Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň beýik şahyr akyldar Muhammet Fizuliniň 500 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän ýubileý agşamynda sözlän sözi – 1996-njy ýylyň 8-nji noýabyry


Hormatly hanymlar we jenaplar!

Gadyrly myhmanlar we dostlar!

Sizi biziň halkymyzyň baýramçylygy bolan, beýik azerbaýjan şahyry Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Muhammet Fizuliniň 500 ýyllykýubileýine we şoňa bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ençeme ýurtlardan biziň respublikamyza gelen wekiliýetlere, döwlet we jemgyýetçilik işgärlerine, ylym we medeniýet wekillerine, ähli myhmanlara, olaryň Fizuliniň döredijiligine we Azerbaýjan Respublikasyna eden sylag-hormaty mynasybetli minnetdarlygymy bildirýärin.

Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýiindi üç ýyl Azerbaýjanyň we dünýäniň ähli künjeginde dowam edýär. Bu üç ýylyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynda, onuň her bir şäherinde we şäherçesinde Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýinebagyşlanyp, uly baýramçylyk dabaralary geçirildi, muhuň özi, beýik şahyryň döredijiligine goýulýan sarpadyr.

Muhammet Fizuliniň ýubileýidiňe bir Azerbaýjanda bellenmek bilençäklenmän, eýsem dabaraly ýagdaýda dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirildi. Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýimynasybetli baýramçylyk dabaralar Türkiýede – Ankarada, Rusiýsda – Moskwada, Yrakda – Bagdatda, Kerbelada, Kerkukda, Eýranda – Tähranda, Gruziýada, Gazagystanda, Özbegistanda we Dagystanda – Derbentde, Mahaçkalada, şeýle hem Parijde ÝuNESKO-nyň ştab-kwartirasynda bolup geçdi.

Birleşen Milletler  Guramasyna degişli ÝuNESKO-da Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýini dünýä möçberinde geçirilmekbaradaky kabul edilen karar, şahyryň döredijiligine bolan uly baha we biziň halkymyza, medeniýetimize edilen sylag-hormatdyr. ÝuNESKO-nyň Baş direktory hormatlanýan jenap Federiko Maýor Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýimynasybetli Azerbaýjana geldi we şu gün biz bilenýubileýibelleýär.

Soňky üç ýylyň içinde Azerbaýjanda  Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýimynasybetli uly çäreler geçirildi. Türk dünýäsiniň ýazyjylarynyň III-nji gurultaýynda Muhammet Fizuliniň döredijiligi we onuň 500 ýyllyk ýubileýiüns merkezindeboldy.Türki dillerde gürleýän ýyrtlaryň halkara guramasy Türksoýyň VIII-nji duşuşygynda hem Muhammet Fizuliniň döredijiligi we mirasy üns merkezindeboldy. Bakuda halkara maslahat geçirildi. Bu günler Muhammet Fizuliniň döredijiligi azerbaýjanjemgyýetçiliginiň gözünde, şeyle hem bütin dünýäde beýgelýär.

Muhammet Fizuli azerbaýjan halkynyň beýik şahyry we pelsepeçi alymy bolup, ähli türki dillerde gürleýän halklara, ähli türkilere we yslam dünýäsine degişlidir.

Muhammet Fizuliniň döredijiligi we mirasy dünýä mdeniýetine uly goşant goşup, ony baýlaşdyrdy. Döredijiligi 40 ýyl dowam eden Muhammet Fizuli 500 ýyl ýaşap gelýän eserleri döredýär. Ol azerbaýjan şygyryýetini iň ýokary belentliklere ýetirip, onuň goşgylary, poemalary, gazallary, kasydalary we rubaýylary adam oglunuň ruhy dünýäsinde 500 ýyldan bäri goldaw bolup gelýär. Muhammet Fizuliniň döredijiliginde ylymyň we pelsepäniň birnäçe ugurlary öz seljermesini we şöhlelendirilmesini tapýar. Onuň hemme eserleri şygyryýetiň we edebiýatyň nusgasy bolup, özünde pelsepe taglymlaryny we ylmy pikirleri jemleýär. Muhammet Fizuli öňki eýamy seljermek billen, öz döredijiligine özünden öň Gündogarda, gadymy Gresiýada, antik rim we gadymy hindi edebiýatlaryndadöredilen eserleriň iň gowysyny siňdirip, Gündogar bilen Günbataryň sintezi bolan goşgysyny, ylmyny we pelsepesini iň ýokary derejä ýetirýär.

