Hojalydaky pajyga – adamzadyň garşysyna edilen jenaýat


Ermeni milletçileriň azerbaýjan halkyna garşy alyp barýan genosid we agressiýa syýasatynyň iki ýüz ýyldan gowrak  dowam edýän taryhy bar. Ol syýasatyň maksatlary azerbaýjanlylary ozaldan gelýän ýerlerinden kowup, şol ýerlerde ermeni taryhçylar we idiologlar tarapyndan toslanyp tapylan “Beýik Ermenistany” döretmekden ybaratdy. Öz ýigrenji hem-de howply syýasatyny amala aşyrmak ugrunda olar taryhy maglumatlary galplaşdyrma, syýasy öjükdirijilik ýaly dürli tärlerden we serişdelerden peýdalanýardylar, şeýle hem goňşy halklara garşy söweşjeň milletçilige, separatizme we agressiýa döwlet derejesinde goldaw berilýärdi. Şol maksat bilen, Ermenistanda we käbir daşary ýurtlarda milli-medeni, dini, syýasy we hatda terroristik guramalar döredilip, ermeni diasporanyň we lobbiniň mümkinçilekleri jemlenipdi.

XIX-njy asyryň birinji çäreginde Russiýa bilen Eýranyň arasynda bolup geçen uruşyň netijesindäki azerbaýjan ýerleriniň iki bölege bölünmegi bilen, Karabaha Eýran bilen Türkiýedäki ermenileriň belli bir maksada gönükdirilen köpçülikleýin göçürilmesiniň başlamagy Karabahdaky demografik ýagdaýyň düýpgöter üýtgemegine getirýär. 1905-nji ýylda azerbajanlylar öz ýerlerinde ermeni milletçiler tarapyndan gyrgyn edilip, ýüzlerçe ýaşaýyş nokatlary weýran edilýär. 1918-nji ýylda syýasy we harby ýolbaşçy topary esasan ermenilerden düzülen Baku kommunasynyň goldaw bermegi bilen, Baku guberniýasyny azerbaýjanlylardan arassalamak maksatly ýigrenji meýilnama amala aşyrylýar. Netijede, on müňlerçe parahat ýaşaýjylar ýok edilýär, ýaşaýyş nokatlar, medeni ýadygärlikler, metjitler we mekdepler weýran edilýär. Ermeniler tarapyndan Gänjäde, Şamahyda, Gubada, Länkäranda, Karabahda, Muganda we Azerbaýjanyň başga künjeklerinde parahat oturan azerbaýjan ilatyna garşy zorluk ulanylýar.

Azerbaýjanlylar  babatyndaky genosid we deportasiýa syýasaty milletleriň we halklaryň deňligi hakyndaky şygary yglan eden sowet häkimiýeti döwründe hem aýylganç we hilegär ýollar arkaly dowam etdirilýär. Şol döwürde Azerbaýjan babatynda köp sanly nädogry we adalatsyz kararlar kabul edilýär. 20-nji ýyllarda azerbaýjan ýerlerine degişli bolan Zangezur hiç bir esassyz Ermenistana geçirilýär, şeýlelikde, Azerbaýjanyň gadymdan gelýän topragy bolan Nahçywan biziň Watanymyzdan güýç bilen aýyrylyp, onuň beýleki böleginden üzňe galýar. Nagornyý Karabahda ermeni awtonomiýa döredilýär. SSSR-iň ýolbaşçylarynyň kabul eden wolýuntaristik kararynyň netijesinde, 1948-1953 ýyllarda ermenilere ýüz müňlerçe azerbaýjanlylary gadymdan gelýän topragyndan deportasiýa edip, hakykatda, Ermenistanyň çäginde monoetniki respublikany döretmekligi gazanmak başardýar.

