Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň Azerbaýjanlylaryň genosidiniň güni bolan 31-nji mart mynasybetli halka ýüzlenmesi – 1999-njy ýylyň 30-njy marty


Hormatly watandaşlar!

Häzir Azerbaýjan sekizinji ýyl öz garaşsyzlygynyň şertlerinde ýaşap gelýär. Biziň garaşsyzlyk döwürde gazanan esasy üstünliklerimiziň biri, uzak ýyllaryň dowamynda ýaşyrylan, üýtgedilen we ýoýulan öz taryhymyzyň bir döwrüniň we wakalarynyň hakyky ýagdaýyna göz ýetirmek mümkinçilige eýe bolmagymyzdan ybaratdyr.Şolar ýaly wakalaryň biri bolsa,biziň şu gün belleýän we biziň döwletimiz tarapdan syýasy we hukuk taýdan baha berilen Azerbaýjanlylaryň genosidiniň günidir.

Her ýyl 31-nji mart güni Azerbaýjanlylaryň genosidiniň güni hökmünde belläp, biz ýene-de bir gezek öz taryhy geçmişimize gaýdyp gelýäris we ýüregimiz gyýylyp, biziň halkymyza garşy açyk amala aşyrylan giň gerimli ganly hereketleri ýatlaýarys.

Biziň halkymyz XIX-XX-njiasyrlarda birnäçe pajyga döz gelýär. Uly döwletler tarapyndan geçirilýän imperiýa syýasatynyň rehimsiz we mekir ýerine ýetirijileri bolan ermenileriň eli bilen azerbaýjanlylara garşy telim gezek etnik arassalamalar we genosid edilip, biziň halkymyz agyr jebirlere, milli heläkçiliklere we ejir çekmeklige sezewar bolýar. Öz milli degişliligi sebäpli ýüz müňlerçe azerbaýjanlylar gyrylýar we eziz ojaklaryndan kowulýar, şeäle hem Azerbaýjanyň gadymy şäherleri we obalary haraba dönýär.

Ermeni milletçileriň asyryň başynda patyşa Russiýanyň imperiýa syýasatyndan, 40-50-nji ýyllarda bolsa, sowet rejiminden peýdalanyp, geçiren genosid syýasaty 80-nji ýyllaryň ortasyndan başlap, perestroýkany pena tutunyp, has-da güýçlenýär we azerbaýjan halkyny gaýtadan täze heläkçiliklere sezewar edýär. Gynansak-da,ne halkara bileleşigi, ne Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylary tarapyndanwagtynda bu gan döküşikli hereketlereprinsipial baha berilmeýär,bu ýagdaý bolsa, milletçi-separatistik güýçlere erk-ygtyýar berýär.Hut şol ýagdaýyň netijesinde, 1998-nji ýylda biziň mejbury ýagdaýda oňa girmeli bolan, şeýle atlandyrylýan nagorno-karabah dawasynyň birinji döwründeýüz müňlerçe azerbaýjanlylar milli degişlilik sebäpli gyrylýar we öz taryhy ýerlerinden kowulyp çykarylýar, 1990-njy ýylyň ýanwarynda, Bakuda we Azerbaýjanyň başga ýerlerinde bu adalatsyzlyga närazylygyny bildiren halka garşy wagşylarça jenaýatlar edilýär, 1992-nji ýylda bolsa Hojalydaky genosid bolýar.

Ermeni agressorlaryň we beýik Ermenistanyň idiologlarynyň etnik arassalama boýunça awantýuristik hereketleriniň netijesinde, watandaşlarymyzyň bir milliondan gowragy öz eziz ojaklaryndan kowulyp, adatdan daşary azaplara sezewar bolýar. Diňe XX-nji asyryň özünde, azerbaýjanlylaryň iki milliondan gowragy, biziň duşmanlarymyzyň tarapyndan haýsy-da bolsa bir görnüşde amala aşyrylýan ýigrenji genosid syýasatyna sezewar bolýar. Emma bu heläkçiliklere, kynçylyklara we adalatsyzlyga garamazdan, biziň halkymyz ýaşamaklygyny dowam etdirdi we garaşsyzlyk babatyndaky arzuwyny aýap, sarsmaz erkini görkezdi.

Şu gün biz ýene-de bir gezek öz taryhymyza ser salýarys. Üstünliklere buýsanyp, ýitgilere gynanýarys. Häzirki wagtda Azerbaýjan garaşsyz döwlet bolup, ýaşap bilmegi üçin we öz hak işini bütin dünýä aşgär edip, geçmişdäki bolup geçen adalatsyzlyklary düzetmäge çalyşyp bilmegi üçin,ähli esaslar döredildi.

Biziň esasy wezipelerimiziň biri – häzirki we geljekki nesillerde, soňky ýüzýyllykda biziň halkymyza garşy edilen genosid barada çuňňur milli ýatlama döredip, şol pajygalara bütin dünýä tarapyndan syýasy we hukuk taýdan baha berilmegini gazanmalydyrys, olaryň agyr netijelerini ýok etmekde çalyşyp, şular ýaly zatlaryň gaýtalanmazlygy üçin, elimizden geleni etmelidiris. Şonuň üçin bolsa, berk we sarsmaz bitewilik görkezmelidiris. Biziň halkymyza garşy ediljek her bir dönükligiň we agressiýanyň, biziň iň beýik maksadymyz bolan garaşsyz Azerbaýjan döwleti üçin barlyşyksyz göreşe gönükdirlen erk we güýç bilen öňüni almak mümkindir.

Sizi bitewilige, milli bähbitleri we biziň halkymyzyň hukuklaryny goramak üçin barlyşyksyz göreşe çagyrýaryn.

Rus dilinden türkmen diline “Bakinskiý raboçiý” gazetinden terjime edilen, 1999-njy ýylyň 31-nji marty.

Umumy taryhy maglumatlar

Genosid

Kartalar we grafikalar

Ermeni-Azerbaýjan Nagornyý Karabah konflikti