Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Baku şäherinde geçen, kaspi şelfiniň nebit känilerini bilelikde peýdalanma baradaky Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy bilen daşary ýurt nebit kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasyndaky baglaşylan şertnama gol çekme dabarasyndaky sözlän sözi - "Gulistan" köşgi, 1994-nji ýylyň 20-nji sentýabyry

Hanymlar we jenaplar, gadyrly myhmanlar!

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň durmuşynda üç ýyl dowam edip gelen gepleşikleriň jemleýji pursady bolan taryhy waka bolyp geçýär.

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy bilen daşary ýurt nebit kompaniýalarynyň arasyndaky Hazar deňiziniň azerbaýjan sektoryna degişli "Azeri", "Çirag" nebit känileri we "Güneşli" nebit ýatagynyň bölegini bilelikde ulanmaklyk baradaky gepleşikler tamamlanyp, bilelikde işlenilip peýdalanma baradaky şertnamanyň taslamasy taýýarlanylyp hödürlendi.

Bu gün biz Azerbaýjanyň paýtagty bolan Bakuda şertnama gol çekme dabarasy mynasybetli bu ajaýyp "Gulistan" köşgüne ýygnandyk. Şertnama gol çekme sebäpli Baku şäherine daşary ýurtlaryň döwlet wekilleri we myhmanlar geldi. Bu dabara gatnaşmak üçin Baku şäherine gelen biziň ähli myhmanlarymyza salam berip, olara "Hoş geldiňiz" diýärin! Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň daşary ýurt nebit kompaniýalarybilen geçiren gepleşikleri şol kompaniýalaryň döwletleriniň we hökümetleriniň hossarlyk edip, goldaw bermeginde geçdi. Şertnama gol çekme dabarasyna daşary ýurtlaryň wekiliýetleri geldi. Bu dabara gatnaşýan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Rusiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýa şalygynyň, Turkiýe Respublikasynyň we Norwegiýanyň wekiliýetlerine gyzgyn salam berip, olara "Hoş geldiňiz" diýärin!

Bu taryhy waka gatnaşýan Turkiýe Respublikasynyň döwlet ministiri hormatlanýan Nejmeddin Jowhari,Beýik Britaniýa şalygynyň energetika ministiri hormatlanýan Timoti Etgara, ABŞ-nyň energetika ministriniň orunbasary hormatlanýan jenap Uilýam Uaýta, Norwegiýa döwletiniň energetika we senagat ministriniň birinji orunbasary hormatlanýan jenap Gunnar Murwanta, Rusiýa Federasiýanyň ýangyç we energetika ministrliginiň merkezi uprawleniýesiniň başlygy hormatlanýan jenap Stanislaw Pugaça salam berýärin. Şeýle hem Baku şäherine gelmekligi kyn görmän, aramyzda bolup, şu dabara gatnaşýan Beýik Britaniýanyň parlamentiniň agzalaryna, Angliýa - Azerbaýjan dostluk jemgyýetiniň wekiliýetine, biziň dabaramyza gatnaşýan Yslam ösüş bankynyň prezidenti hormatlanýan jenap Osama Jafar Fakiha, Azerbaýjandaky diplomatik korpusynyň wekillerine, hormatly ilçilere we halkara guramalarynyň wekillerine we ýolbaşçylaryna salam berýärin.

Azerbaýjan Döwlet nebit kompaniýasy üç ýylyň dowamynda, soňra konsorsium bolan daşary ýurt nebit kompaniýalarybilen gepleşikler geçirip, bilelikde ylalaşygyň taslamasyny taýýarladylar. Bu iri kompaniýalaryň wekiliýetleri biziň bu günki dabaramyza gatnaşýar. Men olary gyzgyn garşylap, salam berýärin. "AMOKO" kompaniýanyň prezidenti jenap Uilýam Lauri, "Bi-Pi" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy kompaniýanyň prezidenti jenap Jon Brauna, "Statoýl" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy jenap Ýogan Nik Wolda, "LUKoýl" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy kompaniýanyň prezidenti jenap Wagid Alekberowa, "Makdermott" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy jenap Uilýam Witnisa, "Penzoýl" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy kompaniýanyň prezidenti jenap Tomas Gamiltona, "Remko" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy kompaniýanyň prezidenti jenap Stiwen Rempo, şeýle hem "Turkiýe petrolleri" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy jenap Sidgi Sanjara, "Ýunokal" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy jenap Jon Amele, "Delta interneşl" kompaniýanyň wekiliýetine we onuň ýolbaşçysy kompaniýanyň prezidenti jenap Fateh Al-Albana salam berýärin. Hormatly hanymlar we jenaplar!

