Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň 20-nji ýanwaryň şehitlerine (hakyň ugrundaky göreşde wepat bolanlar)bagyşlanyp geçirilen umumy respublikan dabarada sözlän sözi - 2000-nji ýylyň 19-njy ýanwary


scotch egg
scotch egg
scotch egg
scotch egg
scotch egg
scotch egg
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb
temp-thumb

Eziz watandaşlar! Hormatly hanymlar we jenaplar!

Bu günler - azerbaýjan halkynyň gynanç günleridir. Biz ýanwarda bolyp geçen pajyganaň 10 ýyllygyny belleýäris. Şu gün men şol elhenç gije Watan, azatlyk we garaşsyzlyk üçin gurban bolanlaryň hatyrasyna ýene-de bir gezek başymy egýärin.

1990-njy ýylyň 20-nji ýanwary - Azerbaýjanyň taryhynyň iň agyr günidir. Emma şonuň bilen birlikde, şol gije azerbaýjan halky bütin dünýä öz gahrymanlygyny, edermenligini we gaýratlylygyny görkezdi. Şonuň üçin şu güni biz elmydama şol heläkçilige bolan gynanç bilen geçirýäris. Emma biz şol bir wagtyň özündebiziň halkymyzyň gahryman, ýanbermez we ynamly halk bolanlygy üçin, örän buýsanýarys.

Azerbaýjan halkynyň taryhynda, hususan hem XX-nji asyrda köp sanly pajygaly hadysalar bolup geçdi: 1918-nji ýylda ermeniler tarapyndan azerbaýjan halkyna garşy edilen zorluk, genosid. Azerbaýjanda sowet häkimiýeti dikeldilenden soň halka, millete garşy geçirilen repressiýalar we terror. 1937-1938 ýyllarda biziň halkymyza garşy geçirilen köpçülikleýin repressiýalar. Azerbaýjana garşy harby çozuş etmek maksady bilen, 1988-nji ýylda nagornyý-karabah dawasynyň emele gelmegi we onuň netijesinde biziň ogullarymyzyň gurban bolmagy.

Emma şunuň ählisi bilen birlikde1990-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda bolup geçen heläkçilik azerbaýjan halkyna bolanurgylaryň iň ulysydyr, onuň garşysyna amala aşyrylan iň uly agressiýa we terror bolupdurýar. Sanalan heläkçilikler, şeýle hem mümkin şu wagt meniň ýadyma düşmeýän pajygaly hadysalaryň ählisi aýratyn toparlara, käbir adamlara garşy gönükdirilipdi, mysal üçin, 1918-nji ýylda ermeniler tarapyndan amala aşyrylan genosidiň, bu ýowuz ermeni azerbaýjan gatnaşyklaryň maksady azerbaýjanlylaryň ýerlerini basyp almak we olary ýok etmekdi. Emma ýanwarda bolup geçen wakalary, ýanwardaky pajygany ol heläkçiliklerden, ol betbagtlyklaryň ählisinden tapawutlandyrýan zat, biziň uzak ýyllaryň dowamynda onuň ygtyýarynda bolan sowet döwletiniň we azerbaýjan kommunistik häkimiýetiniň şol gije azerbaýjan halkyna garşy agressiýa etmekleridir. Başgaça aýdanyňda, döwlet, hökümet, häkimiýet tarapyndan öz halkyna garşy edilen agressiýa, elbetde, ol iň elhenç, iň agyr we syýasy nukdaý nazardan seredeniňde beýlekilerden tapawutlanýan heläkçilikdir.

Taryha ser salsak, SSSR-de sowet häkimiýeti berkarar edilen wagtyndan ýanwardaky wakalara çenli döwürde, sowet häkimiýeti tarapyndan hiç haçan we hiç ýerde öz halkyna, öz raýatlaryna garşy şolar ýaly harby agressiýaamala aşyrylmady diýip, aýtsakbolar.Hiç bir halka, hiç bir respublika we hiç bir millete garşy şolar ýaly çozuş edilmändi. Ol bize, azerbaýjan halkyna garşy edildi. Ol agressiýa, terror diňe bir SSSR-ň ýolbaşçylary tarapyndan däl, eýsem şol döwürde bir umumy pikire gulluk edip, öz halkyny ezip, ony ruhdan düşürmek ugrunda çalyşan azerbaýjan häkimiýeti bilen bilelikde sowet döwleti tarapyndan hem amala aşyrylypdy.

