Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň, Hojaly şäherindäki genosidiň üç ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabarada eden çykyşy - Baku, "Tezepir" metjidi, 1995-nji ýylyň 26-njy fewraly.

Hormatly watandaşlar! Hormatly musulmanlar!

Şu gün biz, matam güni sebäpli, Allahyň öýi bolan, "Tezepir" metjidinde ýygnandyk. Biz Hojalydaky genosidiň, Hojalydaky pajyganyň üç ýyllygyny belleýäris.

Azerbaýjan halky öz köp asyrly taryhynyň dowamyndaky durmuş ýolunda beýik ýeňişler gazanyp, iň ýokary derejelere ýetip, dünýä medeniýetini baýlaşdyrdy. Musulman dünýäsi dünýä medeniýetine Kurany Kerim ýaly mukaddes kitaby sowgat etdi. Azerbaýjan halky öz köp asyrly taryhynyň dowamynda belalara hem uçraýardy, dürli döwürlerde pajygalar hem bolup geçipdi. Netijesinde biziň ýerlerimiziň bölünip, olaryň bir bölegi ýitirilen, raýatlarymyzyň heläkçiligi we gan döküşik bolan, alty ýyldan gowrak dowam edýän ermeni basybalyjylaryň, okkupantlaryň biziň halkymyza garşy agressiýasy, ol pajygalaryň biridir. Emma ol belalaryň iň elhenji, biziň iň agyr ýaramyz, Hojalydaky heläkçilikdir.

Adamyň adama bolan wagşyçylykly garaýyşy, taryhda telim gezek görülip gelinýär. Dünýäniň köp ýerlerinde genosid hem edildi. Ermeni basybalyjylaryň Azerbaýjana garşy eden genosidi, olaryň iň aýylgançlarynyň biridir. Ermeni basybalyjylaryň azerbaýjan halkyna, millete garşy uzak wagtyň dowamynda, tutuş XX-nji asyryň dowamynda diýsek hem bolar, eden genosidleri uly urgylar boldy. Olardan iň uly, iň agyr ýaralar Hojalydaky genosid bilen alty ýyl dowam edýän uruşdyr.

Urşa ermeni agressorlar başlady. Azerbaýjan halky bolsa, öz ýerlerini goraýar. Uruşda gan dökülýänligi, ýitgä sezewar bolup, agyr kynçylyklary başdan geçirýänligimiz şübhesizdir. Basybalyjylar tarapyndan hojalylaryň, parahat ilaty bolan aýallaryň, çagalaryň, garrylaryň we kesellileriň garşysyna, üç ýyl mundan ozal amala aşyrylan wagşyçylykly harby operasiýa, alty ýyldan bäri dowam edip gelýän uruşyň iň elhenç döwri we iň agyr ýaramaz sahypasydyr.

Hojalydaky wakalar ermenileriň biziň ýerlerimize diňe göz gyzdyryp, çozmak bilen çäklenmän, eýsem biziň halkymyzyň garşysyna genosidi amala aşyrmak ýaly, wagşyçylykly ýola düşendiklerini hem görkezdi. Bu ýagdaý Hojalydaky wakalarda açyk göründi. Şol eýmenç gije azerbaýjan halky elhenç urga sezewar boldy. Bu ýara henizem bize azar berýär. Ol henizem gutulyp, ýapylmady, ol ýara biziň ýüreklerimizde baky galar. Öň aýdyşym ýaly, gijäniň garaňkylygynda parahat ilatyň üstüne çozup, duran ýerinde çagalaryň, aýallaryň, garrylaryň we ýarawsyzlaryň öldürilip, ýok edilmegi we olara görülmedik rehimsizlik bilen görgi görkezilmegi, ýene bir sapar, biziň duşmanlarymyzyň wagşylygna, zalymlygna şaýatlyk edýär.

Ermenileriň biziň halkymyza garşy eden zalymlygy, Hojalydaky genosid we olaryň adamlaryň garşysyna iň pes,binamys ýollary ulanmagy taryha girdi we adamzat taryhynda galar. Şol gije we şol günler wepat bolan ýurdumyzyň raýatlary Azerbaýjan üçin gymmatlydyr, olar biziň respublikamyzyň territorial bütewiliginiň hatyrasyna öz janlaryny berip, biziň halkymyzyň milli azatlygy ugrundaky göreşiniň pidalary, şehitleri boldular. Olaryň tragiki heläkçiligi, şehit bolmagy azerbaýjan halkynyň gahrymançylygyna, gaýduwsyzlygyna we batyrlygyna şaýatlyk edýär.

Alty ýyldan gowrak dowam edýän urşyň döwründe biz uly pidalara sezewar bolduk. Hojalydaky şehitlerem, Azerbaýjanyň territorial bütewiliginiň, özbaşdaklygynyň we garaşsyzlygyň ugrunda wepat bolan, biziň raýatlarymyzdyr diýip, ýene bir sapar belleýärin. Şu gün biz bu ýerde olary  hormat bilen ýatlap, başymyzy egip, olaryň ruhuna aýat okap, doga dileg etmek üçin ýygnandyk . Bu matam güni, ähli azerbaýjan halkyň we azerbaýjan döwletiniň adyndan, biziň halkymyza şu agyr pajygaly waka mynasybetli ýaňadan gynanç bildirýärin. Hojalyda wepat bolan şehitleriň garyndaşlaryna we maşgalalaryna çuň gynanç bildirýärin. Goý Alla Tagala hojalyly şehitleriň ruhlaryny şat etsin, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Goý Alla Tagala biziň ähli şehitlerimiziň ruhlaryny şat etsin, ýatan ýerleri ýagty bolsun. Goý Alla Tagala hojalyly şehitleriň maşgalalaryna sabyr bersin. Goý Alla Tagala biziň ähli halkymyza sabyr bersin. Goý Alla Tagala biziň ähli belalardan gutulyp, doly garaşsyzlygymyzy we garaşsyz Azerbaýjanyň territorial bütewiligini üpjün edip, Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny ebedileşdirmegimiz üçin sabyr bersin.

