Azerbaýjanyň Prezidenti Geädar Aliýewiň Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisiniň taslamasy baradaky şertnamalara gol çekme dawarasynda sözlän giriş we jemleýji sözi. 2000-nji ýylyň 17-nji oktýabyry


scotch egg
scotch egg
scotch egg
scotch egg
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Ertir, 18-nji oktýabr güni - Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygy baradaky Konstitusion aktyň kabul edilmeginiň 9 ýyllygy. 9 ýyl mundan ozal Konstitusion aktyň kabul edilmeginden soň Azerbaýjan öz garaşsyzlygyny gazanyp, indi 9 ýylyň dowamynda garaşsyz döwlet bolup ýaşap gelýär. Bu baýram bolan Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni bilen Sizi, biziň bütin halkymyzy we biziň raýatlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Azerbaýjan halkyna parahatçylyk, asudalyk we eşret, şeýle hem biziň döwletimiziň garaşsyzlygynyň baky bolmagyny arzuw edýärin.

Şu gün biz taryhy waka mynasybetli bu ýere ýygnandyk. Mälim bolşy ýaly, 1994-nji ýylyň sentýabyrynda dünýäniň iri nebit kompaniýalarynyň köpüsi bilen Hazaryň Azerbaýjana degişli bölegindäki baý nebit känlerini bilelikde peýdalanma boýunça birinji şertnama gol çekildi. Şeýlelikde, Azerbaýjanyň täze nebit strategiýasy başlanýar. 1994-nji ýylda «Asyryň şertnamasyna» gol goýulmagy azerbaýjan halkynyň erkinliginiň we döwlet garaşsyzlygynyň netijesi bolup durýar.

Bu gün biz gol çekilen nebit şertnamasy yzygiderli amala aşyrylyp, öz netijelerini berýär diýip, çäksiz buýsanç duýgusy bilen aýdyp bileris.

Birinji şertnama Hazar deňiziniň nebit we gaz babatyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä aýan etdi. Häzirki wagt Azerbaýjanda nebit bilen bagly uly şertnamalarynyň 20-sine gol çekildi.

«Asyryň şertnamasynda» - «Azeri, «Çirag» känleri we Hazaryň Azerbaýjana degişli bölegindäki «Güneşli» käniň çuň suwly bölegini bilelikde peýdalanma baradaky şertnamada Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasynyň 11 sany daşary ýurt nebit kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutulypdy. Bu hyzmatdaşlyk üstünlik bilen amala aşyrylýar. 1997-nji ýylda «Çirag» ýatagynda nebit gazyp çykaryldy. Bu ýatakdan alynýan nebit dünýä bazarlaryna eksportirlenýär. Şeýlelikde, biz gol çeken şertnamamyzyň praktiki netijelerini görýäris.

Elbetde, munuň ýaly şertnamanyň amala aşyrylmagynyň barşynda nebitiň uly mukdarynyň gazyp çykarylmagynyň göz öňünde tutulmagy sebäpli, şol nebitiň dünýä bazarlaryna eksport edilmeginiň hem göz öňünde tutulmagy zerurdy. Şonuň üçin birinji şertnamanyň netijesinde gazyp alynýan nebitiň dünýä bazarlaryna eksport etmek üçin dürli turbageçirijileri, şol sanda Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisini gurma göz öňünde tutuldy.

Hut şol döwürden, 1994-nji ýyldan başlap, biz daşary ýurt nebit kompaniýalary bilen bilelikde Esasy Eksport turbageçirijisini - Baku - Jeýhan turbageçirijisini döretmek boýunça örän uly işi amala aşyrdyk, soňra bolsa, biz ony Baku - Tbilisi - Jeýhan diýip atlandyrdyk.

 Mälim bolşy ýaly, biziň bu ugurdaky işimiz örän uly garşylyga we köp sanly kynçylyklara duş geldi. Birnäçeler şular ýaly eksport turbageçirijisiniň gurulmagy mümkin däldir diýdiler. Her niçik-de bolsa, geçen ýyllar boýy Baku - Tbilisi - Jeýhan turbageçirijisi bütin dünýä jemgyýetçiligiň üns merkezinde boldy. Emma biz - Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa we konsorsiuma gatnaşan nebit kompaniýalary yzygiderli Baku - Tbilisi - Jeýhan turbageçirijisini gurmak meselesi bilen meşgullandyk, göreşdik we ol maksada ýetdik.

1999-njy ýylyň noýabyrynda OBSÝe-niň Ystambulda geçen maslahatynda gol çekilen şertnama biziň ähli işimiziň ýokary derejesi bolup durýar. Bu şertnama Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti we Gazagystanyň Prezidenti gol çekdiler. Bu şertnama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti jenap Bill Klinton hem goluny goýdy.