Ikinji jahan urşundan soň SSSR-ň hökümeti tarapyndan birnäçe ýurtlara garşy agressiýa amala aşyryldy. 1956-njy ýylda sowet goşunlary Wengriýasalynýar, sebäbi wengr halky sowet ideologiýasy bilen razylaşman, öz ýoly bilen ýöremegi isleýärdi, ony ýolundan sowup, basmak üçin Wengriýa sowet goşunlary girizilip, köp gan dökülýär. Halk agyr ýitgilere sezewar bolýar. Sowet ideologiýasy bolsa, öz häkimiýetiniberkidýär.

1968-nji ýylda Çehoslawakiýada bolup geçen wakalarol döwletiň sosialistik ýurtlaryň hataryndan çykmaklygy howpuna alyp bardy. Şondan soň SSSR-ň hökümeti Çehoslawakiýa goşun salyp, ol herekediň öňüni aldy-da, öz häkimiýetini berkitdi.

1979-njy ýylda SSSR sowet idiologiýasynyň esasynda hökümet gurmakçy bolýanlara kömek etmek maksady bilen, Owganystana uly harby bölümlerini salýar we netijede köp gan dökülýär.

Meniň bulary ýatlamagymyň sebäbi, bu ýagdaýlaryň ählisinde sowet häkimiýeti, sowet döwleti öz häkimiýetini berkarar etmek we berkitmek üçin şolar ýaly çozuşlar edýärdi.

Emma azerbaýjan halky ynha indi 70 ýyldan gowrak möhletiňdowamynda bu döwletiň düzüminde ýaşap gelýärdi, biz bu ýurduň raýatlary bolup, bu häkimiýetiň ygtyýaryndadyk. Diýmek, biziň halkymyz bu häkimiýet üçin, kommunistik häkimiýeti üçin gadyrly we eziz halk bolmalydy. Emma ol ýagdaý çaklaýşymyz ýaly bolman, belli bir manydaazerbaýjan halkyna bolan garaýşyň netijesidi. Elbetde, ol 1987-1988 ýyllarda başlan Ermenistanyň Azerbaýjana garşy agressiýasy bilen baglydyr.

1987-nji ýylyň soňunda we 1988-ýylyň başyndaErmenistandaky häkimiýet, onuň milletçi güýçleri Nagornyý Karabahy Ermenistana birikdirmek ugrunda çalyşmaga başlaýar. Şular ýaly synanyşyklar geçmişde hem bolupdy. Ýagny, 1923-nji ýyldan başlap, Azerbaýjanyň düzüminde Nagornyý Karabah awtonom welaýaty döredilenden soň, dürli wagtlarda Nagornyý Karabahy Ermenistana birikdirmek ugrundaky synanyşyklar amala aşyrylýar.Ýöne şol wagtky azerbaýjan ýolbaşçylaryň öz respublikasyny goramaga ýagdaýy bolanlygy üçinşeýlehem, sowet döwletiniň döwlet gurluşynyň üýtgedilmegi howply diýip hasap edenligi üçin ol synanyşyklaryňöňialyndy. Her niçik-de bolsa, 1987-nji ýylda, ondan has irräk bolmagy hem mümkin, Nagornyý Karabahy Azerbaýjandan aýyryp, Ermenistana birikdirmek baradaky mesele galdyrylyp başlanýar. Soňra şol ugurda hereket başlap, iki hili standart, ýagny sowet hökümetiniň we Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylarynyň Azerbaýjana we Ermenistana meňzeş bolmadyk garaýyşlary emele gelýär.

Elbetde, sowet döwletiniň heniz örän güýçli döwlet bolan wagty SSSR-ň ýolbaşçylar toparynyň islegi bolan bolsa, Azerbaýjanyň ýolbaşçylary hem öz halkyna, Watanyna we topragyna wepaly bolan bolsalar, ol ýagdaýyň öňüni alyp bilerdiler. Emma Moskwadakylar onuň öňüni almagy islemän, gaýtam ol ýagdaýy emele getirjek şertleri döredýär. Azerbaýjanyň ýolbaşçylary bolsa, hereketsiz oturýar, şeýlelikde, 1988-nji ýylyň fewralynda nagornyý-karabah wakasy ýüze çykýar. Şondan soň ermeni azerbaýjan dawasyny çözmek üçin ýolbaşçylar toparyny berkitmek bahanasy bilen, Azerbaýjanyň ýolbaşçylary çalşyrylýar. Emma täze ýolbaşçylar diňe bir emelsizligi ýa-da bolup geçýän ýagdaýdan habarsyzlygy görkezmek bilen çäklenmän, üstesine dönükligiň ýoluna hem baş goşaýarlar. Bu dönüklik - Azerbaýjanyň ýolbaşçylarynyň öz halkyna eden dönükligişeýle hem,SSSR-ň ýolbaşçylarynyň Azerbaýjana bolan parhsyz garaýyşlary,ýaramaz garaýyş diýsek hem bolar, hut şularyň netijesinde nagornyý-karabah wakasy urşa öwrülip, Azerbaýjan üçin agyr urgy bolýar.Elbetde 20-nji ýanwar bu syýasatyňbiri-birine bagly bolan hadysalar toplumynyň uly bir bölegi boldy.