Nebit - buAzerbaýjan Respublikasynyň we azerbaýjan halkynyň iň uly milli baýlygydyr.

Azerbaýjan gadym wagtlardan gelýän meşhur nebit ülkesi bolup, nebit we gaz ýaly tebigy baýlyklara eýedir. Şol sebäpli hem,Azerbaýjany Alawlaryň ýurdy diýip, atlandyrýarlar.Nebiti çykarmakda, ony peýdalanmakda we gaýtadan işlemekdeAzerbaýjanyň uly taryhy bardyr. 1847-nji ýyldaAzerbaýjanda Baku şäherinde ýerleşýän Bibi-Eýbatda birinji gezeknebit çüwdürimi zogdurulyp başlaýar. Azerbaýjan nebitiniň senagat usuly arkaly alnyşy şol wagtdan başlanýar.

1872-nji ýylda Nobel doganlar Bakuda birinji nebit kompaniýasyny döredýär, şondan soň biziň ýurdumyza nebiti peýdalanma maksat bilen daşary ýurt şereketleri we maýalar gelip başlaýar.

Şeýlelikde, XIX-njy asyryň ikinji ýarymynda dünýäde öňde baryjy döwletleriň birnäçesi we ösen döwletleriň şereketleri Azerbaýjanda we Bakuda nebit çykarmaklyga gyzyklanma bildirýärler. Geçen ýüzýyllygyň aýaklaryndan başlap, ençeme daşary ýurtlaryň kompaniýalary baku nebitini gazyp çykarmaklyga başlaýar. 1872-nji ýyl boýunça Azerbaýjanda 26 müň tonna nebit alynýar. Häzirki asyryň başynda, 1900-nji ýylda Azerbaýjanda eýäm 10 mln. tonna nebit alynýar, bu bolsa, Rusiýada çykarylýannebitiniň 95 göterimine we dünýä nebit alnyşynyň 50 göterimine barabardyr. XX-nji asyryň birinji ýigrimi ýyllygynda daşary ýurt nebit kompaniýalar we ýerli telekeçiler nebit çykarmak we ony gaýtadan işlemek ugrunda tagalla baryny edýärler, onuň netijesinde Azerbaýjanda nebit senagaty ösýär. Bu döwüri, şert bilen Azerbaýjanyň nebit senagatynyň taryhynyň birinji tapgyry diýip, atlandyrsak bolar. Bu döwürde baku nebitinden ähli dünýä peýdalanýardy.Azerbaýjan nebiti daşary ýurt kompaniýalara uly girdejiler getirdi. Azerbaýjanda täze telekeçiler we işewür adamlar emele gelip,olar hem uly girdejileriň eýesi bolýar. Şol döwürdäki Azerbaýjanyň nebit senagatynyň ösüşi Baku şäheriniň, umuman Azerbaýjanyň ösüşine uly itergi bolýar. Şeýlelikde, Baku uly senagat şäherine, şol döwürdäki Rusiýa imperiýasynyň ägirt industrial merkezleriniň birine öwrülýär. Biziň gadymy taryha eýe bolan Bakumyz, şol döwürde täze keşbe girýär, giňeýär we has gözelleşýär, netijede şol döwrüň kadalaryna laýyk gelýän, döwrebap binalar, edaralar, zawodlar we başga senagat desgalary gurulýar.Häzirki wagtda bolsa, biz şol döwürde edilenlere baha berip, Azerbaýjanyň ösüşinde nebitiň uly wezipe oýnanlygyny bellemelidiris.

1918-nji ýylda biziň ýurdumyzda demokratik döwlet döredilýär. Azerbaýjan garaşsyzlyga eýe bolup, iki ýyla golaý müddetiň dowamynda garaşsyz döwlet bolup ýaşaýar.Ol döwlet halka degişli bolan baýlyklary onuň hal-ýagdaýyny gowylandyrmak ugrunda ulanmaga çalyşýardy. Emma gynansak-da, ol tagallalar gerek bolan netijeleri bermeýär. Sebäbi, 1920-nji ýylda Azerbaýjan Demokratik döwleti ýykylýar.

