Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň Ýewropa Sowetine kabul edilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşy – Strasburg, 2001-nji ýylyň 25-nji ýanwary


Hormatly jenap başlyk!

Hormatly jenap Ministrler komitetiniň başlygy!

Hormatly jenap Baş sekretar!

Gadyrly dabara gatnaşyjylar!

Bu gün ýewropa parlamentarizminiň merkezi bolan Strasburg şäherinde, Ýewropa Sowetiniň bu gözel köşgünde, diňe Azerbaýjan Respublikasy üçin däl, eýsem tutuş Ýewropa üçin örän möhüm ähmiýeti bolan waka bolup geçýär – Azerbaýjan ýewropa maşgalasyna girýär. Bu pursat – syýasy nukdaýnazardan boluşy ýaly, taryhy we medeni nukdaýnazardan hem Ýewropanyň doly bütewiligine alyp barýan ýagdaýyň möhüm döwri bolup durýar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, Azerbaýjan öz döwlet garaşsyzlygyny yglan etdi. Azerbaýjan diňe bir soňky onýyllyklaryň dowamynda däl, eýsem öz taryhynyň soňky iki ýüz ýylynyň dowamynda Ýewropa bilen ysnyşykly aragatnaşykda bolup, umumy ynsaniýet gymmatlyklaryna esaslanmak bilen Günbataryň medeniýetini öwrenýärdi. Azerbaýjan Günbatar bilen Gündogaryň we Ýewropa bilen Aziýanyň sepinde ýerleşip, taryhy ykballaryň, dinleriň we medeniýetleriň kesişme merkezi bolup durýar, iki yklymyň, iki siwilizasiýanyň arasynda köprü bolup hyzmat edýär. Azerbaýjan halky öz gündogar köklerinden daşlaşman, Günbatar bilen Gündogaryň siwilizasiýalaryna esaslanan seýrek duş gelýän medeniýeti döretdi, Günbataryň we Ýewropanyň öňde baryjy pikirleriniň Kawkazda, Ýakyn we Orta Gündogarda ýaýramagyna ýardam etdi. XIX-njy asyryň ortalarynda musulman Gündogarda hut azerbaýjan halky tarapyndan birinji gazetiň, ýewropa nusgasyndaky birinji mekdebiň, birinji teatryň, şeýle hem edebiýatda, sungatda we jemgyetçilik pikirinde täze ugurlaryň döredilmegi, galybersede 1918-nji ýylda Gündogarda birinji demokratik nusgasyndaky dünýewi döwletiň ykrar edilmegi hut Ýewropa bilen ysnyşykly we belli bir maksada gönükdirilen aragatnaşygyň netijesi bolup durýar.

Bu gün biz diňe bir soňky ýyllaryň dowamyndaky syýasy hyzmatdaşlygymyzyň netijesini däl, eýsem ikiýüzýyllyk taryhy tejribäniň miwesini görýäris.

1991-nji ýylda döwlet garaşsyzlygyny gazanyp, Azerbaýjan, açyk, Ýewropa integrasiýa ýolyny saýlady, onuň gumanistik we demokratik gymmatlyklaryna gönükdirilen ugruny dowam etdi. Öňde baryjy ýewropa tejribesine daýanyp, biz gysga wagtyň içinde köp zatlary gazanmagy başardyk. Ähli kynçylyklara garamazdan, ykdysadiýeti liberallaşdyrma we graždan jemgyýeti döretme ýoly bilen ýöredik. Adam hukugyny goramaklygy öň hatara çykardyk, ýurdymyzy we öz raýatlarymyzy totalitar nizamyň agyr mirasyndan azat etmek ugrunda tagalla baryny etdik. Demokratiýanyň ösmeginde möhüm şertleriniň biri bolan içerki durnuklylygy gazandyk. Köp partiýaly syýasy düzgüni döredip, söz we metbugat erkinligini üpjün etdik. Esasy ýörelgesi adam hukuklarynyň we esasy erkinlikleriň goragy bolan täze Konstitusiýany kabul etdik. Gündogarda ilkinji gezek ölüm jezasyny ýatyrdyk we täze kanun çykaryjy ulgamyny döretdik, şeýle hem prezident, parlament, munisipal saýlawlaryny we birnäçe möhüm syýasy we ykdysady özgertmeleri geçirdik.

Emma, gynansak-da, biziň eden ähli tagallalarymyza garamazdan, Ýewropa Sowetiniň agzalarynyň hataryna geçýän wagtymyz bizde diňe bir pozitiw ösüş we üstünlik bolman, eýsem belli bir müşgillerimiz hem bar. Ol bolsa, ozaly bilen, bu gün bir wagtda Ýewropa Sowetiniň agzalarynyň hataryna girýän Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky, henizem çözülmedik, Nagornyý Karabah meselesidir. Bu meseleden gelip çykýan Azerbaýjanyň kynçylyklary, birinji nobatda hem, köp sanly bosgunlaryň we içerki göçüp ýören adamlaryň bolmagy, ýurduň agyr ykdysady we durmuş ýagdaýlary bizde we tutuş sebitde demakratiýany ösdürmek we adam hukuklaryny goramak ýolunda böwet bolýar.

Biziň ýurdumyzyň Ýewropa Sowetine kabul edilmegini diňe bir bilelikde amala aşyrylan uly hysyrdyly işiň netijesi diýip hasaplaman, eýsem oňa Azarbaýjana we onuň halkyna uzadylan dostlukly gol hökmünde hem baha berýäris. Şonuň üçin biziň birnäçe kynçylyklarymyz birleşen ýewropa maşgalasynda çözgüdini tapar diýip ynanýarys.

Şu minutlarda, biz hakykatdan-da, taryhy wakany başdan geçirýäris. Bahym Azarbaýjanyň tugy Ýewropa Sowetiniň köşgüniň öňünde asmana galdyrylar. Bu tuguň üç reňkiniň biri döwrebaplyga, ýagny ýewropalaşmaklyga bolan hyjuwy alamatlandyrýar. Biziň Tugymyzyň mundan beýläk öz mynasyp ýerini eýeläp, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň tuglarynyň arasynda pasyrdar diýip, özümizi bagtly saýarys. Üns bereniňiz üçin ähliňize minnetdarlygymy bildirýärin.

“Bakinskiý raboçiý” gazeti, 2001-nji ýylyň 26-njy ýanwary