Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Zakawkazýedäki Russiýa goşunlarynyň serkerdesi, general - polkownik Fýodor Reut bilen duşuşygynda eden çykyşy 1994-nji ýylyň 6-njy ýanwary

Zakawkazýe sebidiň özara baglanyşykly bolany sebäpli hem-de Siziň Gruziýada we Ermenistanda dislosirlenýän Russiýa goşunlaryna serkerdelik edýäniňiz sebäpli, mümkin, biz has öň duşuşmalydyk diýip, pikir edýärin. Emma şertler birhili mümkinçilik berenokdy. Onuň bilen aramyz gowy bolan Gruziýa Respublikasy bilen özara gatnaşykda biziň respublikamyzyň bähbidine täsir edýän meseleleri çözmek üçin, men Eduard Şewarnadze bilen we bu respublikanyň başga ýolbaşçylary bilen duşuşdym. Olar bu ýere gelipdi, ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly aýratyn hem Gruziýany energiýa bilen üpjün etmekde kömek bermeklige degişli köp sanly meseleler çözildi. Emma gynansak-da, Ermenistan bilen aramyzda uruş ýagdaýy dowam edýär. Siziň goşunlaryňyz, ýagny Russiýa Federasiýasynyň goşunlary bolsa, Gruziýanyň we Ermenistanyň çäklerinde dislosirlenýär. Bize aragatnaşyk saklamazlyk mümkin däl. Dogrusy, aramyzda telefon arkaly aragatnaşyk boldy, şeýle hem biziň wekillerimiz siziň bilen duşuşdylar. Emma, aragatnaşyklarymyzda haýsydyr bir hatalaryň goýberilmezligi üçin biz has ysnyşykly aragatnaşykda bolmaly diýip, pikir edýärin. Sebäbi, aragatnaşyklar we duşuşyklar bolan ýagdaýynda, meseleler has aňsatlyk bilen çözülýär, emma, gatnaşyk bolmasa, haýsydyr bir, mümkin, onçakly ähmiýeti bolmadyk bir kiçi mesele hem uly müşgiliň emele gelmegine sebäp bolýär.

Biziň respublikamyzyň Gruziýa bilen hiç hili meselesi ýok. Biziň bu döwlet bilen taryha görä öňat we kämilleşen dostlukly hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz bar. Emma, goňşy ýutda bolup geçýän hadysalara biperwaý garap bilmeýänligimiz sebäpli, umuman Gruziýadaky ýagdaý bizi alada goýar. Ýöne bizi Gruziýada ýaşaýan azerbaýjanlylaryň ýagdaýy has hem rahatsyzlandyrýar. Olaryň sany hem az däl, bizdäki maglumatlara görä 600 müňe golaý adam. Üstesine-de, Marneuli, Bolnisi, Dmanisi we Gardabani etraplarda olar ykjam we az ýer tutup ýaşaýarlar. Bize kä halatlarda käbir azerbaýjanlylara garşy zorluk, adalatsyzlyk we şuňa meňzeşler edilenligi barada ýnjalyksyzlandyrýan habarlar gelýär. Biziň wekillerimiz ol ýere barypdylar. Döwlet sekretary Lala-Şöwket Gajyýewa hem ýörite sapar bilen Gruziýa zyýaratda boldy, Dmanisi we Marneuli etraplarda bolup, Gruziýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Azerbaýjanyň Gruziýa bilen goňşy bolup oturan käbir etraplarynyň wekilleri hem Marneuli we Dmanisi etraplaryň ýaşaýjylaryna gumanitar we maddy kömegini ýetirmek üçin goňşy respublika zyýarat etdiler.

Emma, gynansak-da, häzirlikçe bularyň ählisiniň netijesi ýok. Men Eduard Amwrosiýewiç Şewarnadze bilen telefon arkaly söhbetdeş boldum, şonda ol ýagdaýy tertibe salmak we şol etraplaryň milleti azerbaýjan bolan ýaşaýjylary üçin zerur bolan şertleri döretmek ugrunda ahli çäreleriň görülýänligi barada aýtdy.