Şol ýylda Azerbaýjanda sowet sosialistik döwlet gurluşy girizilýär. Soňky 70 ýylyň dowamynda Azerbaýjan Sowet Soýuzynyň düzüminde bolup, şol režiminiň şertlerinde ýaşaýar.Azerbaýjanyň iň uly baýlygy bolan nebit bolsa, Sowet Soýuzynyň bähbitlerine ulanylýar. Bu döwri nebit senagatynyň taryhynyň ikinji tapgyry diýip, atlandyrsak bolar. Bu döwürde nebit senagaty uly depginli ösüşi başdan geçirýär. Sebäbi, nebit senagaty Sowet Soýuzynyň industrial we ykdysady potensialyny ösdürmek üçin zerurdy, oňa tagalla bary gönükdürilipdi. Şonuň üçin Azerbaýjanyň nebit senagatynyň ösüşinde möhüm özgerişler gazanylypdy.

Şol döwürdeAzerbaýjanyň nebitçileriniň uly goşuny emele gelýär. Azerbaýjanyň nebit we gaz senagatlary uly depginli ösüşi başdan geçirýär we uly kärhanalar gurulýar. Uly ylmy ojaklary we nebit pudagynyň barlag institutlary döredilýär. Nebit senagaty üçin ýokary kwalifikasiýaly kadrlary taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda Nebit Akademiýasy diýlip, atlandyrylýan institut açylýar. Azerbaýjanyň nebitçileri, hünärmenler, alymlar, gysgaça aýtsak, nebit pudagynda işleýän ähli adamlarnebit senagatynyň ösüşiniň hatyrasyna janlaryny aýaman gaýratlyk bilen işläp, Azerbaýjanyň taryhyna şöhratly sahypalary goşýarlar.

Öň aýdyp geçişim ýaly, Azerbaýjanyň nebiti özi üçin däl-de, ähli Sowet Soýuzynyň ösüşi üçin ulanylypdy. 1941-1945-nji ýyllarda, Ikinji jahan urşy döwründe azerbaýjan nebiti ähli ýurt boýunça çykarylýan nebitiniň 75 göterimini düzýär. Azerbaýjanyň nebit senagatynyň we biziň nebitçilerimiziň bolsa, bütin dünýä howp salan nemes faşyzmi ýeňmekde ony derbi-dagyn etmekde uly hyzmatlary bardyr.

Azerbaýjanyň nebit pudagynda işlän alymlar, hünärmenler, biziň nebitçilerimiz Sowet Soýuzynyň islendik nokadyndaky täze nebit känlerini ösdürmeklige we işläp çykarmaklyga işeňňir gatnaşdylar. Olaryň tagallalary bilen açylan we işlenen täze nebit känleriniň, "ikinji Baku", "üçinji Baku" we "dördünji Baku"diýilip atlandyrylmagy tötänden däldir. Rusiýanyň uly nebit ýataklarynyň hataryna girýän sibir we týumen nebit känilerini hem ösdürmekde, olary peýdalanmakda we ol ýerlerde kuwwatly nebit we gaz kompleksleri döretmekde azerbaýjan nebitçileriniň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bardyr, hatda häzirki wagtda hem şol ülkelerdäki nebitçileriň aglabasyny azerbaýjan nebitçileri düzýär.

Bu gün men şu zatlary myhmanlara ýetirmek we azerbaýjan halkyna ýatlatmak zerurdyr diýip, hasap edýärin. Sebäbi bularyň ählisi azerbaýjan halkynyň buýsanjy we şöhraty bolup, biziň halkymyzyň we nebitçielrimiziň dünýä ykdysadiýetiniň öňündäkiullakan hyzmatlary barada habar berýär.

Hazar deňiziniň nebitini çykarmak ugrunda amala aşyrylan köp işler hem azerbaýjan nebitçileriň gazananlarynyň hataryna girýär. 20-nji ýyllarda boluşy ýaly, 30-njy ýyllarda hem şol ugurda hereketler edildi, emma, Hazar deňizinde göwrümli nebit çykaryş 1949-njy ýylyň 7-nji noýabyrynda başlandy. Şol gün biziň Nebit Daşlary diýip, atlandyrýan meýdançamyzdaky nebit guýysyndanbirinji nebit çüwdürimi zogdurylyp başlaýar.

