Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Milli Mejlisiň Azerbaýjan DemokratikRespublikasynyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiren dabaraly mejlisinde sözlän sözi - 1998-nji ýylyň 27-nji maýy


Hormatly Milli Mejlis!

Hormatly başlyk!

Hormatly deputatlar!

Men Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň döremeginiň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny berkitmegiň hormatyna bitirjek işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.

Men Siziň hemmäňizi tüýs ýürekden gutlap, Milli Mejlisiň Azerbaýjan döwletiniň güýçli toparyny düzýän ähli deputatlaryny hormatlamak bilensalam berýärin.

Biz uly buýsanç bilen Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň80 ýyllyk ýubileýini belleýäris. Şol mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynda soňky aýlaryň dowamynda geçirilen dabaraly çäreler we ylmy maslahatlar häzirki Azerbaýjana Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň bitiren işlerini has giňden görkezdi, şol bir wagtyň özünde azerbaýjan halkynyň 80 ýylyň içinde geçen ýoluna we üstünliklerine uly baha berdi.

Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň ömri uzak bolmady. Emma ol XX-nji asyrda azerbaýjan halkynyň durmuşynda taryhy döwür bolup, biziň halkymyzyň gelejeginiň, garaşsyzlygynyň, erkinliginiň we özbaşdaklygynyň düýbüni tutdy. Hut şonuň üçin Azerbaýjanyň ähli raýatlary, biziň hemmämiz Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň döredilmegini, işini we ony döreden, şol döwürde gahrymanlykda nusga bolan adamlary çuňňur minnetdarlyk duýgusy bilen ýatlaýarys. Şol bir wagtyň özünde ondan soňky döwre hem uly baha berýäris.

1992-nji ýylyň ahyrynda azerbaýjan halky 1918-nji ýylda gazanylyp, soňra ýitirilen garaşsyzlygy dikeldýär. Indi alty ýyldan bäri biz garaşsyzlygyň şertlerinde ýaşaýarys.Azerbaýjan bütin dünýä öz garaşsyzlygyny görkezdi, ony halkara guramalarda tassyklap, baky we durnukly bolmagy üçin esas döretdi.

1918-1920-nji ýyllarda boluşy ýaly, soňky alty ýyl hem örän çylşyrymly we agyr döwür boldy. Şoňa garamazdan biz ol kynçylyklary ýeňip geçdik webiziň döwletimiz agyr şertlerde bolsa-da ýaşamagyny dowam etdirýär we gelejekde hem üstünlikli ýaşar diýip, buýsanç bilen aýtsak bolar.

Garaşsyz Azerbaýjanyň ýuridik normatiw esaslaryny döretmek üçin şu ýyllarda azerbaýjan Parlamenti, Milli Mejlis uly işleri amala aşyrdy. 1995-nji ýylyň noýabyrynda ählihalk ses bermesi arkaly garaşsyz Azerbaýjanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň birinji demokratik Konstitusiýasynyň kabul edilmegi XX-nji asyryň taryhy wakalarynyň biri bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji noýabyrynda demokratik saýlawlaryň, açyk, erkin we adalatly saýlawlaryň we Azerbaýjanyň köp partiýalylyk gurluşynyň esasynda garaşsyz Azerbaýjanyň birinji parlamenti saýlanýar.

Şondan bäri Parlament netijeli işläp, döwlet gurluşygyna, Azerbaýjandaky syýasy we ykdysady özgertmelere şeýle hem, garaşsyz Azerbaýjanyň berkemekligine we ösüşine işjeň gatnaşýar. Men Milli Mejlisiň, parlamentiň işine, aýratyn-da soňky döwürdäki işine uly baha berýärin. Döwlet we hökümet edaralary Konstitusiýa tarapyndan berkidilen wezipelerine we ygtyýarlylyklaryna ýylsaýyn has öwrenişip, olary özleşdirýärler. Bu ýagdaý bolsa, her bir döwlet edarasynyň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde netijeli işlemegine oňat mümkinçilikler döredýär.