Gynansakda,1988-nji ýylda başlan esassyz nagornyý-karabah dawasy, azerbaýjan ýerlerinde gowga turuzan ermeni reaksiýasy, şeýle hem şol reaksiýanyň pidasy bolan günäsiz azerbaýjan ilatynyň çeken ajy görgüleri öňki SSSR-iň ýolbaşçylary we dünýäniň ösen ýurtlary tarapyndan perwaýsyz ümsümlik bilen garşy alynýar. Ermeniler bu emele gelen ýagdaýdan ruhlanyp we peýdalanyp, azerbaýjanlylara garşy genosid syýasatyny yzygiderli dowam etdirmäge we taryhda görülmedik jenaýatlary etmäge girişýärler. Ermenistanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan Azerbaýjanyň ýerleriniň 20 göterimi, şol sanda Nagornyý Karabahyň töweregindäki Kelbajar, Laçyn, Agdam, Fizuli, Jebraýil, Gubadly we Zangilan diýen 7 sany etrap basyp alynýar. Bir milliondan gowrak azerbaýjanlylar öz oturan öňden gelýän topraklaryndan wagşyçylyk bilen kowulýar, şeýle hem on müňlerçe adam öldürilýär, maýyp bolýar we ýesir alynýar. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary, müňlerçe medeni, okuw we saglygy goraýyş edaralary, medeni we taryhy ýadygärlikler, metjitler, hormat goýulýan ýerler we öwlýäler ermeni wandalizmiň pidasy bolup, ýer bilen ýegsan edilýär.

Dawanyň birinji ýyllarynda ermeni ýaragly talaňçylaryň Nagornyý Karabahyň obalary bolan Kärkijahanda, Meşalide, Guşçularda, Garadaglyda, Agdabanda we başga-da azerbaýjanlylaryň ýaşan obalarynda eden heläkçilikleri, şeýle hem Hojalydaky pajyga, bularyň hemmesi jenaýatdyr we hemişelik  “hor düşen görgüli ermenileriň” wyždanynda gara tegmil bolup, olar munuň ählisine günäkärdir.

Hojalydaky heläkçilik “Beýik Ermenistany” we monoetniki döwleti döretmek boýunça şowinistik syýasatyň awtory bolan ermeniler tarapyndan azerbaýjan halkyna garşy edilen XX-nji asyryň elhenç jenaýatlarynyň biri bolup durýar. XX-nji asyryň ahyrynda ermeni basybalyjylar özleriniň jezalandyrmazlygynyň we şu wagta çenli dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalary tarapyndan olaryň jenaýatlaryna akyl ýetirilmänliginiň, ýazgarylmanlygynyň we öňi alynmanlygynyň netijesinde, ynsanperwerligiň garşysyna elhenç jenaýatlar we wagşyçylyklar edip, 1905-nji ýylda başlanan azerbaýjan ýerlerini basyp almaklygy dowam edýärler.

Azerbaýjanyň taryhyna gan reňkli harplar bilen ýazylan 1992-nji ýylyň 26-njy fewral gijesi ermeni ýaragly güýçleri, baryp SSSR döwründen bäri Hankendi şäherinde ýerleşýän, şahsy düzüminiň aglabasy ermenilerden ybarat bolan 366-njy moto atyjylyk polkyň tehnikasy we harby gullukçylarynyň kömegi bilen gadymy Hojaly şäheri ýer bilen ýegsan edýär.  

Ilki bilen Hojaly şäheri toplaryň we başga harby tehnikanyň okuna tutulmagyň netijesinde weýran edilýär. Şäheri ýangyn tutýar. Soňra bolsa, şähere bir näçe ugurdan pyýada güýçler girip, diri galan ýaşaýjylara juda rehimsiz jeza berýär.

Şol gün gysga wagtyň içinde ermeni ýaragly toparlar rehimsizlik bilen wagşylarça gynap, 613 sany parahat ýaşaýjyny ýok edýär, 421-ne bolsa, agyr şikes ýetirýär.

Gabawdan böwsüp çykmagy başaran parahat ýaşaýjylar tokaýlarda bukyda oturan ermeni harby gullukçylar tarapyndan aýratyn rehimsizlik bilen öldürilýär. Guduz açan jellatlar adamlaryň skalplaryny kesip almak, bedenleriniň dürli böleklerini kesip aýyrmak, göwreli aýallaryň garnyny silkmek, jesetleriň bir toparyny minalamak ýaly wagşyçylyklardan hem çekinmeýär.

Şol döwürde 1275 adam dereksiz ýitdi we ýesir alyndy, sany10 müňe ýetýän ilatly şäher derbi-dagyn edildi, jaýdyr ymaratlar ýer bilen ýegsan edilip ýakyldy. 150 adamyň, şol sanda 68 aýal bilen 26 çaganyň ykbaly şu wagta çenli näbelli bolup galýar. Bu heläkçiligiň netijesinde parahat ýaşaýjylaryň 1000-den gowragy dürli derejedäki agyrlykda okdan ýaralanyp, maýyp boldy. Öldürilenleriň arasynda 106 aýal, 83 ýaş çaga we 70 sany garry adam. 487 adam maýyp bolup, olaryň 76-sy ýetginjekler.