Azerbaýjan deňiz nebitçileriniň 45 ýylyň dowamyndaky tejribesi öňki Sowet Soýuzyna we dünýäniň köp sanly ýurtlaryna, deňiz çuňluklaryndan nebiti çykarmakda mysal boldy.

Azerbaýjan alymlarynyň we nebitçileriniň bu ugurdaky hyzmatlary örän ulydyr.

Bilişiňiz ýaly, üç ýyl mundan ozal biziň halkymyz öz erkinligini gazanýar, Azerbaýjan garaşsyz respublika bolýar, azerbaýjan halky öz ykbalynyň eýesi bolýar. Biziň halkymyz tebigy baýlyklaryny öz garaýşy boýunça dolandyrmak mümkinçiligini gazanýar. Şeýlelikde, Azerbaýjanyň durmuşynda täze eýýam başlanýar. Biziň nebit senagatymyzyň taryhynda bolsa, şert bilen aýdanymyzda üçünji tapgyryň düýbi tutulýar. Häzirki wagtda bolup geçýän täze tapgyrda biz azerbaýjan halkynyň yradatyny aýan edip, onuň tebigy baýlyklaryny peýdalanma ugrunda gerek bolan çäreler görýäris. Soňky üç ýylyň dowamynda daşary ýurt kompaniýalar bilen gepleşikler geçirilip, netijeli ylalaşyklara gelindi. Şu gün Azerbaýjanda, nebitiň senagat usulda çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilşiniň başlan wagtyndan bari 150 ýyl geçenden soň, bu taryhy günde, men respublikanyň nebit senagaty ugrunda işleýän azerbaýjan hebitçileriniň, alymlarynyň, hünärmenleriniň ähli nesillerine, ähli injenerlere we işçilere, şu döwürde halkymyzyň hal-ýagdaýyny belli bir derejede gowulandyrmak üçin biziň tebigy baýlyklarymyzy çykarmak ugrunda edýänn tagallalary we janaýamazlykly çeken zähmetleri üçin minnetdarlygymy bildirip, häzirki wagtda gazanan netijeleri mynasybetli olary tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Azerbaýjanda nebitiň senagat usulda çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň başlan wagtyndan bäribiziň ýurdumyza degişli ýerleriň astyndan - gury ýerden we deňizden 1 milliard 325 million tonna nebit çykaryldy. Hazar deňiziniň azerbaýjan sektoryndan 45 ýylyň içinde 400 million tonna nebit alyndy. Şol wagtyň özünde ol döwürde 450 milliard kubometr gaz çykaryldy.Bularyň ählisi uly üstünlik , gelejekde hem Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadiýetini we nebit senagatyny ösdürmek üçin mäkäm esasdyr.

Näçe nebit çykarsak-da we geçmişde nähili üstünlikler gazansak-da, soňky döwüre çenli, has takygy Azerbaýjan garaşsyzlygyny almazyndan öň biziň halkymyz öz tebigy baýlyklarynyň eýesi bolmanlygyndaky hakykata üns bermelidiris.1920-nji ýyla çenli biziň nebitimiz daşary ýurt kompaniýalary we öz azerbaýjan telekeçilerimiz tarapyndan çykarylyp, Azerbaýjanyň, aýratyn-da Baku şäheriniň ösüşi üçin köp zat edilen bolsa-da, halk ol baýlygyň eýesi bolmandy.

1920-nji ýyldan başlap, Azerbaýjanyň durmuşynda ähmiýetli özgerişler bolup geçýär. Azerbaýjanyň ykdysadiýeti ösüp, respublikada kuwwatly industrial potensialy döredilýär, biziň nebit senagatymyz bolsa, uzak taryhy ýoluny geçýär. Emma, şonda-da Azerbaýjan öz nebitiniň ýeketäk bütinleý eýesi bolmaýar. Ol baýlyklaryň ählisi biziňki bolman, Sowet döwletine degişli bolýar. Indi bolsa, biz täze döwürde ýaşaýarys. Azerbaýjan Respublikasy - garaşsyz döwlet. Azerbaýjan halky - öz tebigy baýlyklarynyň eýesi. Biziňhalkymyz ol baýlyklary nädip ulanmalydygyny özbaşdak çözýär.

