BMG-nyň Howpsuzlyk Sowetiniň Başlygyna. Nusgasy: BMG-nyň Baş sekretaryna. 1993-nji ýylyň 26-njy iýuly


Hormatly jenap Başlyk,

garaşsyz azerbaýjan döwletiniň ýerleriniň böleklere bölünmegine gönükdirilen ermeni agressiýaňyň güýjemekliginiň dowam etmekligi netijesinde meniň ýurdumda dörän agyr ýagdaý, meni bu ýüzlenme bilen Size ýüzlenmäge mejbur edýär.

Halkara hukuk kadalaryna we esaslaryna wepaly bolan Azerbaýjan, Ermenistan Respublikasynyň onymejbur etmegi bilen giren, gan döküşikli konfliktiniňparahatlyk bilen çözülmeginde,SBSÝe-niň (Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahat),halkara howpsulygynyň we hyzmatdaşlygynyň esaslaryndan ugur alyp, şeýle hem bu halkara guramanyň agzalarynyň hukularyna we borjlaryna arkalanyp, töwellaçylyk etmegine razylyk berdi. Sazlaşdyrmanyň uzak we kyn ýolunda Azerbaýjanyň hökümeti, dawanyň parahatlykbilen çözülmegi ugrundaky jan etmesini, iň ýokary ýitiligi we konstruktiwizmi görkezip, gan döküşigiň bes edilmeginiň we berk esasly gepleşiklere alyp barjak çykalganyň ýollarynyň dartgynly gözlegini alyp bardy.Emma Ermenistan dünýä bileleşiginiň we Azerbaýjanyň öňündäki öz borçnamalaryny gödek bozmagy bilen, biziň parahatçylyk ugrundaky tagallalarymyzy puja çykarýar.

SBSÝe-niň Ministrler sowetiniň Minskdäki konferensiýa baradaky karary kabul edilen gününden bäri, eýýäm bir ýyl geçdi, emma şu gün bu hyýalyň hakykatdan daşlygy öňki-soňkysynyň çeni däl. Bir ýyl mundan ozal, ýagdaýy Ministrler sowetiniň karary kabul edilen döwründäki ýagdaýa getirip, Minskdäki konferensiýanyň geçirilmegine ýol berjek, mümkin bolan ýeke-täk ýol, ol Şuşiniň we Laçynyň boşadylmagydy, emma häzirki wagtda ermeni agressor azerbaýjan ýerleriniň 17 prosentini basyp aldy. Karabahyň tutuş daglyk bölegi, Laçyn (1992-nji ýylyň maýynda günorta bölegi, demirgazyk bölegi bolsa, 1993-nji ýylyň aprelinde) we Kelbajar etraplary, Nahçywan awtonom respublikasynyň obalary, şeýle hem Azerbaýjanyň Gazah, Fizulin, Zangilan, Agdam etraplary basyp alyndy. Jemi 503 sany ilatly punkt basyp alyndy, bosgunlaryň we göçüp gelen adamlaryň sany bolsa 567 müňe ýetdi.

Nagornyý Karabahy öz ýerlerine goşmak baradaky ähtiýalan kararlaryň kabul edilmegi bilen bildirilen syýasyagressiýadan başlap, soň bolsa, emissarlary we terrorçylary ibermeklige we ýarag üpjünçilige geçen Ermenistan, häzirki wagtdaSBSÝe-niň we BMG-nyň çagyryşlaryny we kararlaryny, şol sandaHowpsuzlyk Sowetiniň, basyp alyjy güýçleriň Azerbaýjandan çykarylmagyny anyk talap edýän 822-nji rezolýusiýasyny äsgermezlik edip,Azerbaýjanyň ýerinde giň gerimli harby hereketleri alyp barýar.Ermeni tarapynyň, araçynyň kanuna laýyk talaplaryny berjaý etmekden bütünleý boýun gaçyrmagy, onuň üstesine-de kabul edip bolmajak şertleri teklip etmegi,rezolýusiýany amala aşyrmak ugrundaky SBSÝe-niňtagallalarynyň öňüne böwet boldy. Ermenistan Respublikasynyň bu hereketleriniň netijesinde,Mario Raffaelliniň sebite bolan sapary, ozalkylar ýaly, BMG-nyň HS-niň rezolýusiýasynyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine bolan umytlara we gan döküşikligiň sabyrsyzlyk bilen garaşylan bes edilmegine hiç hili esas bermedi.

Ermeni tarapyň, Nagornyý Karabahda we Ermenistan Respublikasynda hereket edýän ermeni ýaragly birikmeleriniň boýun egmeýänligine salgylanmasy, bütünleý esassyzdyr. Ähli agyr ýaragyň, ok-däriniň we tebigy güýjüniň üpjünçiligi, şeýle hem harby hereketleriň gös-göni ýolbaşçylygy, Ermenistan Respublikasy tarapyndan, basyp alynan Laçyn etrabynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Emele gelen arakesmeden peýdalanyp, Raffaelliniň missiýasynyň gitmeginden soň, Ermenistan bir ýere jemlenip edilen hüjümine başlap, onuň gidişinde ýaragly güýçler tarapyndan Agdam şäheri basyp alyndy. Bu ähtiýalan hereket, heniz özüni tutmadyk ýaraşyk prosesine weýran ediji zarba boldy. Prosesiň uzaklaşdyrylmagy howply ýagdaýy emele getirip, uly heläkçiligiň bolmagyna howp salýandygyny, Azerbaýjanyň hökümeti Howpsuzlyk Sowetine ozal duýdurypdy.

Häzirki ýagdaý, BMG-nyň Düzgünnamasyna laýyklykda oňa berilen ygtyýarlylygyň esasynda Howpsuzlyk Sowetiniň goşulmaklygyny tutanýerli talap edýär.

Agressoryň öňüni almaklyga, gan döküşikligiň bes edilmegine we basyp alynan azerbaýjan ýerlerini boşatmaklyga gönükdirilen gyssagly çäreleriň görülmegi zerurdyr.

Beýan edilenler sebäpli haýal etmän Howpsuzlyk Sowetini çagyrmaklygy haýyş edýärin.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirýän,

Azerbaýjan Respublikasynyň Ýokary Sowetiniň Başlygy

Geýdar Aliýew

Rus dilinden türkmen diline “Bakinskiý raboçiý” gazetinden terjime edilen, 1993-nji ýylyň 29-njy iýuly.