Bu harby-syýasy jenaýatyň netijesinde 6 sany maşgala bütinleý ýok edilýär, öz ene-atalarynyň ikisini hem ýitiren çagalaryň sany 25-e, birini ýitirenleriň sany bolsa 130-a ýetýär. Bu pajyganyň pidasy bolanlaryň arasynda 56 adam diriligine ýakylýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ilham Aliýewiň Hojalydaky genosidiň belli güni mynasybetli azerbaýjan halkyna ýüzlenmesinden: “Harby ýagdaýa görä hiç bir zerurlygy bolmadyk halatynda ýüzlerçe parahat ýaşaýjylar taryhda deňi-taýy bolmadyk rehimsizlik bilen öldürilip, olaryň jesetleri bolsa, masgaralanmaklyga sezewar bolýar. Çagalar, aýallar, garyllar we bütin maşgalalar ýok edilýär. XX-nji asyryň ahyrynda diňe bir azerbaýjan halkynyň garşysyna däl, eýsem ähli adamzadyň garşysyna edilen iň agyr jenaýatlaryň biri edilýär. Hojalydaky pajyga öz agyrlygy, zalymlygy we rehimsizligi boýunça adamzadyň garşysyna edilen jenaýatlaryň arasynda aýratyn oruny eýeleýändir.”

Şular ýaly, taryhda deňi-taýy bolmadyk zalymlygyň XX-nji asyryň ahyrynda, özem bütin dünýäniň gözüniň öňünde adamlaryň tarapyndan edilenligini göz öňüne getirmek örän kyn!

Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine garşy terror syýasatyny görkezme bilen bir hatarda, bu köpçülikleýin we zalym gyrgynçylyk diňe azerbaýjanlylaryň garşysyna däl, umuman ynsanperwerligiň garşysyna hem edilen rehimsiz jenaýat bolup durýar. Bu Hojalydaky genosidi etmek bilen, ermeni milletçiler basybalyjylara öz ýerlerini beresi gelmeýän azerbaýjan halkyny gorkuzmak, göreşe bolan erjelligini ýatyryp, ony ýok etmek maksady göz öňünde tutýar.

Hojaly şäherine edilen çozuş boýunça operasiýa 366-njy polkyň 2-nji batalýonynyň serkerdesi Seýran Oganýan, 3-nji batalýonynyň serkerdesi Ýewgeniý Nabokih we 1-nji batalýonynyň ştabynyň başlygy Waleriý Çitçýan dagylar ýolbaşçylyk etdi. Operasiýada 90-dan gowrak tank, söweş maşinlary we başga harby tehnika ulanyldy. Parahat ilata garşy genoside polkyň harby gullukçylary Slawik Arutýunýan, Andreý Işhanýan, Sergeý Beglarýan, Mowses Akopýan, Grigoriý Kisebekýan, Waçik Mirzoýan, Waçagan Aýriýan, Aleksandr Aýrapetýan, şeýle hem başga ermeni ýaragly goşun bölümleriniň agzalary Karo Petrosýan, Seýran Tumasýan, Walerik Grigorýan we başgalar işjeň gatnaşdylar.