Hut şol ýörelgelere esaslanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Nebit Kompaniýasy bilen öňde baryjy daşary ýurt nebit kompaniýalaryň arasynda biziň nebit känilerimizi bilelikde peýdalanma baradaky gepleşikler üç ýyl dowam etdi.Gürrüňsiz, bu gepleşikler kýnçylyksyz bolmady, beýkli hem pesli ýol bilen geçdi. Şoňa garamazdan, ahyr soňy gepleşikler tamamlandy. Baý tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryň azerbaýjan nebitine bolan höwesi adatydyr, biz ony kanagatlanma bilen kabul etdik, özümizde hem höweslilik bar we öň hem hem bardy.

Geçen döwürlerdäki ýagdaýlaryň tersine, häzir Azerbaýjan Respublikasy islendik ýurt bilen, şol sanda şu kompaniýalaryň ýurtlary we kompaniýalaryň özleri bilen bu meseleler babatyndaky gepleşikleri özbaşdak geçirip, öz ýörelgeleriniň kabul edilmegi ugrunda çalyşýar. Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy bilen daşary ýurt nebit kompaniýalarynyň arasyndaky "Azeri", "Çirag" nebit känileri we "Güneşli" nebit ýatagynyň bölegini bilelikde işlenilip peýdalanma baradaky şertnamageçirilen gepleşikleriň netijesinde ahyr soňy taýýarlanyp, tamamlandy. Bu şertnama maňa, Azerbaýjanyň Prezidentine berildi. Bilişiňiz ýaly, şertnama analizirlenenden soň 14-nji sentýabyrda men Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasy tarapyndan oňa gol goýulmagy hakynda perman çykardym. Daşary ýurt kompaniýalary hem taslama gol çekmeli hakyndaky karary kabul etdiler. Bu kompaniýalaryň degişli bolan ýurtlaryndaky döwlet baştutanlary hem öz patalaryny berdiler. Şu zatlaryň ählisiniň netijesinde, biz şu gün şertnama gol goyma dabarasy mynasybetli buýere ýygnandyk.

Azerbaýjan tarapynyň ähli isleg-arzuwy şertnamada beýanyny tapmady diýip, açyk aýdasym gelýär. Emma, islendik şertnamada iki tarapyňam bähbitleri göz öňüne tutulmalydygyna biz gowy düşünýäris. Günbataryň nebit kompaniýalarynyň konsorsiumy öz bähbitlerini üpjün etmek ugrunda çalyşdy.Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasy hem Azerbaýjan Respublikasynyň milli bähbitlerini üpjün etmek ugrunda tagalla baryny etdi. Uly dartgynly işiň we taraplaryyň işe uly jogapkärlik bilen çemeleşmegi netijesinde, iki tarapyňam bähbitlerine laýyk gelýän şertnama taýýarlanyldy. Şonuň üçin men şu gün aşagynda gol goýulmaly şertnama Azerbaýjan Respublikasynyň şu güni we gelejegi üçin ykdysadiýet taýdan peýdaly bolar diýip, hasap edýärin we şoňa görä-de gol çekilmegine görkezme berdim. Şular ýaly işleri amala aşyrmak bilen, biz Azerbaýjanyň dünýä we dünýä ykdysadiýeti üçin açyk ýurtdygyny görkezýäris. Bu şertnama gol çekmek bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyz döwlet hökmünde hukuklarynyň berkleşendigini, biziň halkymyz bolsa, öz baýlyklarynyň eýesi bolandygynyýene-de bir gezek dünýä aýan edýäris.Şertnama gol çekmek bilen, Azerbaýjan Respublikasy bilen dünýäniň ösen ýurtlarynyň we olaryň iri kompaniýalarynyň arasyndaky aragatnaşygy ýola goýup, Azerbaýjanyň ykdysadiýetiniň dünýä ykdysadiýetine, erkin bazar ykdysadiýetine geçmekligi üçin esas döredýäris. Şertnama gol çekip, Azerbaýjan Respublikasynyň demokratik döwlet bolup, onda demokratiýanyň esaslaryny girizmäge we ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny we Azerbaýjan Respublikasynyň bazar ykdysadiýet ýoly bilen ýörejekdigini ýene-de bir gezek dünýä görkezýäris.

