zolagyna geçirildi. Şol obalarda uly weýrançylyklar  bolup, graždan ilatynyň arasynda köp sanly gurban bolanlar hem bar.

Şeýlelikde, Ermenistan RespublikasyAzerbaýjanyň çäginde öz basypalyjylykly uruşyny dowam etdirip,AzerbaýjanRespublikasynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine kast etmek bilen azerbaýjan döwlet gurluşynyň hut özüni howp astynda goýar.

Çozuşy dowam etdirmek bilen Ermenistan Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagyndaky parahatlyk bilen çözme ýoly baglaýar.Her gezek uly araçy başlangyçlaryň barşynda ýa-da öňüsyrasynda çozujy arman, heniz  şowsuz bolan bu gan döküşikli dawany çözmek ugrundaky synanyşyklary edýän dünýä bileleşigine haýasyz garşylygyny aňladýar.

Soňky ermeni çozuşy Ermenistan Respublikasynyň agressiýasynyň maksady Azerbaýjanyň täze ýerlerini basyp almak bolan, täze tapgyry diýipkesgitleýärin. Köp sanly deklarasiýalara we dawanyň parahatlyk bilen çözülmegi ugrundaky jan etmelere garamazdan, Ermenistan Respublikasy GDA-nyň agzasy bolan garaşsyz döwletiň çäkleriniň içine eden soňky çozuşy bilen, Azerbaýjany we onuň ýolbaşçylaryny gysyp, parahatlyk bilen çözme ugrundaky ýoly baglamakdan ybarat bolan, öz hakyky niýetini görkezýär.

Aýratyn hem, ermeni ýaragly güýçleriniň täze çozuşynyň gatnaşyjylarynyň hataryna Azerbaýjan we Ermenistan girýänSBSÝe-niň Minskdäki toparynyňşu ýylyň 11-nji aprelinde Praga şäherinde açylmaly mejlisiniň bir gün öň ýany başlandygyna siziň ünsüňizi çekesim gelýär.

Ermenistan Respublikasynyň Azerbaýjana garşy agressiýasynyň güýjemekligi rus araçy başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän güýçli depginli gepleşikleriň döwründe we Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň häzirki duşuşygynyň döwründe bolup geçýär.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň 1993-nji ýylda Aşgabatda geçen mejlisinde meniň Ermenistanyň Prezidenti L.Ter-Petrosýan bilen duşuşmagymdan soň Ermenistan Respublikasynyň AzerbaýjanRespublikasy babatdaky syýasatynda oňaýly özgerişler bolmady. Ermenistanyň ýaragly güýçleri Azerbaýjanyň ýerleriniň 20 göterimden gowragyny basyp almak ugrundaky hereketini dowam edip, etniki arassalamany geçirýär, adamlar gyrylyp, çadyrly şäherjiklerde mesgen tutan million azerbaýjan bosgunlary örän gaty horluk we ejir çekýär.

Azerbaýjan dünýä bileleşiginiň şol sanda halkara guramalaryň we beýik döwletleriň araçy hökmünde eden tagallalaryna gatnaşanlaryň iň işjeňi boldy diýip, belläsim gelýär. Meniň Ermenistanyň Prezidenti bilen geçiren gepleşiklerimden başga, 1994-nji ýylyň 18-nji fewralynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministrleriniň duşuşygy, 1994-nji ýylyň mart aýynda Azerbaýjana we Ermenistana SBSÝe-niň Minskdäki toparynyň Başlygy Ýan Eliassonyň gelmegi, 12-nji martda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň parlamentleriniň spikerleriniň duşuşygy, Bakuda we Moskwada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýörite wekili W. N. Kazimirow bilen geçirilen gepleşikler, 1994-nji ýylyň mart aýynda  GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň ýaraşdyryjy toparynyň gelmegişol tagallalaryň hataryna girýär. Emma Azerbaýjanyň özara kabul ederlikli we ylalaşykly çözgüdi tapmak ugrundaky ähli tagallalary Ermenistanyň güýç ulanmagy makullaýan garaýyşlaryna duçar bolýar.