Muhammet Fizuli döredijiligi bilen, özüne sarsmaz ýadygärlik dikýär. Indi 500 ýylyň dowamynda halklaryň ýüreklerinde, Azerbaýjan Respublikasynyň her bir raýatynyň ýüreginde ýaşap gelýär. Ol ruhy ýadygärlikdir. Hemme harasatlary, ýer yranmalary we söweşleri ýeňip geçip, täze belentliklere ýetip, ýaşamagyny dowam etdirýär. Şu gün biz bu ählihalk baýramçylygy Azerbaýjanyň paýtagty bolan Bakudaky Fizuli meýdançasynda dikilen ýadygärligiň ýanynda belläp, oňa güller goýarys. Emma, Fizuliniň özüniň diken ruhy ýadygärligi bolsa, her birimiziň kalbynda ýaşaýandyr. Ol geljekki nesilleriň kalbynda hem baky ýaşar. Halklaryň geçen ýolyny seljerip, Muhammet Fizuli öz eserlerinde beýik umumy ynsaniýet filosofik gymmatlyklary şöhlelendirýär. Öz döwrüniň jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryny seljerip, jemgyýete ebedi unudylmaz pikirleri we nesihatlary goýar. Onuň hemme eserleri adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary, adamyň oňat gylyk-häsiýetlerini wasp edip, jemgyýetiň we adamyň ýaramaz taraplaryny inkär edýär.

Fizuliniň eserlerinde söýgi, adamlaryň gatnaşyklary, şeýle hem wepalylyk wasp edilýär. Ol adamlary Watana, ene-ata, ýere bolan wepalylyga we söýgä çagyrýar, bularyň ählisi 500 ýyl mundan ozalky ýaly, adamlaryň iň möhüm we ýokary ahlakly häsiýetleridir.

Muhammet Fizuli öz döwri barada gürrüň berip, özüniň eserlerini uzakdaky gelejege niýetleýär. Şonuň üçin şahyryň eserleri 500 ýylyň dowamynda ýaşap gelýär we ýene müňýyllyklar ýaşar.

Muhammet Fizuli şol döwürde höküm süren arap we pars dillerinde ýazar eken. Emma, biziň üçin iň ähmiýetli zat, onuň öz eserleriniň aglabasyny türki dilde, häzirki azerbaýjan dilinde ýazanlygydyr.Munuň özi Muhammet Fizulini öňünde geçen we soňky biziň halkymyzyň şahyrdyr alymlaryndan tapawutlandyrýan ýagdaý bolup durýar. Biz hatda häzirki wagtda hem Fizuliniň “Leýli Mejnun” poemasyny, onuň türki dilinde ýazylan diwanlaryny arkaýyn okap bilýäris. Şeýlelikde, Muhammet Fizuliniň bitiren iň uly hyzmatlarynyň biri, onuň döwründe we soň bolup geçen ýagdaýlaryň kynçylyklaryna garamazdan, türki diliniň, öz ene diliniň gadyr-gymmatyny bilmegindedir.

Muhammet Fizuli örän kyn zamanada, uly uruşlaryň zamanasynda ýaşaýar. Ol şol uruşlaryň şaýady bolup, uruşlaryň, duşmançylygyň we dabalaryň jemgyýete nähili urgy bolup, nä derejede zeper ýetirýändigini öz gözleri bilen görýär. Şonuň üçin onuň eserleriniň esasy mazmunlarynyň biri zuluma, rehimsizlige we uruşlara garşy görkezilen närazylykdan ybarat bolýar. Ol adamlary ylalaşyga, parahatçylyga we dostluga çagyryp, öz eserlerinde hut şu häsiýetleri wasp edýär.

Fizuli parahatlyk söýüji, hoşniýetli we akgöwünli adam bolup, onuň eserlerinde bolsa hut şu häsiýetler şöhlelendirilýär.

Muhammet Fizuli öz eserleri bilen soňky nesillere uly täsirini ýetirýär. Asyrlar boýy we şahyrlar, ýazyjylar, alymlar we pelsepeçilernesilden nesileonuň döredijiliginniň täsirini duýup gelýär. Köp sanly oňa meňzejek bolanlar hem bolupdy. Bu ýagdaý hem Fizuliniň döredijiliginiň dünýaniň we biziň halkymyzyň öňündäki bitiren hyzmatlarynyň biridir.

Fizuliniň eserlerindäki öňe sürülen taglymatlar biziň halkymyzyň, başga türki dillerde gürleýän halklarynyň, şeýle hem yslam dünýäsiniň halklarynyň täze beýik eserleri döretmegine itergi boldy.