Siziň harby bölümleriňiziň Gruziýanyň we bu sebidiň çäklerinde bolanlygy sebäpli, pursatdan peýdalanyp, men bu meselä ünüs bermegiňizi haýyş edip, Size hem ýüzlenýärin. Milleti azerbaýjan bolan şol adamlar Gruziýanyň raýatlary bolup durýar, olar asyrlar boýy şol ýerde ýaşap gelýärler, ol olaryň watany we dogduk mekany, şol sebäpden, olaryň howpsuzlygyny, adaty durmuşyny we arkaýyn zähmet çekmäge mümkinçiliklerini üpjün etmek zerur bolup durýar. Bizi käbir alamatlar alada goýar, men şol barada Eduard Amwrosiýewiç Şewarnadze hem aýdypdym. Ol ýerde bolup geçýän käbir ýaramaz hadysalaryň öňi alynmasa, agyr kynçylyklaryň emele gelmegi mümkin. Emma, ýagdaý agyrlaşan soň boljak zady şu wagt Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky harby hereketlere öwrülen we karabah dawasy diýilip atlandyrylýan çaknyşygyň mysalynda anyk görýäris. Şonuň üçin meniň Size bolan birinji haýyşym şundan ybarat. Sizden şulara ünüs bermegiňizi haýyş edesim gelýär.

Men birnäçe gezek Azerbaýjan döwletiniň adyndan beýan etdim, bu gün hem Siziň bilen duşuşygymyzdan peýdalanyp, aýdýaryn - biz bu meseläniň parahatlyk bilen çözülmeginiň tarapdary. Biz bu urşuň ýatyrylmagyny isleýäris. Ol 6 ýyl mundan ozal başlandy, geçen ýyllar bolsa, onuň azerbaýjan we ermeni halklaryna deň derejede betbagtlyklary getirendigini ynandyryjy şekilde bütin dünýä görkezdi. Bu urşuň netijeleri Ermenistandaky ekstremistik güçleriniň garaşany ýaly bolmaz. Şonuň üçin meniň ozal diýişim ýaly, şu wagt hem aýdýaryn: bu meseläni syýasat babatyndaky dünýä tejribesinden ugur alyp, parahatçylykly ýol bilen çözmeli. Biz Ermenistanyň çäkleriniň bir metrini hem basyp almadyk, emma ermeni harby birikmeleri bolsa, Siz harby adam bolup, muny gowy bilýärsiňiz, Azerbaýjanyň ýerleriniň 20 göterimini diýen ýaly, şol sanda öňki Nagornyý-Karabah welaýatynyň çäklerinden daşyndaky ýerleri basyp aldy. Eger bu uruş ermeni tarapynyň görkezjek boluşy ýaly, Nagornyý Karabahdaky ermeni azlygynyň bähbitlerini goramak ugrunda alynyp barylýan bolsa, onda ilki bilen, Nagornyý Karabahyň özünden 50 müň azerbaýjanlylaryň kowulmagyna, Nagornyý Karabahyň çäkleriniň daşynda bolsa, ermeni ýaragly birikmeleri sebäpli ýaşaýjylary agyr ýagdaýa düşüp, köpüsi çadyrlarda ýaşaýan Laçyn, Kelbajar, Agdam, Fizulin, Jebrail, Zangilan we Gubadli diýen biziň ýedi sany etraplarymyzyň basyp alynmagyna nädip düşünmeli. Ol adamlary ýerleşdiren etraplarymyza baryp görüp bilersiňiz. Şol etraplaryň onýyllyklaryň we ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy baýlyklary bolsa, talanyp weýran edildi. Ol - ermeni harby birikmeleriň görkezen wandalizmi we nadanlygy. Elbetde, dünýä hiç kime we hiç haçan ol günäsini geçmez diýip, pikir edýärin. Dünýä agressorlaryň agressiýasyny bagyşlamaýar.