Bu şertnama gol çekme - Azerbaýjanda bazar ykdysadiýetini ýola goýmak ugrunda birinji ädimdir. Şertnama gol çekmek bilen, Azerbaýjandadaşary ýurtlar tarapyndan maýa goýumlara giň ýol açýarys. Şeýle hembaşga pudaklarda işleýänşereketlere Azerbaýjanda öz işlerini ýola goýmaga esas döredýäris we ýene-de bir gezekAzerbaýjanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda we ykdysadiýetinde höküm sürýän durnuklylygy dünýä görkezýäris.Şertnama gol goýma bilen, nebit konsorsiuma girýän kompaniýalarytarapyndan wekilçilikleri ýerine ýetirilýän, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Rusiýa, Angliýa, Türkiýe we Norwegiýa ýaly beýik ýurtlar bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dostluk gatnaşyklaryny we umuman ähli ugurlarda aragatnaşyklary berkitmeklige bolan umydymyzy bildirýäris.

Şeýlelikde, şertnama gol çekmek üçin ajaýyp ýagdaý döredildi, biz hem şu gün uly wakanyň şaýatlarydyrys. Bu şertnama gol çekilmegi Azerbaýjanyň durmuşynda we ykdysadiýetinde, aýratyn-da nebit senagatynda täze tapgyr açýar. Şertnama 30 ýyllyk möhlet bilen baglaşylýar. Diýmek, öňümizdäki ýol uzak bolup, bize uly işler we wezipeler garaşýar. Şertnamany taýýarlanlar gowy bilýär, emma, şu ýerde ýygnananlaryň hemmesine we ähli azerbaýjan halkyna,şertnamanyň gol çekilmeli ýagdaýyna gelmek kyn bolan bolsa, ony amala aşyrmak ondan hem kyn boljakdygyny bildiresim gelýär. Şertnamanyň iki tarap üçin hem, şol sanda azerbaýjan halky we Azerbaýjan Respublikasy üçin peýdaly we oňaýly boljak netijeleri onuň yzygiderli amala aşyrylmagyna baglydyr. Şertnama iki taraplaýyn hereketli ýola meňzeşdir: taraplaryň ikisiniň hem deň çaltlyk bilen hereket etmegi zerurdyr. Gürrüňsiz, daşary ýurt kompaniýalarynyň öňünde wezipeler bolar. Ol kompaniýalar we olaryň ýurtlarynyň döwlet edaralary şertnamany amala aşyrmak üçinwagtynda gerek bolan çäreleri görerler diýip, umyt edýänligimi bildiresim gelýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň paýyna düşýän wezipeler has kyn, has agyrdyr. Azerbaýjanyň ykdysadiýeti agyr krizisi başdan geçirýändigini siz bilýärsiňiz. Nebit senagatynda hem agyr kynçylyklar döredi. Bu krizisdan çykyp, Azerbaýjanyň ykdysadiýetini ösdürmek üçin, şeýle hem gysga wagtyň içinde halkyň hal-ýagdaýyny gerek bolan derejä galdyrmak üçin, ählimiz tagallalarymyzy birleşdirip, şertnamany amala aşyrmagyň ugrunda agzybirlik bilen işlemelidiris.Azerbaýjanyň tejribeli we gahryman nebitçileri, alymlary, biziň ykdysadiýetimiziň şu pudagynda işleýänleriň ählisi bu wezipäni iň uly we hormatly wezipe hökmünde kabul edip, şu şertnamany amala aşyrmak ugrunda işe başlarlar diýip, umyt edýärin.Azerbaýjanyň Prezidenti hökmünde bu şertnama gol çekilmekligi barada görkezme berip, öz jogapkärligimi duýaryn we ony amala aşyrmakda maňa bagly zatlaryň ählisini bitirerin diýip, size söz berýärin.

