Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti onuň alyhezretleri jenap Uilýam J. Klintona ýüzlenmesi. Baku ş., 1999-njy ýylyň 8-nji fewraly


Hormatly jenap Prezident!

Ermeni-azerbaýjan dawasyny çözmekde öňe gidişligiň ýoklugy sebäpli Size öz çuňňur ynjalyksyzlygymy bildiresim glýär. Azerbaýjanyň territorial bütewiligi ozalkysy ýaly bozulan ýagdaýda bolup, basyp alynan azerbaýjan ýerleriniň 20 göterimi heniz hem ermeni ýaragly güçleriniň ygtyýarynda bolup galýar, öz dogduk mekanyndan zorluk bilen kowulan azerbaýjan bosgunlaryň bir milliony ynha indi bäş ýyldan bäri köp horluklary başyndan geçirýär. BMG-nyň ermeni ýaragly güçleriniň basyp alynan ýerlerden çykarylmagyny talap edýän 822, 853, 874, 884 belgili ykrarnamalary ýerine ýetirilmeýär.

Mälim bolşuna görä, 1992-nji ýylyň maý aýynda OBSÝe-niň Minskdäki topary döredilip, geljek ýaraşyk maslahatynyň mandaty bellenildi. Maslahatda Ermenistan we Azerbaýjan dawanyň taraplary diýip, Nagornyý Karabahyň azerbaýjan we ermeni jemgyýetleri bolsa, degişli taraplar diýip hasap edildi. Oňa garamazdan, Ermenistan Respublikasynyň 1988-nji ýylda başlan Azerbaýjana garşy çozuşy dowam edip, Nagornyý Karabah awtonom welaýaty bilen bir hatarda Azerbaýjanyň ýene ýedi sany uly etraplary basyp alyndy.

Geçen ýedi ýylyň dowamynda, Minskdäki toparyň çäklerindäki gepleşikleriň netijeli geçmegi ugrunda tagalla bary edildi. Emma Ermenistan Respublikasynyň meselä bolan destruktiw garaýşy sebäpli gepleşikler elmydama petige diräp, hiç hili peýdaly netijeler bermedi.

Dawanyň parahatlyk bilen çözülmegi ugrunda eden tagallalarymyzyň we ol tagallalaryň Minskdäki topar tarapyndan goldanmagy netijesinde, 1994-nji ýylyň maý aýynda, häzirki wagta çenli dowam edýän, atyşygy besetme düzgüniň girizilmegi gazanyldy. 1994-nji ýylyň dekabyr aýynda OBSÝe-niň Budapeştde geçirilen maslahatynda kabul edilen, sebite gelip, ýaragly dawanyň netijeleriniň ýok edilmegini üpjün etjek köpmilletli halkara güçleriň döredilmegi baradaky karary, şeýle hem 1996-nji ýylyň dekabyr aýynda OBSÝe-niň Lissabonda geçirilen maslahatnda kabul edilen we ýaraşyk şertnamasyna gol çekilenden soň dawany çözmegiň halkara hukuk esasyny kesgitlän kararlary ermeni-azerbaýjan dawasynyň adalatly çözülmeginde juda möhüm ägirt syýasy üstünlik diýip hasap etmek bolar. Emma Ermenistan Respublikasynyň dowam etdirýän obstruksiýasynyň hem-de OBSÝe-niň ony tertibe çagyrmaga ukypsyzlygynyň netijesinde, ol maslahatlaryň kararlary ýerine ýetirilmedi.

Mälim bolşuna görä, 1997-nji ýylyň 1-njy iýunynda OBSÝe-niň Minskdäki toparyna bile başlyklyk edýän Russiýa, ABŞ we Fransiýa dawany çözmegiň Lissabonda kabul edilen ýörelgelere esaslanyp, ýaragly dawanyň bes edilmegi we Nagornyý Karabahyň statusynyň kesgitlenilmegi diýen iki bölümden ybarat bolan hemmetaraplaýyn ylalaşygyň taslamasyny hödürlediler. Azerbaýjan tarapy ol teklipleri kabul etdi, emma Ermenistan olar babatda öz närazylygyny bildirdi. Ermenistan Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bütewiligini ykrar etmegi islemän, şeýle hem Nagornyý Karabahyň statusynyň Minskdäki maslahatynyň çagyrylyşyna çenli kesgitlenilmeginiň ýol berilmezligine salgylanyp, bile başlyklyk edýänleriň tekliplerini ret etdi. Gepiň gerdişine görä, 1997-nji ýylyň 20-nji iýunynda ABŞ-nyň Denwer şäherinde geçen duşuşygyň barşynda, Russiýanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň prezidentleriniň ýörite beýannama arkaly bu teklipleri goldaýandyklaryny bellemeklerini bilmelidiris.