Şonuň üçin bu mümkinçilikden peýdalanyp, Size azerbaýjan ýolbaşçylarynyň beýannamasy mälim bolsa-da, ermeni ýaragly birikmeleriň şertsiz Azerbaýjanyň çäklerinden we owaly bilen öňki Nagornyý-Karabah welaýatynyň çäklerinden daşyndaky ýerlerden çykan ýagdaýynda biz bu meseläniň parahatlyk bilen çözülmeginiň tarapdarydyrys diýip, men öňem beýan etdim we ýene-de hut siziň özüňize aýdýaryn. Şunuň ýaly teklipler öňem berilipdi we häzirem berilýär. Emma, agressorlar harby taýdan wagtlaýyn, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn, wagtlaýyn artykmaçlykdan peýdalanyp, bu ýagdaý baky dowam eder diýip hasap edýärler. Men 24-nji dekabyrda Aşgabatda geçen GDA-nyň baştutanlarynyň duşuşygynda beýannama bilen çykyş etmäge mejbur boldum. Siz onuň bilen tanyş. Ol beýannamanyň berilmegi 24-nji sentýabyrda Azerbaýjanyň GDA-nyň düzümine girip, onuň doly hukukly agzasy bolmagy üçin kollektiw howpsuzlygy baradaky Şertnama gol çekilmeginiň netijesi boldy. Emma Ermenistan hem GDA-nyň düzüminde. Şonuň üçin men Aşgabatda içerki howpsuzlygynyň üpjün edilmedik ýagdaýynda, GDA-nyň ýurtlarynyň kollektiw howpsuzlygyny üpjün etmek we bu Arkalaşygyň daşarky güýçleriň mümkin bolan çozuşyndan howpsuzlygy hakynda asla gürrüň hem bolup bilmezligi baradaky beýannama bilen çykyş etdim.

Şol sebäpden men şol ýerde we GDA girýän käbir garaşsyz döwletleriň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşliklerde biziň bu ýagdaý bilen ylalaşyp bilmejekdigimizi aýtdym. Bu beýannama öz netijesini berer diýip, pikir edýärin. Muny aýdýanymyň sebäbi, kollektiw howpsuzlyk baradaky Şertnama gol çekilen mahalynda, biz Arkalaşygynyň ähli ýurtlarynyň şol sanda Azerbaýjanyň, Russiýanyň we başga döwletleriň ýaragly güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslandyk.

Siz Gruziýadaky we Ermenistandaky Russiýa goşunlarynyň wekili. Şonuň üçin öz mümkinçilikleriňizi we abraýyňyzy Ermenistandaky käbir toparlaryň bu akylsyzlykdan ýüz öwürmegi ugrunda ulanmagyňyzy Sizden haýyş edesim gelýär. Biz meseläniň parahatlyk bilen çözülmeginiň, asudalygyň, harby hereketleriň we uruşyň ýatyrylmagynyň tarapdarydyrys diýip, gaýtalap aýdýaryn.

Soňky günler gazaply harby hereketleri gidip dur. Onuň günäkäri biz däl, sebäbi, agressorlar indi bir ýarym aýdan bäri Azerbaýjanyň çäkleriniň törüne tarap ýönelmek we biziň täze etraplarymyzy basyp almak baradaky meýilnamalary takyklap ýörler. Mümkin, bu hereketler olara öň başardandyr, emma häzir başa baranok, sebäbi olar ýeterlik derjedäki güýçli garşylyga duş gelýärler. Elbetde, bu ýagdaý harby hereketleri emele getirýär, netijede, iki tarap hem ýitgä sezewar bolýar. Şoňky döwür biziň ýaragly güýçlerimiz hem ermeni birikmelerine mynasyp gaýtawul berýärler. Olaryň hem tehniki taýdan hem adam güýji babatynda uly ýitgilere sezewar bolýandyklary, mümkin, Size mälimdir. Emma bular nämä gerek? Bize-hä munuň geregi ýok. Biz hüjüm edemzok, biz öz ýerimizde goranýarys, olar bolsa, biziň ýerimize güýç bilen girýärler.