Hakykatda, şol wagt biziň halkymyz öz topragyny we garaşsyzlygyny goramak üçin aýaga galýar. Sowet hökümetiniň baştutanlarynyň Azerbaýjana bolan adalatsyz garaýyşlaryşeýle hem,Azerbaýjanyň ýolbaşçylary tarapyndanöz ýerlerini, milletini we öz halkyny goramak ugrunda çäregörmänligi halkyň aýaga galmagynyň esasy sebäbi boldy. Şularyň netijesinde Azerbaýjanyň halky galyp, öz güýjini görkezýär. Halk şäher meýdançalaryna çykýar. Ähli halk köçelere çykýar.

Ähli halky jezalandyrmak üçin, ony ruhdan düşürmek bilen, Nagornyý Karabahyň meselesini Ermenistanyň peýdasyna çözmek üçin Azerbaýjana garşy hüjüm edilmelidi, ol urgy hem ýerine ýetirildi. Azerbaýjana garşy harby çozuş edilýär. Azerbaýjan fiziki urga sezewar bolýar. Azerbaýjan syýasy urga sezewar bolýar. Azerbaýjan ruhy taýdan urga sezewar bolýar. Onuň günäkärleri SSSR-ň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylarydy. Şu gün bu ýerde halka ýaýradylan resmi kagyzlarda bularyň ählisi anyk beýan edilendir.

Dabarada çykyş eden biziň hormatlanýan intelligensiýamyzyň wekilleri, şehidiň ejesi we şehidiň gyzyşeýle hem,şol gije - 20-nji ýanwarda şikes ýetenler bu ýerde ýürekden gürlediler. Aýdasym gelýän zat,şu dabaraly agşamyň başyndan başlap, häzirki wagta çenli men tolgundyryjy duýgylary başymdan geçirýärin, siziň ýagdaýyňyz hem şolar ýalydyr diýip, pikir edýärin, sebäbi bu taryhy hronikany görmek, bu elhenç wakalaryň görkezilmegi we bu ýerde çykyş edenleriň pikirleri we sözleri, bularyň ahlisiniň uly täsiri bar. Şonuň üçin men örän tolgunyp,aljyraňňylyk bilengürleýärin. Umuman, bu agşamyň birinji gezek hut şular ýaly geçirilmegi biziň öz taryhymyza, milletimize, halkymyza bolan çäksiz söýgimiziň bildirilmegidir diýip, hasap edýärin. Men şu agşamy taýýarlan we bu ýerde çykyş eden ähli adamlara minnetdarlygymy bildirýärin.

Bularyň ahlisiniň syýasy, ahlak we ruhy taýdan uly ahmiýeti bardyr.

Sebäbi, ilki bilen, biz hiç haçan öz taryhymyzy ýadymyzdan çykarmaly we ýoýmaly däldiris. Taryh, ol bolşy ýaly ýazylyp, nesilden nesile geçirilmelidir.

Pajygaly ýanwar gijesinden bäri on ýyl geçdi. Bu on ýylyň içinde Azerbaýjanda çagalar doguldy. Bu gün 10 ýaşyndaky çagalar 1990-njy ýylda dünýä indiler. Şol ýanwar gijesi şehit bolan, wepat bolan azerbaýjan raýatlarynyň sany 135-136 bardy, ýaralananlar hem köp boldy diýip, maňa habar berdiler. Emma şol gije Azerbaýjanda 500-den gowrak çaga dünýä indi. Diýmek, halk diri, millet ýaşaýar, ösýär we güýçlenýär, hiç hili agressiýa, hiç hili terror, hiç bir dönüklik hem biziň halkymyzyň ösüşini saklap bilmeýär.