Ermenistan Respublikasy kabul ederliksiz şertleri öňünden orta atmak bilen, islendik peýdaly teklipleripuja çykarýar. Ol şertleriň esasy Azerbaýjanyň ýerinde harby plasdarm döreden Ermenistan Respublikasynyň basyp alynan ýerleri Nagornyý Karabahyň döwlet garaşsyzlyk statusyna çalyşmak, ýagny hakykatda AzerbaýjanRespublikasyny bölmek ugrunda jan etmeginden ybarat bolup durýar.

AzerbaýjanRespublikasynyň bu mesele boýunça garaýşy ähli basyp alynan ýerleri boşadyp, öz garaşsyzlygyny dikeltmegi gazanmak ugrundaky çalyşma, bosgunlary we başga ýerlere geçirilen adamlary öz hemişeki ýaşaýan ýerlerine gaýtaryp getirmek we Ermenistan Respublikasynyň agressiýasynyň netijelerini ýok etmekden ybaratdyr. Azerbaýjan uruşy islemän, Ermenistany garaşsyz döwletleriň arasyndaky aragatnaşyklaryň hemmeler tarapyndan kabul edilen ýörelgeleriniň esasyndaky parahatçylyga çagyrýar. Azerbaýjan hökümeti raýatlar arasyndaky parahatçylygyň we agzybirligiň ugrunda jan edip, Nagornyý-Karabah sebitiniň ermeni ýaşaýjylaryna, olaryňAzerbaýjan Konstitusiýasyna tabyn bolmak şerti bilen howpsuzlyklaryny we raýatlyk hukuklaryny kepillendirmäge taýýar.

Bilişiňiz ýaly, Aşgabatda Azerbaýjan syýasy ýagdaýy durnuklyetmeklige, GDA-nyň agzasy bolan her bir döwletiň garaşsyzlygynyň, territorial bütewiligniň we serhetleriniň el degirmesizliginiň özara ykrar edilmegine we olara hormat goýulmagyna gönükdirilen iki taraplaýyn we köp taraplaýyn ylalaşyklaryň ulgamynyň işläp düzülmegini teklip etdi.

Men ýaňadan şu zatlar barada aýtmaly bolýaryn, sebäbi haçan-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bir döwleti bolan Ermenistan Respublikasy GDA-nyň başga bir agzasy bolan AzerbaýjanRespublikasyna garşy açyk agressiýany amala aşyryp durka, hakykatda, işjeň halkara gurama hökmünde göresimiz gelýän Arkalaşygymyzy kämilleşdirmeginiň gelejegini puja çykarýan mahaly, durmuşyň özibu aýylganç hakykata bolan biperwaý garaýyşlary äşgär edýär.

AzerbaýjanRespublikasynyň garşysyna bolan agressiýany we onuň netijelerini ýok etjek anyk kararlaryny kabul etmek maksady bilen, sizi häzirki duşuşykda ermeni-azerbaýjan dawasy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaga çagyrasym gelýär.

Döwlet baştutanlara ýüzlenip, biz ýaňadan tutanýerlilik bilen şularyň ýerine ýetirilmegine çagyrýarys:

-         Ermenistan Respublikasynyň AzerbaýjanRespublikasyna garşy agressiýasyna syýasy taýdan baha bermek;

-         Ermenistan Respublikasyndan haýal etmän AzerbaýjanRespublikasyna garşyharby hereketleriniň bes etmegini,şeýle hem gürrüňsiz wehökmany suratda öz ýaragly güýçlerini Azerbaýjanyň çäginden çykarmagyny talap etmek;

-         Ermenistan Respublikasyndan harby hereketleriň gaýtadan başlanmazlygy boýunça kesgitli syýasy kepillendirmäni talap etmek;

-         GDA-nyň başga agzasyna garşy harby agressiýany amala aşyrýan GDA-nyň agzasy bolan Ermenistan Respublikasy babatynda çäreler görmek.

Soňraky haýal-ýagal etmeklik we hereketsizlik Arkalyşygyň ähli döwletleriniň has uly betbagtlyklara uçramagyna howp salýar.

Geýdar Aliýew,

AzerbaýjanRespublikasynyň Prezidenti.

“Bakinskiý raboçiý” gazetinden terjime edildi, 1994-nji ýylyň 19-njy apreli.