Şu gün, bu güýçli duýgy galdyrýan we dabaraly ýagdaýda, men Azerbaýjanyň nebitçilerini, azerbaýjan halkyny we ähli azerbaýjan raýatlaryny bu taryhy waka mynasybetli gutlaýaryn.Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň wekiliýetiniň we umuman kompaniýanyň şu ugurda bitiren hemme işleriniň gadyr-gymmatyny bilip, gazanylan üstünlikler bilen gutlaýaryn.Konsorsiumyň we daşary ýurt kompaniýalaryň şertnamany tamamlamak ugrunda uly iş geçiren ýolbaşçylaryny we şol kompaniýalaryň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara öz mähirli arzuwlarymy bildirýärin, şeýle hem biziň hyzmatdaşlygymyzyň şowly boljakdygyna ynamymyň bardygyny bildiresim gelýär.

Şu waka mynasybetli ABŞ-nyň, Rusiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýeniň we Norwegiýanyň kompaniýalary tarapyndan wekilçilikleri ýerine ýetirilýän döwletleriň we ýurtlaryň hökümetleriniň baştutanlaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz bu şertnamanyň esasynda birleşip, uly hyzmatdaşlyga başlaýarys we onuň şowly boljagyna mende hiç hili şübhe ýokdur, oňa päsgel berjekler bolsa, gaýtawul alar.Azerbaýjan bolsa,öz ykbalynyň we baýlyklarynyň eýesi hökmünde, bu hyzmatdaşlygyň netijesinde dünýä ykdysady bileleşikde öz mynasyp ornuny eýelär.

Ýene-de bir gezek şu dabara ýygnananlary we bu meseleler babatynda gowy tarapdan gyzyklanma bildirýänleri tüýs ýürekdengutlap, şertnama golçekmeklige pata berýärin.

Ýagşylyga we haýyra ýarasyn! Azerbaýjan halkynyň bagtly gelejeginiň hatyrasyna şu gün, şu ýerde şertnama gol çekme mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sag boluň.

Şertnama gol çekme dabarasyndaky jemleýji söz

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Hormatly myhmanlar!

Üç ýylyň dowamynda taýýarlanylan ylalaşyga gol çekme prosesi tamamlanyp gelýär. Ylalaşyga gol çekilli. Men ylalaşyga gol çekilmezinden öň çykyş etdim. Şonuň üçin sizi, azerbaýjan halkyny, bu ylalaşygyň ikinji tarapy bolan daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem ylalaşyga goşulyp, gatnaşan daşary ýurtlarynyň döwlet baştutalaryny we wekiliýetleri, siziň ähliňizi bu ylalaşyga gol çekilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Daşary ýurtlardan gelen wekiliýetleriň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary ylalaşyga gol goýulandan soň çykyş edip, ylalaşygyň mazmuny, onuň esasy we gelejege bolan ähmiýeti baradaky ajaýyp pikirlerini beýan etdiler. Çykyşlaryň hemmesinde,ylalaşygyň Azerbaýjan we ol resminamanyň aşagynda gollaryny goýan daşary ýurt kompaniýalary üçin deň derejedäki peýdasy barada ýeketäk pikir beýan edildi.

Çykyşlarda azerbaýjan halky we garaşsyz Azerbaýjan Respublikasy barada ýagşy sözler aýdylyp, mähirli arzuwlar edildi. Men ol sözler üçin minnetdarlygymy bildirip, ylalaşyk Azerbaýjan Respublikasyna dünýä bileleşikde öz mynasyp ornuny eýelemäge ýardam berer we biziň ýurdumyzyň ykdysadiýetini dünýä ykdysadiýeti, erkin bazar ykdysadiýeti bilen berk baglar diýip, ýene-de bir gezek aýdasym gelýär.

Bu şertnamany taýýarlamaklyga we oňa gol çekmeklige gatnaşanlygym üçin, men özümi bagtly saýýaryn. Öz üstüme alan jogapkärçilige düşünip, geljekki nesillerimizşu gün, bu ýerde bolup geçýän taryhy waka mynasyp baha bererler diýip, umyt edýärin.

Sizi ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Gol çekme dabaranyň birihji bölümini ýapyk diýip, hasap edýärin. Siziň hemmäňize, ähli azerbaýjan halkyna bagt we ähli işleriňizde üstünlik arzuw edýärin. Sag boluň, gelejekdäki üstünlikler hemraňyz bolsun!