Hojalydaky genosid döwründe maýor bolan S. Oganýan häzir general pagonlaryny dakynyp, Ermenistan Respublikasynyň goranmak ministri bolup otyr. Bu jenaýata gatnaşanlaryň başga-da bir-näçesi Ermenistanyň döreden oýnatgy režiminde we döwlet organlarynda dürli wezipeleri eýeleýär.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 1946-njy ýylyň 11-nji dekabyrynda kabul edilen 96-njy Rezolýusiýasynda genosid özüniň adamlaryň belli bir toparlarynyň ýaşamaklyga bolan hukugyny ykrar etmezligi bilen, adam mertebesini peseldip, ynsaniýeti adamlaryň döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryndan mahrum edýär diýip görkezilýär. Şular ýaly hereketler bütinleý BMG-nyň maksatlaryna hem wezipelerine çapraz düşýär. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 1948-njy ýylyň 9-njy dekabyryndaky 260-njy Rezolýusiýasy arkaly kabul edilen we 1961-nji ýylda güýje giren “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin berilýän jeza hakyndaky” Konwensiýada genosid jenaýatynyň hykuk esasy berkidildi. Konwensiýa goşulan döwletler genosidiň parahatçylyk ýa-da uruş döwri edilenligine bagly bolamadyk ýagdaýda halkara hukuk kadalary bozýan jenaýatdygyny tassyklap, onuň öňüni almak we günäkärleri jezalandyrmak ugrunda çäre görmek boýunça borçnamany öz üstüne aldylar. Hojalyda edilen aýylganç jenaýatyň häsiýeti we gerimi şol Konwensiýada görkezilen genosid jenaýatyny düzýän ähli hereketleriň edilenligini görkezýär. Planlaşdyrylan köpçülikleýin we rehimsiz gyrgynçylykly hereket şol ýerde ýaşaýan adamlary hut azerbaýjanly bolandyklary üçin bütinleý ýok etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Uruş döwründäki tertibi kesgitleýän halkara hukuk kadalarynyň Ermenistan tarapyndan äsgerilmezligi bilen bagly faktlar bu agzalanlar bilen tamamlanmaýar. Halkara gumanitar hukugyň talaplaryna laýyklykda, uruş diňe ýaragly çaknyşygyň taraplarynyň ýaragly güýçleriniň arasynda alynyp barylmaly. Graždan ilaty söweşlere gatnaşmaly däl, onuň hukugyna hormat goýulmaly. “Uruş döwründe graždan adamy goramak hakyndaky” Ženewada kabul edilen Konwensiýanyň 3 IV maddasyna laýyklykda, graždan ilatyň janyna kast edip, ony howp astynda goýmak, şol sanda, dürli ýollar arkaly öldürmek, şikes ýetirmek, ilata rehimsiz äňetmek, gynap ejir çekdirmek, adam mertebesine kast etmek we ilatyň göwnüne degip, oňa garşy kemsidiji hereketler etmek gadagan edilýär. Konwensiýanyň 33-nji maddasynda kanuny bozmadyk graždan adamyň jezalandyrylyp bilinmejekdigi görkezilen.

Graždan ilatyna garşy köpçülikleýin jeza çärelerini ulanma, gorkuzma, terroristik hereketler we repressiýalar anyk suratda gadagan edilýär. Şonuň bilen birlikde, bu Konwensiýanyň 34-nji maddasyna laýyklykda, graždan ilatyny girew almak gadagan edilýär. Emma ermeniler diňe Hojaly şäheriniň bir özünde müňden gowrak adamy girew almak bilen, şol düzgüni äsgermeýändiklerini açyk görkezdiler. Bu hukuk kadalary äsgermän ermeni ýaragly goşun bölümleri Hojaly şäheriniň parahat ilatyny ýok etmek ugrunda juda rehimsiz ýollardan peýdalandylar. Ýokarda agzalanlar 1948-nji ýylyň 9-njy dekabyrynda kabul edilen “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin berilýän jeza hakyndaky” Konwensiýada göz öňünde tutulan genosid jenaýatynyň edilmeginiň şertlerine gabat gelýär.

Hojaly şäheri basyp alynan mahaly parahat azerbaýjan ilatyna garşy akyla sygmajak wagşyçylyklary etmek bilen Ženewada kabul edilen Konwensiýanyň, “Adam hukuklary hakyndaky ählumumy deklarasiýasynyň” 2, 3, 5, 9 we 17-nji maddalarynyň, “Adatdan daşary ýagdaýlarda we harby konfliktleriň döwründe çagalary we aýallary goramak hakyndaky”  we “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin berilýän jeza hakyndaky” Konwensiýalarynyň düzgünlerini bozan adamlar henizem jezalandyrylmady. Jezalandyrmazlyk bolsa täze jenaýatlaryň edilmegi üçin esas döredilmeginiň dowam etmegine ýardam berýär.              