Emma biz şol günleriň diri şaýatlarydyrys. 10 ýaşly çagalar bolsa, olar hakda diňe biziň kömegimiz arkaly bilerler. Hatda, 20 ýaşly ýetginjekler, mümkin şol wagt 10 ýaşyndaka, ähli zada bolşy ýaly derejede düşünip bilenem däldir. Şonuň üçin wagtyň geçmegi bilen, biz öz taryhymyzyň şöhratly we üstünlikli sahypalaryny ýatlaýşymyz ýaly, onuň pajygaly sahypalaryny hem ýatlap, nesilden nesile geçirmelidiris. Şonuň bilen birlikde, 20-nji ýanwarda bolan heläkçilik, şol bir wagtyň özünde halkyň gahrymanlygy, onuň edermenligi we agzybirligi häzirki we geljekki nesiller üçin, hemmeler üçin görelde bolmalydyr. Ählimiz bu wakany sapak edinmelidiris.

Bu ýerde görkezilen resminamalar, edilen çykyşlar we görkezilen kinoparçalar ýanwaryň 19-dan 20-sine geçilen gije we 20-21-ne Azerbaýjanyň nähili agyr ýagdaýda bolanlygyny äşgär edýär. Haçan-da Azerbaýjana, Baku ýaly şähere şonça harby bölüm, bronetehnika we tanklar salynsa, elbetde adam arkaýyn bolup bilmez, netijede, şol wagt diňe bir Baku däl,eýsem bütin Azerbaýjan hem başagaýlygy başdan geçirýär. Şol günleriňşu gün bu ýerde gözden geçirilmegi nämäni äşgär etdi? Halkyň uly ýitgilere sezewar bolsa-da, ruhdan düşüp, başyny egmänligini görkezýär. Halkyň ýolbaşçylary bolsa, şol bir ýagdaýda soňuna çenli dönükligine galýarlar.

Gel aýdaly, kimdir biriniň özüne eziz bolan adamsy aradan çykýar. Onda onuň ýakynlary, garyndaşlary, dostlary we işdeşleri patasyna gelip, onuň maşgalasy bilen matam tutýarlar. Emma bu ýagdaýda, azerbaýjan halkyna garşy çozuş edilýär, biziň halkymyz agyr ýitgilere sezewar bolýar. Millet, ähli halk ýygnanyp, bu pajyganyň sebäpkärlerine öz ýigrenjini bildirýär, şehitleri soňky ýola ugradýar. Emma Azerbaýjanyň ýolbaşçylary bu zatlara goşulman, gaçyp, gizlenýärler. Bu hakykatyň bir özi kimiň kimdigini aýdyň görkezýär.

Birnäçe deputatdan ybarat bolan toparuly kynçylyklaryň hötdesinden gelip, Ýokary sowetiniň sessiýasyny ýygnap geçirende, elmydama goşgy ýazyp, Azerbaýjanyň döredijilik sungatyny ösdürenligi sebäpli bütin ömrüniň dowamynda bir ýygnak geçirmedik adam, ýagny bu işde tejribesi bolmadyk adam,Azerbaýjanyň görnükli şahyry Bahtiýar Wagabzade hem, batyr ýürekli bolanlygy we öz halkyny söýänligi üçinşeýle hem,adamlaryň ýüzüne hemişe arkaýyn seredip bilen we hiç haçan hiç kime dönüklik etmedik adam bolanlygy üçin çetde dyrmaýar, ol hiç zatdan gorkmaýar.

Ismail Şihly pahyr we intelligensiýanyňbeýleki wekilleri hem edil şolar ýaly. Bu ýerde parçalar görkezildi. Arman, olaryň ählisi saklanmandyr. Emma biziň gören parçalarymyz doly suratda kimiň kimdigini äşgär edýär.Bahtiýar Wagabzade şahyryň, Ismail Şihly ýazyjynyň weintelligensiýanyň beýleki wekilleriniň ýa-da bolmasa Ýokary sowetiniň deputatlar toparynyň zalda ýygnanyp, meseläni ara alyp maslahatlaşyp bilmegine, emma Azerbaýjanyň ýolbaşçylarynyň bolsa, gaçyp gizlenmegine näme sebäp bolduka? Şeýlelik bilen, olar halka ýolbaşçylyk etmek hukugy ýitirýärler.