Şunlukda, biziň köp ýyllyk işimiz şular ýaly syýasy resminamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Emma, şol wagtdan şu güne çenli geçen döwür ýeňil bolmady, sebäbi, Baku - Tbilisi - Jeýhan turbageçirijisiniň gurluşygy, bahasy we başga söwda-tehniki meseleri bilen bagly dürli pikirler boldy. Ol dürli pikirler kosorsiuma girýän kompaniýalaryň arasynda hem boldy. Şonuň üçin bu ugurda hem uly işiň alynyp barylmagy zerurdy.

Bu iş Azerbaýjan, Türkiýe we Gruziýa, şeyle hem olaryň degişli edaralary tarapynda amala aşyryldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, olaryň hökümeti hem elmydama bu işiň gidişini goldaýardylar. Ähli tehniki we söwda meseleleri boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şonuň netijesinde, Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasy we Azerbaýjan halkara operasion kompaniýasyna girýän kompaniýalar bilelikde Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisini gurma baradaky söwda-tehniki şertnamalary taýýarladylar. Bu gün biz şol şertnamalara gol çekmek üçin ýygnandyk.

Bu şertnamalara şu gün Azerbaýjanda, onuň paýtagty - Baku şäherinde, ertir - Gruziýada, Tbiliside, birigün bolsa - Türkiýede gol goýulmagy göz öňünde tutulýar. Elbetde, şertnamalara gol çekme bu ugurda täze döwri açar, Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisiniň iş ýüzünde gurluşygy başlanar.

Jemleýji söz

Hormatly hanymlar we jenaplar, dostlar!

Bu gün biziň ählimiz taryhy güni, taryhy minutlary başymyzdan geçirýäris diýen pikir bilen razylaşýarys.

1994-nji ýylyň sentýabyrynda Azerbaýjanda birinji nebit şertnamasyna gol çekilen mahaly biz çäksiz buýsanç duýgusyny we bagty başdan geçirýärdik, Azerbaýjanyň bu ugurdaky eşretli gelejegini görýärdik.

Mälim bolşy ýaly, muňa şübhe bilen garaýan adamlar boldy, ynanman päsgel berenler hem boldy. Hem Azerbaýjanda hem ýurdyň çäkleriniň daşynda bu şertnama bir tarapdan-a gabanjaňlygy, beýleki tarapdan bolsa, nägileligi emele getirdi. Emma azerbaýjan halky, her niçik-de bolsa, onuň aglabasy muňa taryhy waka we biziň garaşsyz ýurdumyzyň gelejegi üçin iň möhüm, ähmiýetli iş hökmünde garaýardy.

Soňky döwür biz üçin ýeňil bolmady. Biz daşyndan uly zor salynmaklyga sezewar bolduk. Metbugatda, birnäçe ýurtlaryň gazetlerinde şol barasynda aglabasy deň gelmeýän dürli pikirler çap edildi. Şeýlelik bilen, biz tarapdan amala aşyrylýan iş babatynda halkara jemgyýetçiliginiň aňynda we Azerbaýjanda şübhe döretmegi isleýärdiler.

Biziň daşary ýurtlardaky we ýurduň öz içindäki duşmanlarymyz bu şertnamanyň Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygyny berkitmek üçin iň möhüm wakalaryň biri bolup durýandygyny örän gowy düşünýärdiler. Bu şertnama gol çekilmeginden bir gün geçenden soň Azerbaýjana garşy uly meçewiň amala aşyrylmagy tötänden däldir. Biziň respublikamyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň izolýatorynda jezasyny çekip oturan örän howply jenaýatkärler dürli güýçleriň kömegi bilen ol ýerden gaçýar, netijede, Azerbaýjanda durnuklylygy bozmak üçin belli bir mümkinçilik döreýär. Ondan bir hepde geçenden soň Azerbaýjanda iki sany döwlet syýasy işgärine garşy terroristik akt amala aşyrylyp, olar öldürilýär.

Onuň logiki dowamaty bolup, 1994-nji ýylyň 3-4-nji oktýabyrynda Azerbaýjanda ýaňadan ýaragly döwlet agdarylyşyga synanyşyk edilýär. biz öz halkymyzyň, milletimiziň güýjiniň we agzybirliginiň kömegi bilen ol synanyşygyň öňüni aldyk. Emma Azerbaýjanyň içerki we daşarky duşmanlary biziň ýurdumyzyň şular ýaly garaşsyz syýasaty alyp barmagyna we onuň garaşsyz ösüşine päsgelçilik döretmegi dowam edýärdiler.

Ondan alty aý geçenden soň Azerbaýjanda täzeden ýaragly döwlet agdarylyşyga synanyşyk edilýär. Ol daşary ýurtdan dolandyrylyp, ýurduň içindäki jenaýatçy güýçler tarapyndan gurnalýar. Juda gynansak-da, häzir oppozisiýadaky käbir partiýalar hem şol ýaragly döwlet agdarylyşyk synanyşygyna işjeň gatnaşdylar. Biz bu döwlet agdarylyşyga synanyşygyň hem öňüni aldyk. Gan döküldi, şehid bolanlar hem bar, emma biz Azerbaýjanyň garaşsyzlygyna, döwlet gurluşyna garşy çykyş edenleri derbi-dagyn etdik.