Bu nukdaý nazardan seredeniňde Milli Mejlisiň, azerbaýjan Parlamentiniň soňky döwürde alyp barýan işleri makullama mynasypdyr. Men muňa uly baha berýärin.

Biziň durmuşymyzyň esasyny kanun düzýär. Biziň esasy kanunymyz Konstitusiýadyr. Konstitusiýanyň esasynda kabul edilýän kanunlar şu wagt we gelejekdeAzerbaýjan Respublikasynyň, Azerbaýjan döwletiniň esasy resminamalary bolup durýar. Ol kanunlar bolsa, Milli Mejlis tarapyndan ara alyp maslahatlaşylyp, kabul edilýär.

Häkimiýet bölünişiň esasynda gurulan her bir demokratik döwletde kanun çykaryjylyk işi örän uly ähmiýete eýedir. Kanun çykaryjylyk işiň netijesinde kanun döredilip, şol kanunlaryň esasynda adamlar öz durmuşyny gurýarlar we jemgyýet döreýär. Döwletiň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine mümkinçilik döreýär. Şonuň üçin döwletde iň möhüm zat kanun çykaryjylyk işidir diýip, men ýene-de bir gezek aýdýaryn. Şu nukdaý nazardan Siziň işiňiz uly ähmiýete eýedir we Siziň gazanan netijeleriňiz makullama mynasypdyr.

Azerbaýjan döwleti, Azerbaýjan Respublikasy 1918-nji ýylda döredilen Demokratik respublikasynyň dowamatydyr diýip, bu gün doly kesgitlilik bilen aýtsak bolar.Biz özümize hormat bilip, wepalylyk bilen bu dowamat ýörelgesiniň tarapyny tutýarys. Gürrüňsiz, 1918-1920-nji we 1990-njy ýyllaryň arasynda uly tapawut ýa-da bolmasa bu döwürleriň arasynda uzak aralyk bardyr. Emma bu aralyk boş bolman, şol 70 ýylyň içinde azerbaýjan halky ýaşap, döredip, halk we millet hökmünde ösüp, şu wagt Azerbaýjanda bar bolan ykdysady, syýasy, intellektual we medeni kuwwatyemele getirýär. 70 ýyllyk döwür şulardan ybaratdyr. Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň 80 ýyllygyny bellemek bilen, biz azerbaýjanhalkynyň geçen 80 ýyllyk ýoluna we onuňähli üstünliklerine baha berip, biziň üstünliklerimiz mynasybetli baýram edýäris.

Elbetde, gazanylan üstünlikler hiç bir ýurtda wehiç haçan pidasyz we ýitgisiz bolmaýar. Biziň ýurdumyzda, Azerbaýjanda hem şolar ýaly. Bu ýerdegeň galara zat ýok.Biziň taryhçylarymyz bu babatda seljerişişlerini geçirmeli we hemme zady öz ýerinde goýup, ählisine baha bermeli. Häzir biz garaşsyz Azerbaýjan döwletini gurýarys. Garaşsyz Azerbaýjan döwletini gurmak bilen, biz elmydama öz taryhy geçmişimize baha berip, üstünliklere begenýäris şeýle hem, pidalara we ýitgilere gynanýarys.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisi häzirem Demokratik respublikasy tarapyndan döredilen Parlamentiň işini dowam etdiriji bolup durýar. Dowamat hemişe uly jogapkärçiligi aňladýardy. Dowamat diýmek - ol seniň haýsydyr bir wakany gaýtalamagyňy ýa-da şol bir ýagdaýda ýaşamagyňy aňlatmaýar. Her bir dowam ediji mirasdarlyk esasyna hormat goýup, dowam edijisi bolan döwri, wakany, şol gurluşy has beýik derejä galdyrmalydyr. Biz Azerbaýjanda şony amala aşyrýarys we bu ugurda bitiren işlerimiz az däldir.