Meşhur gündogar rowaýatynyň esasynda döredilen birinji “leýli Mejnyn” diýen ebedi poemasy beýik azerbaýjanşahyry Nyzamy Gänjewiniň galamy bilen ýazyldy diýip, bu günuly buýsanç bilen aýtsak bolar. Bu waka XII-nji asyrda bolup geçýär. XV-asyrda bolsa, Muhammet Fizuli hut şol rowaýatyň esasynda öz “leýli Mejnyn” poemasyny döredýär. Dünýäde Leýlä we Mejnuna bagyşlanyp ýazylan çeper eser kän boldy. Orta asyrlarda şolar ýaly eserleriň ýüzlerçesi döredildi. Emma biz, Fizuliniň “leýli Mejnyn” poemasy şol rowaýatyň filosofik manysyny iň ýokary derejelere ýetirdi diýip, hasap edýäris.

XX-nji asyryň başynda beýik azerbaýjan kompozitory Uzeir Gajibekow musulman Gündogarda birinji gezek Muhammat Fizuliniň poemasynyň esasynda “leýli Mejnyn” operasyny döredýär. Indi 80 ýylyň döwamynda “leýli Mejnyn” operasy azerbaýjan sahnasynyň bezegi bolup gelýär. Şol müddetiň içinde ol opera Fizuliniň we Uzeir Gajibekowyň döredijiligini görkezip, bütin dünýä syýahat edýär.

Biziň asyrymyzdaky azerbaýjan ýazyjylar, şahyrlar, kompozitorlar, suratçylar we heýkeltaraşlar Muhammet Fizuliniň eserlerine bagyşlap, ençeme ajaýyp eserler döretdiler. Kara Karaýewiň “leýli Mejnyn” simfoniýasy we Jahangir Jahangirowyň “Fizuli” diýen kantatasy onuň şaýady bolup durýar.

Şeýdip, Muhammet Fizuli öz döredijiligi bilen, biziň günlerimize ýetip, bu gün bizi ruhlandyryp ýaşaýar we geljekki nesillere hem ruhy çeşmesi hökmünde hyzmat edip, täze eserleriň döredilmegine ylham berer. Muhammet Fizuliniň nesillere goýan döredijilik mirasynyň manysy hem şundan ybaratdyr.

Ondan bäri 500 ýyl geçdi. Şoňa garamazdan, Muhammet Fizuli asyrlar boýy ýaşap gelýär. Onuň eserleriniň köpüsiniň şu günlere ýetenligi tötänden däldir. Emma, şu wagta çenli Muhammet Fizuli ylmy nukdaý nazardan ýeterlik derejedeseljerilip, öwrenilmedi.

Şu 500 ýylyň içinde Fizuliniň ýubileýi birinji gezek şular ýaly, ýokary derejede geçirilýär. Şeýdip, häzirki zaman Azerbaýjan, häzirki nesil we Azerbaýjan Respublikasy öz medeniýetine, taryhyna we beýik şahsyýetlerine bolan sylag-hormatyny bildirip, olara sarpa goýar. Emma, bularyň ählisi Fizuliniň döredijiligini öwrenmekligiň we ony wagyz etmekligiň başlangyjydyr.Onuň mirasy aňyrsyna göz ýetirip bolmajak ýagdaýda ylu welin, öny öwrenmek üçin köp zat etmeli boljak diýip, hasap edýärin. Fizuliniň 500 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, gelejekde onuň döredijiligini öwrenmekliginiň we ony wagyz etmekliginiň giň ýollaryny açar diýip, umyt edýärin.

Geljekki nesiller hem Fizuliniň 500 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän dabaralary ýatdan çykarman, bu başlangyjy has ýokary derejelere ýetirerler diýip, umyt edýänligimi bildiresim gelýär.

Biziň halkymyzMuhammet Fizuliniň döredijiligine we onuň eserlerinehemişe sarpa goýup, minnetdar bolupdy.Emma, öň bu ýagdaýa şu günki ýaly, azerbaýjan halkynyň öz milli azatlygyna we döwlet garaşsyzlygyna ýeten wagtyndaky düşünişimiz ýaly, çuňňur düşünmeýärdik.Häzir bolsa, öz garaşsyz döwletimizde, garaşsyz ýurdumyzda öz taryhymyza, milli ruhy gymmatlyklarymyza we däp-dessurlarymyza arkaýyn dogry baha berip, hiç zatdan gorkman olary wagyz edip bileris.

Halkymyzyň we respublikamyzyň durmuşynyň agyr döwründe biz Muhammet Fizuliniň ýubileýini belleýäris. Bilişiňiz ýaly, sekiz ýyl mundan ozal Ermenistan tarapyndan Azerbaýjan Respublikasyna garşy harby çozuş gurnalyp, onuň netijesinde azerbaýjan ýerleriniň bir bölegi has takygy 20 göterimi ermeni harby güýçleri tarapyndan basyp alyndy. Biziň millionlarça watandaşlarymyz basyp alynan ýerlerden kowulyp, heniz hem agyr şertlerde, çadyrlarda ýaşaýarlar. Azerbaýjanyň territorial bütewiligi bozulyp, milli döwlet gurluşy bilen territorial bütewilik uly urga sezewar bolýar.