Biziň bu ýerde eşiden şol sessiýada kabul edilenkararlar we ýüzlenmeler taryhy häsiýete eýedir. Biz bu ýagdaýy çuňňur hormatlamalydyrys. Men özüm bu resminamalara şular ýaly baha berýärin. Emma birnäçe gün geçenden soň ol gaçyp, gizlenen adamlar ýaňadan Azerbaýjanyň häkimiýetiniň başyna gelende, şol resminamalaryň ählisi unudylyp, bir gapdalda goýuldy, ähli zat halkdan ýaşyryldy. Munuň aýdyň mysallary hem şu gün bu ýerde getirildi, olary gaýtalamagyň zerurlygy ýok.

Diýmek, 20-nji ýanwara çenli SSSR-iň hökümeti bilen azerbaýjan häkimiýeti bilelikde azerbaýjan halkyna garşy agressiýany amala aşyran bolsalar, soňra iki tarapam öz hereketlerini delillendirmek ugrunda çalyşýar. Moskwada ýagdaý, hamana hiç zat bolmadyk ýalydy. Azerbaýjanda-da, biri gaçyp, onuň ýerine başga biri oturýar, şeýlelikde halk ýatdan çykarylýar, ol heläkçilik hem unudulýar, ähli zat unudulyp, yzygiderli ýagdaýda bu meseläni ýatdan çykarmak ugrundaky synanyşyk amala aşyrylýar. Dönükler, ýolbaşçylyk etmek hukugyny ýitiren adamlar täzeden öz şahsy bähbitlerini halkyň, milletiň bähbitlerinden ileri tutýarlar. Bularyň ählisi taryhy hakykatdyr.

Emma biziň halkymyz batyrlygyny we edermenligini görkezenligi üçin biz bu gün buýsanyp bileris diýip, men ýaňadan gaýtalaýaryn.

Bu kinoparçalardaky şehitleriň jaýlanylşyny tolgunmasyz synlamak mümkin däl.Men Azerbaýjanda şular ýaly köp adamly we täsir ediji jaýlama heniz bolmandy diýip, pikir edýärin, biziň hemmämiz taryhy bilýäris ahyry. Şeýh-ul-Islam (Islam şyhy) Allahşükür Paşazadeniň şol wagt bitiren işleri hem, olaryň içinde onuň Gorbaçýowa iýberen ýüzlenmesiwe şu meselä bolan garaýşy, ýagny bu jenaýat işi edenlere bolan ýigrenji şeýle hem, jaýlamany alyp barmagy, bularyň ählisi uly hormata mynasypdyr. Aýdylyşy ýaly, Azerbaýjandaky häkimiýetiň ähli pudaklarynyň ýolbaşçylary gatyşman çetde durýarlar. Görýärsiňizmi, mundan uly ahlaky günä, mümkin ahlaky dönüklik hem bolup bilmez.

Her niçik-de bolsa, halk hiç zatdan gorkmady. Halk şol tanklaryň täzeden ony basyp heläk etmeginden gorkmady. Azatlyk meýdançasy, baryp Nagornyý seýilgähe çenli ähli köçeler mähelleden dolydy.

Men şol wagt Azerbaýjanda däldim. Men haýal etmän öz garaýşymy bildirdim. Siz bilýänsiňiz men şol wagt ýarawsyzdym. Ýarawsyz halda hassahanada, soňra bolsa, Moskwanyň etegindäki şypahanada reabilitasiýa döwrüni başdan geçirýärdim. Şoňa garamazdan, çagalarym bilen gelip, öz garaýşymy bildirdim. Şondan başga zat etmäge ýagdaýym ýokdy. Şol sebäpden bu gün şehitleriň jaýlanmaly ýerini dogry saýlap, olary Nagornyý seýilgähde jaýlan azerbaýjan raýatlary bolan adamlara minnetdarlygymy bildirýärin.Bu ýagdaý hem bolan dönüklige olaryňbelli bir derejede öz garaýyşlaryny bildirendiklerini görkezýär.

1918-nji ýylda ermenileriň eden gyrgynçylygy netijesinde şol ýer mazarçylyk edilip, onda adamlar jaýlandy. 1930-njy ýyllarda ol mazarçylyk ýykylýar we onuň ýerinde Nagornyý seýilgähi döredilip, Kirowyň ýadygärligi dikilýär.Şol wagt ol guburlara garşy edilen dönüklik indi ýüze çykarylyp, bu ýerde ýaňadan şehitleriň jaýlanmagy taryhyň hakykatydyr.