Azerbaýjanyň häzirki Milli Mejlisi dowam ediji adyny abraý bilen göterip, geçen ýyllaryň dowamynda, aýratyn-da soňky döwürde garaşsyz Azerbaýjan döwletini ösdürmek ugrunda köp işleri amala aşyrdy diýip, hasap edýärin. Men şu zatlar üçin Size öz çuňňur hormatymy bildirýärin. Gelejekde hem beýik üstünlikler gazanyp, bu hormatly ada mynasyp bolarsyňyz diýip, umyt edýänligimi bildiresim gelýär.

Azerbaýjanyň häzirki hakyky ýagdaýy ýurdumyzda has ysnyşykly bütewiligi we raýdaşlygy talap edýär.Azerbaýjanyň häzirki demokratik gurluşydöwründe häkimiýetiň ähli pudaklarynyň arasynda Konstitusiýanyň ýörelgeleriniň esasynda sagdyn gatnaşyklaryň ýola goýulanlygyna men örän şat. Bu ýagdaý bolsa, biziň hemmämiziň - parlamentiň, ýerine ýetirýän ýokary organyň, ähli ýerine ýetirýän edaralaryň we sud organlarynyň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Men parlament bilen Prezidentiňarasyndaky iş bilen baglanyşykly, sagdyn we prinsipial gatnaşyklary aýratyn belläsim gelýär.

Şu gün çykyş eden deputatlar 1918-1920-nji ýyllarda Demokratik respublikasynyň durmuşynda bolan agzalalygy, häkimiýet ugrundaky göreşiwe şahsy bähbitleriň ileri tutlmagynyň netijesinde milli bähbitleriň urga sezewar bolan halatlaryň mysallaryny hem ýatlap geçdiler. Bu zatlar hem bolupdy. Biz geçmişden sapak edinmelidiris. Biz üçin bu gün peýdaly boljak gowy taraplary ullanyp, ýaramaz taraplarynyň ýaňadan ýüze çykmaklygyna ýol bermeli däldiris.

Gynansak-da, Azerbaýjanyň garaşsyz döwlet hökmünde ýaşan 6 ýylyň dowamynda hem 1918 - 1920-nji ýyllarda bolup geçen wakalara meňzeş wakalar boldy. Emma şonuň netijesinde nahili kynçylyklar dörän bolsa-da, olar Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygynyň ýoly bilen üstünlikli ýöremegine päsgel berip bilmedi, gelejekde hem päsgel berip bilmez. Her niçik-de bolsa, şoňa garamazdan bu günki gün we gelejekde Azerbaýjanyň Milli Mejlisinde, ähli döwlet edaralarynda şeýle hem biziň jemgyýetimizde, halk içinde sagdyn ýörelgeleriň, adamyň erkinligini üpjün edýän ýörelgeleriň şeýle hem, pikirler babatda plýuralizmiň we syýasy plýuralizmiň ýola goýulmagy esasynda raýatlar bütewiligi we raýdaşlygy, halk bütewiligi we raýdaşlygy berkarar edilmelidir.

Biz şonuň ugrunda işleýäris gelejekde hem işläris.Men Azerbaýjanyň Prezidenti hökmünde bu borjumy esasy wezipäm diýip, hasap edýänligimi we bu ugurda uly üstülikleri gazanandygymyzy ynandyrýaryn. Ýöne entek edilmeli uly işler bar, ýok edilmegi zerur bolan ýetmezçilikler hem bar. Biziň bar bolan sagdyn gatnaşyklarymyzy ösdürmek ugrunda bilelikdäki işimiziň netijesinde Azerbaýjanyň jemgyýetinde we döwlet edaralarynda has gowy ýagdýy we sagdyn meýilleridöredip, biz berk bütewiligi we raýdaşlygy gazanarys diýip, umyt edýärin.

Men ýene-de bir gezek Sizi baýramçylyk bilen gutlap, Azerbaýjanyň parlamentinde, Milli Mejlisinde demokratik respublikasynyň 80 ýyllygynyň ýörite ara alyp maslahatlaşylmagy we dabaraly maslahatynyň geçirilmegi belli waka boldy diýip hasap edýärin. Siziň ähliňize berk jan saglygyny we işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.

Baýramyňyz gutly bolsun!

"Bakinskiý raboçiý" gazeti, 1998-nji ýylyň 28-nji maýy.