Ondan soňraky ýyllarda Azerbaýjan ýene-de köp sanly kynçylyklara duş gelýär. Bularyň ählisi Size mälim. Olaryň hemmesiniň ýeke-täk sebäbi bar. Daşarky we içerki duşmanlar Azerbaýjanyň garaşsyz döwlet bolup ýaşaýanlygyny, biziň garaşsyz ýurdumyzyň gün-günden berkeýänligini we biziň respublikamyzyň täze döwlet nebit strategiýasynyň uly gelejek barada şaýatlyk edýändigini görýärdiler. Ol adamlar bularyň ählisini togtatmak bilen Azerbaýjany gowşadyp, biziň ýurdumyzy käbir jenaýatçy toparlaryň güýji arkaly basyp almak üçin bu elhenç ýola düşýärler.

Geçen ýyllaryň dowamynda biz çakdanaşa kyn ýoly geçdik, azerbaýjan halkyny köp sanly howplardan halas edip, biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygyny we döwlet gurluşyny goradyk. Azerbaýjanyň ykdysadiýetiniň ösmegi üçin döwlet nebit strategiýasyny yzygiderli amala aşyrdyk.

Bu ýerde Baku - Tbilisi - Jeýhan turbageçirijisini gurma hem biziň döwlet nebit strategiýamyzyň esasy bölegi bolup durýanlygy barada gürrüň edildi. Ähli meçewler we daşyndan bize zor salmalar puja çykdy. Soňky ýyllarda bolsa, Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisiniň geçirilmegine garşy dürli wagyzlar we küşgürijilikli hereketler edilýärdi. Emma biziň erjelligimiz, garaşsyz demokratik Azerbaýjanyň daşarky ykdysady syýasaty, onyň dünýäniň uly döwletleri bilen, olaryň nebit kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy - bularyň ählisi biziň şu günki güne gelmegimize ýol berdi.

Şeýlelikde, Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisi agyr ýoly geçdi. Emma biziň bu ýoly üstünlikli geçenimizi hemmeler görýär. Biz - Türkiýe Respublikasy, Gruziýa we Azerbaýjan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň durnukly goldaw bermegi bilen bilelikde bu agyr ýoly geçip, bu gün eýäm soňky şertnamalara gol çekildi.

Häzir täze döwür açylýar. Bu gün eşidilen beýannamalar, hususan hem Dewid Wudwordyň aýdanlary biziň praktiki işe başlap, bu işiň üstünlikli amala aşyrylmagyna we 2004-nji ýylda Hazar deňiziniň nebiti Baku - Tbilisi - Jeýhan Esasy Eksport turbageçirijisi arkaly Ýerorta deňiziniň kenaryna geljekdigine şaýatlyk edýär. Biz muňa ynanýarys.

Biziň hemmämiz bilelikde - Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, daşary ýurt nebit kompaniýalary we olaryň wekili bolup çykyş edýän döwletleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen gelejekde hem bu meýilnamany üstünlikli amala aşyrarys.

Ýurduň öz içindäki we daşyndaky biziň işimize päsgel bermek isleýälere bolsa, Azerbaýjan döwletiniň soňky ýyllaryň dowamynda, soňky 7 ýylyň içinde geçen agyr, ýöne öran üstünlikli ýoluna dogry baha berip, özleri üçin dogry netije çykarmaklaryny maslahat berýärin.

Bu işleriň ählisini biz Azerbaýjanyň ykdysadiýetini ösdürmek üçin amala aşyrýarys. Bu işleriň ählisini azerbaýjan halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulamak üçin amala aşyrýarys. Biz bu işleri dürli döwletler bilen uzak möhletli hyzmatdaşlykda bolmak üçin amala aşyrýarys. Şonuň üçin meniň bu işiň üstünlikli iş ýüzüne geçiriljekdigine ynamym bar.

Men Azerbaýjan halkara operasion kompaniýasyny, Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasyny, Azerbaýjan döwletini, hökümetini we ähli azerbaýjan halkyny bu resminamalara gol goýulmagy bilen gutlaýaryn.

Biz estafetany Gruziýa, soňra bolsa, Türkiýe Respublikasyna geçirýäris. Jenap Wudworddan meniň gutlaglarymy, meniň aýratyn salamymy, meniň sylag-homatymy Gruziýanyň Prezidenti, meniň dostum Eduard Şewarnadze we ähli gruzin halkyna gowşurmagyny haýyş edýärin.

Şeýle hem Biziň iň oňat arzuwlarymyzy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Ahmet Nejet Sezera, Türkiýe Respublikasynyň premýer-minisri hormatly Býülend Ejewite we doganlyk türk halkyna gowşurmagyňyzy haýyş edýärin.

Ýene-de bir gezek Siziň ähliňizi gutlap, ähliňize bu ýolda üstünlik arzuw edýärin.