Hojalydaky heläkçilik - biziň hasratymyz, biziň gynanjymyz we biziň gam-gussamyzdyr.Emma şol wagtyň özünde, azerbaýjan halkyň asyrlaryň dowamynda geçen göreş ýoly, milli azatlyk ugrundaky ýoly şohratly, üstünlikli ýoldur. Geçmişde-de biziň ýolumyzda kynçylyklar bardy. Şu gün hem kynçylyklar bar. Şeýle hem bolsa, hiç zat azerbaýjan halkynynyň erkinligini syndyrmady we syndyryp hem bilmez. Bu wakalardan soň, biz has batyr, has gaýduwsyz we has agzybir bolmaly diýip, netije çykarmalydyrys. Alla Tagalanyň bize ýazan ýoly bilen ýöräp we öz ykbalymyzyň eýesi bolup, biziň özümiz özümizi we garaşsyzlygymyzy goramalydyrys, öz ýolumyzy açyp, ol ýol bilen öňe ýöremelidiris.

Şonuň üçin şu gün biz ähli şehitlerimiziň ruhuna aýat okap, doga dileg edip, şonuň bilen birlikde başymyzy dik tutmalydyrys. Biz nähili gaýgylansak-da, şonuň ýaly optimist hem bolmalydyrys, umyt bilen öňe, gelejege seredip, umyt bilen ýaşamalydyrys. Azerbaýjan halky bu kyn döwri ýeňip geçer diýip, men doly ynanýaryn.Kynçylyklar diňe uruş, biziň ýerlerimiziň basyp alynmagy we bosgunlarymyzyň agyr ýagdaýy bilen bagly däldir. Häzir biziň halkymyz geçiş döwürde ýaşaýar. Biz sosial-ykdysady krizisi başdan geçirýaris. Adamlaryň ýaşaýyşynda kynçylyklar örän köp. Şeýle hem bolsa, asyrlaryň dowamynda şular ýaly kyn döwürler biziň halkymyzyň ýolunda bolyp, ol bolsa olary ýeňip geçýärdi, şonuň üçin hem biziň halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ýaşap gelýär,mundan beýläk hem ýene müňýyllyklar ýaşar.

Biz öz ynamymyzy ýitirmeli däldiris, öz berk ynamlarymyzdan, dünýägaraýyşlarymyzdan we saýlan ýolumyzdan dänmeli däldiris. Biziň saýlan ýolumyz - ol Azerbaýjanyň garaşsyzlygy, milli azatlyk, Azerbaýjanyň garaşsyz döwlet hökmünde baky garaşsyzlygydyr. Biziň başlan ýolumyz - ol ahlak gymmatlyklarymyza, däp-dessurymyza, dinimize, dilimize we taryhymyza wepalylyk ýoludyr. Şu zatlaryň ählisine nähili derejede wepaly bolsak, şol derejede hem şu günki agyr ýagdaýyň sebäplerine akyl ýetireris, biri-birimize kömek ederis, birek-biregi goldap, ermeni basybalyjylara gaýtawul berip bileris. Şeýdip biz ýerlerimizi duşmandan boşadyp, öz halkymyzy we respublikamyzy krizis ýagdaýyndan çykararys.

Biziň ýolumyz - şohratly, dogry we biziň halkymyzyň bähbitlerini üpjün edýän ýoldyr diýip, ynanýaryn. Biz bu ýoldan ýöremekligimizi dowam ederis. Garaşsyz azerbaýjan döwleti biziň halkymyzyň agzybirligine we gaýduwsyzlygyna ynamlydyr, biziň şol agzybirligimiz, gaýduwsyzlygymyz, çydamlylygymyz we sabyrlylygymyz bolsa, bizi bu agyr ýagdaýdan çykarar.

Men ýaňadan hojalyly şehitleriň ruhlaryny şat etsin, ýatan ýerleri ýagty bolsun diýip, Alla Tagaladan dileg edýärin. Men ýaňadan ähli şehitlerimiziň ruhlaryny şat etsin, ýatan ýerleri ýagty bolsun diýip, Alla Tagaladan dileg edýärin. Azerbaýjan döwleti biziň halkymyzyň hukuklaryny, biziň ýerlerimizi goramakda berk durup, azerbaýjan halkyny bu belalardan halas eder diýip, sizi gaýtadan ynandyrasym gelýär.

"Geýdar Aliýew. Biziň garaşsyzlygymyz bakydyr" (çykyşlar, beýannamalar, interwýular, hatlar, ýüzlenmeler we permanlar) Neşirden terjime edilen - "Azerneşr", Baku -1998, 3 t., 215-217sah.