1997-nji ýylyň 19-njy sentýabyrynda Minskdäki toparyna bilelikde başlyklyk edýänler dawanyň tapgyrlaýyn çözülmegini göz öňünde tutýan täze we Lissabonda geçen maslahatdan soň ikinji teklibi orta atdylar. Bu teklibe laýyklykda, birinji tapgyrda, Laçyn etrapdan başga Azerbaýjanyň öňki Nagornyý-Karabah awtonom welaýatynyň administratiw çäkleriniň daşynda ýerleşýän alty sany basyp alynan etraplaryň boşadylmagy, şeýle hem parahatçylygy goramaklyga, bosgunlary boşadylan ýerlere gaýtaryp getirmeklige hem-de urşuň netijesinde weýran edilen Ermenistanyň we onuň basyp alan Nagornyý-Karabah welaýatynyň ýaşamaklygyna möhüm bolan kommunikasiýalary dikeltmeklige gönükdirilen OBSÝe-niň operasiýasynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ondan soňra ikinji tapgyrda, ýaragly dawanyň netijeleriniň ýok edilmeginden soň taraplar Nagornyý Karabahyň Azerbaýjanyň düzüminde statusyna garap, onuň howpsuzlygy ugrunda çäreler görmelidi.

1997-nji ýylyň 10-njy oktýabyrynda Strasburg şäherinde Azerbaýjan we Ermenistan iki ýurduň prezidentleri derejesinde gepleşikleri 1997-nji ýylyň 19-njy sentýabyrynda orta atylan teklipleriň esasynda dowam etmeklige razy boldular we bu ýagdaý dawanyň adalatly çözülmegi üçin alynyp barylýan gepleşiklerde üstünlik gazanmaklygynyň mümkinçiligini berdi. Emma soňra Ermenistanyň Prezidenti Lewon Ter-Petrosýanyň wezipesinden aýrylyp, Ermenistanyň täze ýolbaşçylarynyň bu mesele babatyndaky garaýşlarynyň has ýowuzlanmagy şol adalatly esasda geçiriljek gepleşikleriň teklip edilmegini puja çykardy.

Uzaga çeken arakesmeden soň Minskdäki topara bilelikde başlyklyk edýänler, ähtimal, gepleşikleri ýaňadan ýola goýmak maksady bilen, 1997-nji ýylyň 9-njy noýabyrynda azerbaýjan tarapynyň tamasyny ödemedik we gepleşikleriň dowam edilmegine mümkinçilik bermedik üçinji teklibi orta atýarlar. Bu teklip dünýä tejribesinde bolmadyk «umumy döwlet» pikirine esaslanyp, OBSÝe-niň geçen iki maslahatynda tassyklanan karardyr esaslardan gelip çykýan nukdaýnazardan dänme boldy. Hakykatda, bu teklipler Nagornyý Karabahy respublika görnüşindäki döwlet territorial gurluşy hökmünde bölüp aýyrmak bilen, oňa oýlanyp tapylan «umumy döwletiň» çäklerinde Azerbaýjan bilen deň derejedäki statusy berýär. Şol bir wagtyň özünde, «umumy döwlet» Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen çäklerinde dörediljekdigine salgylanma Azerbaýjanyň territorial bütewiligine we özbaşdak boljakdygyna güwä geçmeýär, aslynda, bu ýagdaýlary bozýar.

Araçylaryň oýlanyşyksyz hereketleri, gürrüňsiz, dawanyň çözülmegine uly zelel ýetirip, ony yza çekdi diýip hasaplaýaryn. Bu ýagdaý bolsa, hususan hem, Russiýa Federasiýasynyň tutanýerli ýagdaýda Ermenistan Respublikasyny ýaraglandyrmagy dowam etmegi sebäpli, bizde çuňňur ynjalyksyzlyk döredýär. Russiýa tarapyndan Ermenistana bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryna barabar bolan ýaragyň bikanun berilmeginden soň МИГ-29 uçarlaryň we С-300 raketalaryň iýberilmegi onuň anyk subutnamasy bolup durýar.

Meniň pikirimçe, eger bilelikde başlyklyk edýänler tarapyndan töwekgellik görkezilmese, ABŞ-nyň, Russiýanyň we Fransiýanyň baştutanlary tarapyndan netijeli çäreler görülmese, onda ermeni-azerbaýjan dawanyň adalatly çözülmegini gazanyp bolmaz. Lissabonda geçen maslahatda kabul edilen we olara dünýäniň 53 döwleti tarapyndan ses berilen üç sany esas aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly jenap Prezident, bularyň ählisini nazara almak bilen, Size OBSÝe-niň Minskdäki toparyna bilelikde başlyklyk edýänleriň biri hökmünde ýüzlenip, Ýewropada durnuklylyga we parahatçylyga abanýan howpuň gözbaşy bolan we uzaga çeken bu dawanyň Lissabonda geçen maslahatda kabul edilen ýörelgeleriniň esasynda çözülmegi üçin edýän tagallalaryňyzy we ýurduňyzyň daşarky syýasat edarasynyň işini güýçlendirmegiňizi Sizden tutanýerlilik bilen haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti

Geýdar Aliýew

«Bakinskiý raboçiý» gazeti, 1999-nji ýylyň 17-nji apreli