Ermenistan eden wagşyçylyklaryndan gaça durmaýar, gaýtam utanman, azerbaýjanlylaryň garşysyna edilen genosidi delillendirýär, ony eden adamlar bolsa milli gahrymanlar diýilip hasaplanylýar. Ermenistanda açyk ýagdaýda  Azerbaýjana garşy syýasat alynyp barylýar, täze azerbaýjan ýerlerini basyp almak üçin döwlet möçberinde idiologik esaslar döredilýär. Ermeni ýaşlaryny şowinizmiň düzgünlerine laýyklykda terbiýelemek üçin esas döretmek maksady bilen, ermenileriň galplaşdyrylan kyssasy döwlet syýasaty derejesine galdyrylýar.

Nähili geň hem bolsa, birnäçe ýurtlaryň parlamentçileri Hojalydaky pajyga ýaly genoside gözlerini ýumup, “ermenileriň genosid edilmegi” baradaky rowaýaty ara alnyp maslahatlaşylýan zada öwürdiler, hatda taryhy hakykatlara biperwaý garap, ol barasynda adalatsyz kararlary kabul etdiler. Hut munuň özi ermeni tarapynyň günäsi bilen, ermeni-azerbaýjan, nagornyý-karabah dawasyny parahatlyk bilen çözmek ugrundaky synanyşyklaryň häzirki wagta çenli netijesizliginiň sebäpleriniň biri bolup durýar.

Ýylba-ýyl 1915-nji ýylda bolup geçen, şonda ermenilere garşy genosid edilenmiş diýen wakalary çişirip, olary wagyz edip, ermeni taryhçylary we syýasatçylary, hakykatda, asyryň başyndan bäri dowam edýän azerbaýjanlylaryň köpçülikleýin gyryp ýok edilmegini dünýä jemgyýetçiligine unutdyryp, ony ýalňyşdyrmak ugrunda çalyşýarlar.

Azerbaýjan ýerleri henizem basybalyjylaryň gol astynda bolup galýar. Öz betnebis maksatlaryna ýetmek ugrunda, ermeni jellatlar tarapynadan rehimsizlik bilen günäsiz adamlar gyryldy. Hojalydaky heläkçiligiň halkara bileleşigi tarapyndan genosid etmek hereketi we ynsanperwerlige garşy jenaýat hökmünde ykrar edilmegini gazanmak her bir azerbaýjanlynyň borjydyr. Şunuň ýaly jenaýat gaýtalanmaly däldir.

Azerbaýjan halkynyň Milli lidery Geýdar Aliýewiň bu hadysa sebäpli aýdan sözünden: “Hojalydaky pajyga adamzadyň XX-nji asyrda bolan iň uly heläkçilikleriniň biridir. Hojalydaky ýaly, rehimsizlikde deňi-taýy bolmadyk heläkçilik dünýäniň hiç bir künjeginde gaýtalanmazlygy üçin Hojalydaky genosid baradaky hakykatlar her tarapdan dünýä bileleşiginiň dykgatyna ýetirilmelidir. Gumanizmiň ideallaryna wepaly ähli adamlar bu heläkçilik babatda öz gutarnykly we kesgitli garaýşyny bildirip bilmekleri üçin düýpli we belli bir maksada gönükdirilen iş alyp barylmalydyr.”

Hut azerbaýjan halkynyň Milli lideri Geýdar Aliýewiň halkyň tutanýerli talap etmegi sebäpli 1993-nji ýylda ýurduň ýolbaşçylygyna gaýdyp gelmeginden soň biziň milli heläkçiliklerimize, şol sanda Hojalydaky genoside syýasy-hukuk baha bermeklik mümkin boldy. Milli lideriniň teklip bermegi bilen, ýurduň Milli Mejlisi 1994-nji ýylyň 24-nji fewralynda “Hojalydaky genosid Güni hakyndaky” Karary kabul etdi. Ol resminamada heläkçiligiň sebäpleri jikme-jik äşgär edilip, günäkär adamlaryň atlary tutuldy.

Gürrüňsiz, Hojaly baradaky hakykatlary dünýä bileleşiginiň dykgatyna ýetirmekde, ol hakykatlary dünýä ýaýratmakda we şol genoside obýektiw baha bermek ugrunda geçirilýän çärelerde hanym Mehriban Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky Geýdar Aliýewiň fondy aýratyn orun eýeleýär. Geýdar Aliýewiň fondy indi näçe ýyldan bäri yzly-yzyna dünýäniň 70 sany ýurdunda Hojalydaky pajyga bagyşlanan çäreleri geçirýär. Fond tarapyndan  maslahatlar we ýatlama agşamlary geçirilýär, kitaplar we bukletler çap edilýär, DVD-diskleri çykarylýar we filmler surata düşürilýär.