Dogrusy, şonuň üçin men Arkalaşygyň ýurtlaryndaky, aýratyn-da Russiýadaky biziň dostlarymyz tarapyndan bu meselelerde ýeterlik tutanýerliligi görkezilmedigi üçin nagile bolýandygymy bildiresim gelýär. Aşgabatdaky beýannamada 24-nji sentýabyrda Azerbaýjanyň GDA-nyň düzümine girip, kollektiw howpsuzlygy baradaky Şertnama gol çekilenden soň Azerbaýjanyň 4 sany etraby basyp alyndy diýip, belläp geçdim. Bizde bu ýagdaý babatynda we GDA boýunça biziň ýaranlarymyzyň belli bir derejede oňa biperwaý garamaklary sebäpli närazylyk bildirmäge esas bar. Emma şonuň bilen birlikde, men diňe bu bolup geçýänleriň ählisini bes edip, ýagdaýy üýtgetmek ugrunda öz mümkinçilikleriňizi, abraýyňyzy we Ermenistanda eýeleýän ornuňuzy ulanmagyňyzy haýyş edip, Size ýüzlenýärin. Biziň harby hereketleriň bes edilmeginiň we bu meseläniň parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň tarapdarydygymyzy Size kesgitli mälim edýärin, habardar bolmagy zerurdyr diýenleriňize hem habar berip bilersiňiz.

Galan meseleleriň çözgüdi bolsa, örän aňsat. Esasy mesele - meniň aýdanlarymdyr, ol bolsa, harby hereketleriň bes edilmeginden, Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygynyň we territorial bütewiliginiň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Bu mesele boýunça men ýaňadan Size ýüzlenýärin. Goşunlaryňyzyň Ermenistana ýardam berýänligi barada köp gürrüň edilýän bolsa hem, men şol babatda gürleşesim gelmeýär diýip, gaýtalap aýdýaryn. Resmi beýannmalary bermäge mende esas ýok, emma siz Ermenistanyň çäklerinde ýerleşýärsiňiz, şol ýerlerde Russiýanyň harby bazalary bar, üstesine-de ol bazalar Russiýanyň harby bazalary hşkmünde resmi statusynyň eýesi. Ermenistan biz bilen uruşýar, biz däl-de, olar biziň ýerlerimizi basyp alýar. Şonuň üçin abraýyňyzy doly ýagdaýda ulanyp, degişli çäreleri görmegiňizi haýyş etmek bilen, Size ýüzlenmäge meniň halkara hukuk we ýuridik normalary esasynda hakym bar.

Şol çäreleri görersiňiz diýip, umyt edýärin. Zakawkaz sebitinde ýerleşýän Russiýa goşunlarynyň işini üpjün etmek üçin niýetlenen ýükleriniň Azerbaýjanyň üstünden geçirilmegi barasynda aýtsak, bu iş öň hem biz tarapdan üpjün edilýärdi gelejekde hem amala aşyrylar, sebäbi, Russiýa bilen, elbetde, edil şonuň ýaly, Russiýa Federasiýasynyň goşunlary bilen hem biziň dostlukly gatnaşyklarymyz bar, gelejekde hem dowam eder. Men bu gatnaşyklary berkitmek ugrunda ähli çäreleri görýärin. Emma, harby bölümlere niýetlenip, Azerbaýjanyň üstünden Gruziýa ýa-da Ermenistana geçirilýän ýangyç soňra ermeni ýaragly birikmeleriň eline düşüp, biziň garşymyza ulanylýandygy barasynda bize örän köp sanly habarlar gelip düşýär. Häzirki ýagdaýda men bular barasynda yşaratlar we habarlar diýip, gürrüň edýärin. Üstesine-de bularyň ählisi ulaldylýar. Ýaşyrman aýtsam, hatda ermeni ýaragly birikmelere belli bir derejede kömek edýän ýükleri Azerbaýjanyň üstünden geçirýänimiz üçin bize Azerbaýjanyň ilatynyň dürli gatlaklary tarapyndan günä ýöňkelýär. Bulary Siziň bu meselelere ýene-de bir gezek ünüs bermegiňiz üçin aýdýaryn.

«Bakinskiý raboçiý» gazeti, 1994-nji ýylyň 11-nji ýanwary