Şunuň bilen birlikde, öz döwlet garaşsyzlygyny gazanmagynyň öňüsyrasynda Azerbaýjan jemgyýetçilik-syýasy we sosial-ykdysady özgermeleri başdan geçirýär. Şol döwürde Azerbaýjanyň durmuşynda onuň döwlet gurluşy we milli medeniýeti üçin örän howply wakalar bolup geçýär. Bularyň ählisi respublikanyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyny agyrlaşdyryp, uly kynçylyklary emele getirýär. Şoňa garamazdan, döwlet garaşsyzlygy gazanylandan soň ýurtda demokratik dünýewi  hukuk döwleti gurulýar.Biziň respublikamyzda demokratik prosesler ösdürilip, ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Biz täze döwlet gurup, täze demokratik jemgyýeti düzýäris we ykdysadyýetiň täze görnüşlerini döredýäris. Bularyň ählisi çylşyrymly we kyn proseslerdir.

Şular ýaly wagtlarda Fizuliniň döredijiligi bizi ryhlandyrýar we güýç berýär. Ol hemişe biziň halkymyzdamilli mertebäni saklamak duýgusyny döredip, biziň milli azatlyk ugrundaky göreşimize we ýurtda demokratik  hukuk döwletini berkarar etmeklige ýardam berýän iň uly faktorlaryň biri bolup, çykyş edýär.Biziň halkymyz şular ýaly gadymy baý medeniýetiniň eýesi bolup, öz beýik şahsyýetleri arkaly Azerbaýjanyň milli ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, olary umumy ynsaniýet gymmatlyklarynyň bir bölegine öwürenligine biz örän guwanýarys. Muhammet Fizuli ýaly beýik şahyrymyzyň, beýik alymymyzyň we beýik pelsepeçimiziň bardygyna buýsanýarys.

Muhammet Fizuliniň 500 ýyllyk ýaştoýuna bagyşlanyp geçirilýän dabaralar biziň halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrýar, onda watanperwerlik duýgusyny we ýere bolan wepalylygydöredýär. Biziň ählimizi Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bütewiligini dikeltmek we basyp alynan ýerleri boşatmak üçin jemläp, Azerbaýjanyň has ýokary derejelere ýetmekligine ruhlandyrýar.Biz bu günem ertirem öz durmuşymyzda Muhammet Fizuliniň döreden ruhy gymmatlyklaryny ulanyp, öz halkymyzy bagtly gelejege alyp bararys.

Bu ýubileý mynasybetli geçirilýän çäreleriň, bu uly baýramçylygynyň biziň halkymyzy has-da jebisleşdirjekdigine men ynanýaryn. Muhammet Fizuli adamlary dostlyk bilen söýgä çagyrýardy. Söýgini, ýagty ruhanalygy we beýik duýgulary wasp edip, Muhammet Fizuli adamlary agzybirlige, dostlyga we söýgä çagyrýardy. Şu günki günde Fizuliniň bu pikirleri biziň üçin ähli zatda möhümdir. Ýurdy bu agyr döwürden çykarmaklygy, ýurdyň territorial bütewiligini dikeltmekligi, basyp alynan ýerleri boşatmaklygy, şeýle hem ýurtda demokratik prosesleri ösdürip, ony öňe alyp barmagy, bularyň ählisini amala aşyrmak üçin, biz öz agzybirligimizi we raýdaşlygymyzy berkitmelidiris.

Söňky ýyllar Azerbaýjan döwletiniň kuwwatyny artdyrmak ugrunda geçen ýyllar, şeýle hemAzerbaýjanyň içindäki jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň durnuklaşmagynyň ýyllarydyr diýip, kanagatlanma bilen aýtsak bolar. Söňky ýyllar adamlaryň ýakynlaşyp, dostlaşma ýyllary boldy. Biz bu ýyllary öz üstünliklerimiz we gazananlarymyz diýip, hasap edýäris. Şonuň bilen birlikde, olary biziň respublikamyzyň gelejege tarap äden birinji ädimleridir diýip,hasap etmek bilen, Fizuliniň döredijiligi we onuň mirasy biziň bu ýolumyzda ýardam berer diýip, umyt edýärin.

Şygyryýete şöhrat, Fizuli şöhrat, onuň döredijiligine şöhrat!

Ýaşasyn ylym, ýaşasyn medeniýet we şygyryýet!

Ýaşasyn garaşsyz Azerbaýjan Respublikasy!

“Bakinskiý raboçiý” gazeti, 1996-njy ýylyň 14-nji noýabyry.