Her ýyl Geýdar Aliýewiň fondynyň wise-prezidenti, Russiýadaky Azerbaýjan ýaşlar guramasynyň başlygy Leýla Aliýewanyň başyny başlaýjy bolup çykyş eden “Hojala adalat” halkara kampaniýasy ýaýbaňlanýar. Kampaniýanyň çäginde bütin dünýäde ýüzlerçe çäreler geçirilýär. Ýewropa bileleşiginiň agzalary bolan ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly, şeýle hem GDA-da, Aziýada, Günorta we Demirgazyk Amerikada maslahatlar, seminarlar we piketler geçirilýär. Bu kampaniýanyň kömegi bilen Hojalydaky pajyga birnäçe halkara forumlar tarapyndan ykrar edildi. Fondyň hem-de OIK-yň (Yslam Konferensiýasy Guramasy) Ýaşlar forumynyň tagallalarynyň netijesinde, Hojalydaky heläkçilik 31 sany ýurdyň parlamentleriniň deputatlary tarapyndan ynsanperwerlige garşy jenaýat hökmünde ykrar edildi. Dünýäniň 20 ýurdyndaky dünýä belli öňde baryjy uniwersitetleri tarapyndan ýaşlaryň fleş-moblary geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, kampaniýanyň täze tapgyry başlandy – bu heläkçiligi genosid etmeklik hereketi hem-de ynsanperwerlige garşy jenaýat hökmünde ykrar edilmegi boýunça talaplary orta atýan, döwlet baştutanlaryna we hökümet başlyklaryna, OBSÝe-niň Minskdäki toparyna, PASE (Ýewropa Bileleşiginiň Parlament assambleýasy), BMG-nyň Sekritariatyna, dünýäniň parlamentlerine we halkara guramalaryna gönükdirilen petisiýalary hem-de ýüzlenmeleri ýaýratma.

Hojalydaky pajyganyň hakykatlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmekligi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bu heläkçilige syýasy-hukuk we ahlak taýdan baha bermegini maksat tutunan maglumat berme we ündew boýunça “Hojala adalat” halkara kampaniýasy häzirki wagt dünýäniň köp ýurtlarynda müňlerçe meýletinler tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar.

Azerbaýjan döwleti ermeni milletçi-şowinistleriň azerbaýjanlylara garşy eden jenaýatlarynyň, şol sanda Hojalydaky pajyganyň hakykatlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirilmegi hem-de onuň genosid hökmünde ykrar edilmegi ugrunda bir maksada gönükdirilen we yzygiderli iş alyp barýar. 

Dünýä jemgyýetçiligi hem öz gezeginde, haýsysynyň hakykatdygyna indi örän gowy düşünýär. Yslam Konferensiýasy Guramasynyň Hojalydaky genosid bilen bagly kabul eden ayratyn Rezolýusiýasy bu heläkçiligi “ynsanperwerlige garşy jenaýat” hökmünde ykrar eden halkara guramalary tarapyndan kabul edilen birinji resminama bolup durýar. 51 sany ýurt tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýada Hojalydaky heläkçilige “ermeni ýaragly güýçleri tarapyndan parahat ilatyň garşysyna edilen köpçülikleýin genosid” we “ynsanperwerlige garşy jenaýat” hökmünde baha berildi.

Ermeni milletçileriň tersine, Azerbaýjan bu meseleden syýasy, maliýe, territorial we başga görnüşlerde peýda görmek maksadyň ugrunda aladalanmaýar. Biziň maksadymyz taryhy adalatsyzlygy dikeltmekden hem-de jenaýatçylary paş edip, olaryň işini dünýä jemgyýetçiligiň garamagyna goýmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin ermeni milletçi-şowinistleriň sebitde amala aşyrýan etniki separatizmi tarapyndan älem-jahana awanýan howp, şeýle hem olaryň beýleki halklar babatyndaky duşmançylyk we terror idealogiýasy äşgär edilmelidir. Bu biziň Hojalyda gahrymanlarça wepat bolanlaryň hatyrasyna graždanlyk we ynsanperwerlik borjumyzdyr.