Men öz borjumy ýerine ýetirmek bilen, bu wakanyň başyndan 1990-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan başlap, şu wagta çenli onuň doly üstüni açmak ugrunda çalyşdym we çalyşýaryn, gelejekde hem çalyşaryn.Günäkärleri jogapkärçilige çekmek ugrunda çalyşaryn, halkyň garşysyna edilen jenaýatyň jogapkärçiliginden hiç kim gaçyp bilmez. Hatda gaçyp bilse-de, barybir taryhyň öňünde jenaýatkär bolup galar.

Göwnümde Şehidlär hiýabanyda (Şehitler seýilgähi) "Baky ot" memorialyny döretmek arzuwy hem bardy. Ol hem meniň Azerbaýjanyň Prezidenti hökmünde borçlarymyň biridi.Indi men bu borjumy berjaý edenligim sebäpli biraz ynjalyk tapýaryn, hakykatdan hem bärde aýdylyşy ýaly, ol ýer kasam we ynam edilýän ýer, iň hormatlanýan ojak boldy. Ynha indi birnäçe gün adamlaryň ýürekden we elleri gülli bu mazarlara zyýarat edip, "Baky oduň" we guburlaryň öňünde baş egmelerini synlaýarys.Gelejekde hem bu ýer biziň ýaşlarymyzyň öz halkyna, öz milletine, topragyna, Watanyna wepaly boljakdygyna kasam edýän ýeri bolar diýip, ynanýaryn. Şonuň bilen birlikde, biziň täze maşgala gurýan ýaşlarymyzyň biri-birine wepalylykda kasam edýän ýeri bolar diýip ynanýaryn.

Şol bir wagtyň özünde bu pajyga biziň ýurdumyzda uly işleriň amala aşyrylmagyna itergi boldy. Azerbaýjan öz döwlet garaşsyzlygyny gazandy. Ynha indi dokuz ýyldan bäri azerbaýjan halky öz garaşsyz döwletinde ýaşap gelýär.

Durmuşda biz köp sanly kynçylyklara we müşgillere duçar bolýarys. Ermenistanyň harby güýçleri tarapyndan biziň ýerlerimiziň basyp alynmagy we ol ýerlerden biziň raýatlarymyzyň milliondan gowragy kowulyp, çadyrlarda ýaşamagy biziň ählimize ejir çekdirýär. Olardan başga meseleler hem bar. Emma biz bu agyr we kyn döwriçekip çydaýarys we çekip-çydap geçeris. Basyp alynan ýerler boşadylar we biziň raýatlarymyz eziz ojaklaryna gaýdyp gelerler, Azerbaýjanyň özbaşdaklygy üpjün ediler, sebäbi şu wagt Azerbaýjan - garaşsyz döwlet, şonuň üçinhiç bir döwletiň Azerbaýjana garşy agressiýany başlamaga hukuk esasy ýokdur.

Biziň şehitlerimiziň hatyrasyna goýulan iň uly ýadygärlik - ol Azerbaýjanyň özbaşdaklygy, garaşsyz Azerbaýjandyr, ol hukuk demokratik dünýewi Azerbaýjan döwletidir we şu wagt onda bolup geçýän peýdaly we oňaýly ýagdaýlardyr. Biziň ähli şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty bolsun, diňe bir 20-nji ýanwaryň şehitleri däl, eýsem Watany we eziz topraklaryny goramak ugrundaky söweşlerde şehit bolan biziň ogullarymyz hem arkaýyn ýatsynlar, sebäbi olaryň arzuwlary ýerine gowuşdy - Azerbaýjan öz döwlet garaşsyzlygyny gazandy.

Bu gün men şehitleriň hatyrasynahiç kim we hiç haçan Azerbaýjanyň garaşsyzlygyna kast edip bilmejekdigine we biziň haýsydyr bir döwlete tabyn bolmajakdygymyza kasam edýärin. Azerbaýjanyň döwlet garaşsyzlygy kynçylyklara we biziň gysylmagymyza garamazdan öser we berkär. Garaşsyz demokratik Azerbaýjan, hukuk dünýewi Azerbaýjan döwleti biziň şehitlerimiziň beýik ýadygärligi bolar.

Men ýene-de bir gezek bu ýas tutulýan agşamy taýýarlanlara we şu ýerde gürlän ähli adamlara minnetdarlygymy bildirýärin. Şehitleriň ýatan ýerleri ýagty bolsun.

"Bakinskiý raboçiý" gazeti, 2000-nji ýylyň 20-nji ýanwary.