OKYJYLARA ÝÜZLENME


HORMATLY OKYJYLAR!

  TÄZE MATERIALLAR

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda azerbaýjan halkynyň milli lidery, häzirki zamanyň görnükli syýasy işgäri Geýdar Aliýewiň mirasyna bagyşlanan “Geýdar Aliýewiň Mirasy” atly Halkara elektron kitaphanasynyň işe başlanlygyna 19 ýyl boldy.

Işini 50 dilde alyp barýan kitaphanada, siz bu beýik syýasatçynyň ýüzlerçe işleri - çykyşlarynyň tekstleri, interwýulary, duşuşyklary, beýannamalary we hatlary bilen tanyşyp bilersiňiz.

Geýdar Aliýewiň işleriniň dürli dillerde çap edilmegi politologlar, ykdysadiýetçiler, žurnalistler we Azerbaýjanyň täze taryhy we ösüşi, geçmişi we geljegi bilen gyzyklanýan ähli adamlar üçin peýdaly bir zat bolup durýar. Okyjylaryň hatlary hem biziň kitaphanamyzyň olarda uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär. Ikiýüzdenem köp dünýä döwletlerinden bolan, ýüzlerçe müňler okyjylar biziň kitaphanamyz bilen tanyşdy diýip, ulaltman bellemek mümkindir. Biziň kitaphanamyzyň hemişeki okyjylarynyň hatarynda dünýäň öňde baryjy ylmy we okuw merkezleriniň, abraýly döwlet edaralarynyň, meşhur media-organlaryň, kitaphanalaryň, uly transmilli kompaniýalaryň we şulara meňzeş başga edaralaryň wekilleri bardyr.

“Geýdar Aliýewiň Mirasy” Halkara elektron kitaphanasy neşirýat işleri bilen hem meşgullanýar. Biziň dürli daşary ýurt dillerinde neşir edilen kitaplarymyzyň hatary bilen, biziň saýtymyzda tanyşyp bilersiňz.

“Geýdar Aliýewiň Mirasy” Halkara elektron kitaphanasy günde täzelenüär we baýlaşdyrylýar. Siziň kitaphana hakdaky ähli seslenmeleriňizi we teklipleriňizi iýbermegiňizi haýyş edýäris.

                                                 offise@aliyev-heritage.org

“Geýdar Aliýewiň Mirasy” Halkara elektron kitaphanasy, öz teklipleri bilen biziň saýtymyzy kämilleşdirmekde ýardam berenlere öz minnetdarlygyny bildirýär..
 

Neşirler


 Gözden geçirmek

FOTOGALEREÝA

Geýdar Aliýewiň mirasyny öwrenmek boýunça merkeziň derňew topary tarapyndan taýýarlanan täze taryhy maglumatlar: 

1. Hojalydaky pajyga – adamzadyň garşysyna edilen jenaýat